Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň rus edebiýaty institutynyň (Puşkin öýi) saýtynda “Rus edebiýaty” žurnalynyň 1958–2017-nji ýyllar aralygynda çykan arhiw sanlarynyň ählisi elýeterli edildi. Žurnallar “pdf” formatynda goýlup, ähli isleg bildirýänlere okamak hem-de göçürmek üçin mümkinçilik döredildi. Munuň üçin saýta bellige alynmagyň zerurlygy ýok. “Rus edebiýaty” žurnaly ýurtda ilkinji we ýeke-täk döwürleýin neşir bolup, onuň ösüşiniň ähli tapgyry rus edebiýatynyň taryhyna bagyşlanýar. Onuň ilkinji sany 1958-nji ýylyň baharynda neşir edilýär. Oňa köptaraply bilimi bolan, zehinli awtorlary hyzmatdaşlyk etmäge çekmegi başaran W.G. Bazanow ýolbaşçylyk edýär.
1968-nji ýyldan başlap, 20 ýyllap bu žurnalyň redaktory W.W. Timofeýew bolýar. 1988-nji ýyldan hem bu işi ýurtda rus nusgawy edebiýaty boýunça tanymal hünärmen N.N. Skatow dowam etdirýär. Okyjylar üçin žurnalyň sahypalarynda halk döredijiligi, gadymy rus hem-de XVIII asyryň edebiýaty, nusgawy edebi mirasy we täze döwrüň edebiýaty bilen baglanyşykly birnäçe makalalar ýerleşdirildi. Esaslandyrylan gününden bäri žurnalyň sahypalarynda ýurduň edebiýatyny öwrenmekde özboluşly ensiklopediýa bolup hyzmat eden 6 müňden gowrak iş çap edilipdir. Ýüzlerçe alymlar özleriniň dürli mowzuklardaky ylmy işleri bilen žurnalyň taryhynda öçmejek yz galdyrypdyrlar.