17-nji martda Halk wekilleriniň ählihytaý ýygnagynyň deputatlary Si Szinpini ýene-de bir sapar bäş ýyllyk möhlet bilen HHR-iň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlamaga biragyzdan ses berdiler. Saýlawlar Halk wekilleriniň ählihytaý ýygnagynyň 13-nji çagyryşynyň birinji mejlisiniň bäşinji umumy maslahatynda gizlin ses bermek arkaly geçirildi. Si Szinpiniň dalaşgärligini 2970 deputat biragyzdan goldady. Şeýle hem, 19-njy martda bu maslahatyň çäklerinde HHR-iň Döwlet geňeşliginiň täze düzümi tassyklandy. Maslahatda Han Çžen, Sun Çunlan, Hu Çunhua we Lýu He dagy HHR-iň Döwlet geňeşliginiň wise-premýerleri hökmünde tassyklandylar.
…
18-nji martda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde iki günlük АSEAN sammiti öz işini tamamlady. Maslahatyň baş mowzugy howpsuzlyk we ykdysadyýet ugrundaky hyzmatdaşlyk boldy. Maslahatda Awstraliýa ýakyn bäş ýylda АSEAN (Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň Assosiasiýasy) ýurtlarynyň “akylly” şäherleriniň gurluşygyny durnukly ösdürmäge 23 million dollar serişde bölüp berjekdigini mälim etdi. 2015-2016-njy maliýe ýylynda Awstraliýanyň we
АSEAN-yň umumy söwda dolanyşygy 7,1 milliard dollara barabar boldy.
…
Eýfel diňi başdaky reňkine gaýdyp geler. Bu barada Fransiýanyň “Le Parisien” saýty habar berýär. Häzire çenli Parižiň baş alamatynyň dürli ýyllarda 19 sapar reňki üýtgedilip, sary, goňur, sarymtyl-gyzyl ýaly reňklere eýe bolupdy. Häzir Fransiýanyň Medeniýet ministrligi Eýfel diňini owalbaşdaky reňkine gaýtaryp, ony gyzyla reňklmegi niýet edinýär, ýöne heniz gutarnykly karara gelinmedi.
…
Ýaponiýanyň Saýtama etrabyndan hazyna tapylyp, ol Kumagaýa şäheriniň medeni gymmatlyklar muzeýine berildi. – Bu Ýaponiýada toýun küýzä salnan şaýylyklaryň uly tapyndysydyr. Bu tapylan şaýylyklaryň mukdary boýunça hem ulusydyr – diýlip, muzeýiň beýanatynda mälim edilýär. Bu hazyna Hasuda şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykaryldy. Tapyndy XV-XVI asyrlaryň şalyklaryna degişli bolup, boýy 70 santimetr küýzeden 260 müň mis şaýylyklar çykaryldy.
…
2017–2018-nji ýyllarda Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerine daşary ýurtly 2 müň talyp kabul edilip, ol geçen ýylky bilen deňeşdirilende, has köpdür. Bu barada ýurduň Statistika edarasy habar berýär. Häzirki wagtda gruzin ýokary okuw mekdeplerinde 10 müňden gowrak talyp bilim alyp, olaryň 4 müňden gowragynyň Hindistanyň raýatlarydygy beýannamada mälim edilýär.
…
Awstraliýaly arhitektorlar Daniýanyň dizaýner studiýasy bilen birlikde, paýtagt Kopengageniň deňiz kenarynda özboluşly taslamany ýola goýdular. Taslama laýyklykda, agaçdan edilen ýüzýän “adanyň” 20 inedördül metr meýdany bolup, ol ýüzüjilere hem-de dynç almak isleýänlere niýetlenendir. Ýekeje bag ösüp oturan bu “adajykda” Güne ýanyp, balyk tutup ýa-da wagtyňy oňat geçirip bolýar. El bilen düzülip sökülýän bu “adajykdan” ýene-de 8-sini ýasap, Kopengageniň deňiz kenaryna goýbermek meýilleşdirilýär.