Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ösüşler ýolunda halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen beýik işler gün-günden uly rowaçlyklara eýe bolýar. Sanlyja ýylyň dowamynda eziz Arkadagymyzyň başda durmagynda ata Watanymyzyň at-abraýynyň barha belende göterilmegi ýurdumyzy biri-biriniň üstüni ýetirýän düýpli özgertmeleriň ýaýbaňlanýan mekany hökmünde äleme meşhur etdi.
Ýurdumyzda ýerli çig mal serişdelerine, hususan-da, gaz we nebithimiýa, himiýa senagatynyň, elktroenergetika ulgamynyň önümleri esasynda ýokary tehnologiýaly önümçiligi döretmek babatda beýik işler amal edilýär. Geosyýasy taýdan amatly ýerde ýerleşen Türkmenistan bütin dünýäde köp mukdardaky uglewodorod serişdelerine we beýleki ýerasty baýlyklaryna eýedir. Ýurdumyzyň uly mümkinçiliklere eýe bolan senagat pudaklary sanardan kändir. Himiýa senagaty şeýle pudagyň iň esasylarynyň biridir.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 24-nji martda geçirilen mejlisinde bu pudagyň zähmetkeşleriniň kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ata Watanymyzyň has-da rowaçlanmagyny üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna uly goşandynyň bardygyny belläp, himiýaçylaryň hünär baýramynyň döwlet derejesinde ilkinji gezek şu ýylda, ýagny, 31-nji martda bellenilýändiginiň çuňňur manysynyň bardygyny nygtady.
Himiýa senagatynyň ýaýraw gurluşy giňdir. Ol magdan gazyp almak senagaty ugrunyň dag himiýasy, mineral dökünleriň, organiki däl kislotalaryň we sodanyň önümçiliginiň esasy himiýasy hem-de organiki sinteziň himiýasy ýaly uly pudaklardan ybarat bolup, birnäçe önümçilikleri öz içine alýar. Şolaryň hataryna ammiak, soda, kükürt kislotasy ýaly önümçiliklerden ybarat organiki däl himiýa, akrilonitril, fenol, etilen okisi, karbamid ýaly önümçilikler – organiki himiýa, keramika – silikat önümçiligi, nebithimiýa, ýagny benzol, etilen, stirol ýaly önümçilikler, gazhimiýa, mineral dökünleriň, pestisidleriň önümçiligi bolan agrohimiýa, polietilen, bakelit, poliester ýaly önümçilikleriň polimer önümçiligi, elastomerleriň önümçiligi – rezin, neorgen, poliuretan önümçilikler, nitrogliserin, ammoniý nitraty, derman serişdeleriniň farmasewtika önümçiligi, kumarin, wanilin, kamfora ýaly parfýumeriýa we kosmetiki serişdeleriň önümçiligi girýär.
Türkmenistan gazylyp alynýan peýdaly ýerasty baýlyklaryň uly gorlaryna eýedir. Munuň özi himiýa senagaty üçin ýokary amatlykly şertleri döredýär. Geologlar tarapyndan Köýtendag sebitinde kükürdiň, fosfatlaryň, daş duzunyň, gipsiň, selestiniň, polimetallaryň, hekiň we beýleki ýerasty baýlyklaryň uly gorlarynyň bardygy anyklanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gurlup, ulanylmaga berlen Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplum Garlykdaky kaliý duzlarynyň baý ýatagyny senagat taýdan özleşdirmeklige gönükdirilen iri taslamadyr. Ol Merkezi Aziýada iň uly toplum bolup, ýurdumyzyň dag-magdan himiýasynyň ilkinji iri desgasydyr. Häzirki wagtda Hazar we Balkanabat ýod zawodlarynda öndürilýän ýokary hilli arassa tehniki ýod derman senagatynda, fotomateriallary, sintetiki kauçugy, dürli himiki reagentleri öndürmekde, elektronikada giňden peýdalanylýar.
Bu günki gün himiýa senagatyny Hazar deňziniň gündogarynda ýerleşýän Garabogaz aýlagsyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Onda Mendeleýewiň tablisasyndaky 60-dan gowrak elementiň bardygy ýüze çykaryldy. Onda, esasan-da, natriý, magniň sulfatlary hem-de magniý, kaliý hloridler, brom, ýod we başga-da birnäçe gazylyp alynýan peýdaly zatlar bar. Garabogazda bolup geçýän güýçli bugarma zerarly suw has-da ýokary derejede duzlanýar we aýlagyň düýbüne duz çökýär. Şeýlelikde, köp mukdarda himiki çig mal emele gelýär. Häzirki döwürde “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginde öndürilýän natriý sulfaty, epsomit, bişofit ýaly önümler aýna, örän berk kagyz, sintetiki ýuwujy serişdeleriň, defoliantlaryň önümçiliginde, deri eýlemekde we metallurgiýada, himiýa, dokma we gurluşyk senagatynda, oba hojalygynda giňden peýdalanylýar.
Güneşe baý türkmen topragynyň esasy tebigy baýlygynyň biri hem gazdyr. Häzirki döwürde Türkmenistanda gaz ýataklarynyň ägirt uly gorlary hasaba alyndy. Tebigy gazyň gorlary gaz himiýasyny ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyz gazyň düzümindäki maddalary gaýtadan işlemek arkaly gymmatly önümleri öndürmekde uly tejribe toplady. Bu ugry has-da ösdürmek hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty bilen şertlenendir. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işlemek senagaty hem nebit himiýasy üçin uly ähmiýete eýedir. Oba hojalygy üçin bolsa, möhüm ähmiýeti bolan mineral dökünlerini öndürmekde Marynyň we Türkmenabadyň himiýa zawodlary netijeli işleri alyp barýarlar.
Goý, gün-günden ösüşlere beslenýän ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Maral ÇAKANOWA,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.