Dünýä medeniýetiniň altyn ojagy hasaplanan türkmen topragy Ýer togalagynda aýratyn yz goýan Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşipdir. Merkez hemişe medeniýetleriň, söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ojagy bolup durýar. Muny gojaman taryh hemişe subut edip gelýär. Hormatly Prezidentimiz nusgawy häsiýete eýe bolan “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda asyrlara şaýat bolup oturan taryhy ýadygärliklerimiz, älem-jahanda beýik ykrarnama eýe bolan milli nusgalarymyz hakynda gymmatly maglumatlary beýan edýär.
Mälim bolşy ýaly, bize merdana pederlerimizden milli gymmatlyklarymyzyň müňlerçesi miras galypdyr. Şeýle milli gymmatlyklaryň içinde asyrlara şaýat ýadygärlikler aýratyn orny eýeleýär. Heňňamlaryň ýel-ýagmyryny başdan geçirendigine garamazdan, köp babatda durkuny saklap galan ýadygärliklerimiz her birimiziň milli guwanjymyzdyr. Ýöne munuň bilen bir hatarda, ylmy esasda öwrenilmegine garaşýan, heniz syrlary açylmadyk taryhy ýadygärliklerimiz hem Diýarymyzda sanardan köp. Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý, Maşady-Misserian, Amul, Zemm, mahlasy haýsy bir welaýatymyzy alsaň-da olarda taryhyň yzlaryny, merdana ata-babalarymyzyň gadamynyň düşen ýerlerinde dörän taryhyň möhürini görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 24-nji martynda geçirilen mejlisinde dürli ugurlar bilen bir hatarda, milletimiziň taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak, düýpli öwrenmek we giňden wagyz etmek boýunça işleriň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny ýörite belläp geçdi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde bu ugurda arheologiýa barlaglaryny geçirmek möhümdir. Çünki, gadymy Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen topragymyz özünde entek üsti açylmadyk taryhyň köp-köp syrlaryny saklaýar, ony açmak bilen bolsa, Türkmenistan tutuş dünýäniň ünsüni özüniň baý taryhyna hem-de medeniýetine çeker.
Dünýäniň gadymy topragy bolan Türkmenistan ähli döwürlerde hem dünýä alymlaryny, arheologlaryny we taryhy mirasy öwrenijileri gyzyklandyryp gelipdir. Arheologlar W.Massonyň, G.A.Pugaçenkowanyň, I.Ý.Ýelkowiçiň, W.Sarianidiniň, N.Dubowanyň we ýene-de ençeme tejribeli taryhçylaryň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alyp baran gazuw-agtaryş işlerini ýatlalyň! Olar uly tejribäni we yhlasy talap edýän bu işi yzygiderli alyp barmak bilen, set-müňlerçe gymmatlyklary ýüze çykardylar. Ol gymmatlyklaryň ençemesi häzirki döwürde paýtagtymyzyň muzeýlerini hem-de welaýatlarymyzda döredilen Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerini bezeýär. Şeýle gymmatlyklar ata-babalarymyzyň durmuş tejribesiniň uly bolandygyny, her bir ugur babatda nesillere gymmatly mirasy goýmagy başarandygyny görkezýär.
Taryhyň sahypalary dünýä alymlary çogly türkmen topragynyň haýsy künjegine barsalar-da, taryhy ýadygärliklere haýran galyjylyk bilen nazar salandyklaryny beýan edýär. Belki, hiç bir ýurtda-da, türkmen topragyndaky ýaly belentden-belent, berdaşly, gaýym, uzak menzillerden görnüp duran ýadygärlikler köp bolan däldir. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyndaky XIII asyr arap taryhçysy Ýakudyň pikirlerine salgylanmak arkaly, öz garaýşymyzy berkitmek isleýäris.
Soltan Sanjaryň aramgähiniň uruşlaryň zarbalaryna döz gelen binasynyň Merwe barýan ýolda alysdan, gümmeziniň bir günlük kerwen ýoldan, ýagny 30 kilometr ýoldan görünýändigini arap taryhçysy belläpdir. Arap taryhçysy Ýakut al-Hamawy bolsa, gadymy Daşoguz topragy hakynda söz açyp: “Horezm ýaly gülläp ösen ýeri dünýäniň hiç bir ýerinde görmedim” diýip ýazypdyr. Şeýle maglumatlar bilen “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyň “Jeýhunyň ýakasy”, “Sarahs bilen Änewiň aralygynda”, “Nusaýdan Dehistana çenli” bölümlerinde hem tanyşmak mümkin.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýokarda ady agzalan mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hünärmenleriniň dünýäniň iri muzeýleri we ylmy merkezleri bilen özara gatnaşyk etmekde oňyn tejribe toplandyklaryny belledi. Şeýlelikde, alymlaryň we hünärmenleriň bilelikdäki ylmy-barlag işleriniň özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmek, milli taryhymyzy we medeniýetimizi döwrebap esasda öwrenmek üçin giň mümkinçilikler açjakdygyna ynam bildirdi.
Sözümizi Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyndaky jümleler bilen tamamlamagy makul bildik: “Üçünji müňýyllygyň başynda Beýik Ýüpek ýolunyň galdyran mirasyna dünýä guwanýar hem buýsanýar. Çünki ençeme halklaryň ata-babalary bu halkara söwda ýoluny ezizlediler, mähir siňdirdiler, goradylar, mukaddes sakladylar, işjeň hereket etmegi üçin ähli şertleri döretdiler. Şanly taryha guwanç bu günki gün geljekki ösüşlere ruhlandyrýar”.
Biz ýurdumyzyň tejribeli taryhçylarynyň şeýle belent ruh bilen taryhyň syrlaryny açmak üçin geljekde arheologiýa işlerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine berk ynanýarys.
Annagözel NURYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň uly mugallymy.