Ýüpekçilik türkmen halkynyň gadymdan gelýän hünärleriniň biridir. Ene-mamalarymyz asyrlaryň dowamynda ýüpekçilik işiniň milli däplerini nesilden-nesle geçiripdirler. Gün nuruna öwşün atyp duran, owadan ýüpek matalaryň we halylaryň taýýarlanylyşynyň syrlaryny häzirki günlere ýetiripdirler. Ene-mamalarymyz pileden inçe süýümler alyp, el güýçleri bilen gatlap egripdirler. Olaryň ýörite ýüpek egirýän ikleri bolupdyr. Inçeden egrilen ýüpek tebigy boýag bilen boýalypdyr, soňra dokalypdyr. XVIII–XX asyrlarda güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde mata dokmaçylygy giň gerim bilen ösdürilipdir. Bu döwürde keteni, elwan, nah, biz, alaça, ýüň, ýüpek we beýleki matalar, deri we possun önümleri dokma senetçiliginde esasy orun eýeläpdir. Jahankeşde Gulibef de Blokwiliň öz ýatlamalarynda: “Türkmen zenanlarynyň jemgyýetdäki mertebesiniň örän belent bolşy ýaly, olaryň dokaýan ýüň, ýüpek, nah matalary hem iňňän ýokary hillidir” diýip, bellemegi milli senetçiligiň nepis sungat derejesine ýetirilendiginden habar berýär. Geçen asyrda öý şertlerinde dokalan dürli reňkli çäkmenlik, ýüň, begres, şeýle hem gyrmyzy keteni, sary çyzyk geçen gyzyl çepbetow, ak çyzyk geçen gyzyl alatow, gyrasaryly, kiçi tärim-öýjükli, gök-gyzyl we gyrmyzy-benewşe alaça, gyralaryndan inçe sary we goýy gök çyzyklar geçen gyzyl gije-gündiz, ýerligi gyzyl ýüpekden, argajy bolsa gök nahdan dokalan sowsany matalar meşhur bolupdyr.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ýüpekçilik pudagynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýüpek gurçugyndan alynýan pile hasylynyň mukdaryny artdyrmak boýunça işler amala aşyrylýar. Ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalary gymmatly, ýokary hilli çig mal bilen üpjün etmekde tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek möhüm ähmiýete eýedir. Tut agajynyň ýapraklary ýüpek gurçuklarynyň esasy iýmiti bolup durýar. Ýöriteleşdirilen ekin meýdanlarynda, şeýle hem daýhan birleşikleriniň ençemesinde her ýyl tut agaçlarynyň müňlerçe nahallary ekilýär. Ekerançylyk ýerleriniň gyrasynda tut agaçlarynyň ekilmegi pagtany, beýleki oba hojalyk ekinlerini epgekli ýelden goraýar. Bu agaç suwaryş kanallarynyň kenarlarynyň berkleşmegine we daşky gurşawyň ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine hem ýardam berýär.
Ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyny has-da ösdürmek boýunça işler maksatnamalaýyn alnyp barylýar. Häzir türkmen ýüpegi dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önüme öwrüldi. Daşary ýurtly we türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda gurlan kärhanalar, hususan-da, ýüpek kelepleýji fabrik, panbarhat öndürýän fabrik döwrebap ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilendir. Döwlet Baştutanymyzyň dokma pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda ýokary hilli türkmen ýüpeginiň görnüşleri we öndürilýän möçberi durnukly artýar, şol sanda daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň harytlarynyň ornuny tutýan taýýar önümleriň täze görnüşleri taýýarlanylýar. Pudak üçin ýüpek gurçugynyň tohumynyň zerur bolan möçberini öndürmek maksady bilen, 2015-nji ýylda Lebap welaýatynyň “Welaýatýüpek” önümçilik birleşiginiň binýadynda bir ýylda 500 kilogram ýüpek gurçugynyň tohumyny öndürýän täze zawod guruldy. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenýüpek” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan öndürilýän önümleri içerki sarp edijilere ýetirilýär hem-de daşary ýurtlara ugradylýar.
Hormatly Prezidentimiz milli däpleri dowam edip hem-de önümçilikde öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanyp, ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek, ony häzirki zaman senagat derejesine çykarmak boýunça yzygiderli çäreler geçirmegiň wajypdygyny nygtap belleýär. Oba ilatynyň ýüpekçilige bolan gyzyklanmasy ýylsaýyn artýar.
Dokma senagatynyň döwrebaplaşdyrylmagyna ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi netijesinde, bu pudagyň önümçilik kuwwatlygy barha artýar. Bu kärhanalar kuwwatly dokma senagaty bolan döwlet hökmünde ornuny berkidýän hem-de dünýä bazarynda mynasyp orny eýeleýän ýurdumyzyň mümkinçiligini aýdyň görkezýär. Iň oňat inženerçilik çözgütleri esasynda hem-de tehnikanyň iň täze gazananlary bilen enjamlaşdyrylan, pudagyň soňky ýyllarda bina edilen onlarça täze kärhanalary munuň aýdyň mysalydyr.
Aşgabadyň dokma toplumynda sebitde ilkinji gezek uly möçberlerde aňrybaş önümiň – pagta süýüminden we poliesterden garyşyk ýüplüginiň hem-de garyşyk reňkli dürli matalaryň, şeýle-de nah matalaryň önümçiligi ýola goýuldy. 2013-nji ýylda täze önümçilik hataryny açyp we şol birwagtda ýokary hilli nah matalardan we tüýjümek önümlerden öý dokma önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy.
Bu yzygiderli önümçiligiň tamamlanan tapgyry bolan täsin kärhanalar bolup, öz gurluşy we taýýarlanyş tehnologiýasy boýunça bir wagtda eksporta niýetlenen dürli önümleri çykarmaga ukyplydyr. Dokma toplumynyň her biriniň ýanynda hereket edýän tejribe bölümleriniň binýadynda çeperçilik we bezeg taýdan milli däplere döredijilikli üns bermek arkaly modelirlemegiň we gözellik döretmegiň milli mekdebi üstünlikli ösdürilýär. Nah ýüplük, matalar, taýýar tikin we trikotaž önümleri, çagalar we ulular üçin jinsi lybaslaryň giň görnüşleri, ýüpek ýüplük we sapaklar, panbarhat, milli keteni matalary we elde dokalan täsin ýüpek halylar ýurdumyzyň dokma pudagynyň kärhanalarynda öndürilýän uly islegli harytlardyr.
Biz milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, täze önümçilik pudaklaryny döretmekde uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň ähli başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Leýla ERGEŞOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.