Köp ýyllardan soňra ýene-de Beýik Ýüpek ýoly ýurtlary, sebitleri, halklary birleşdiriji bir güýç hökmünde öňe çykdy. Ýöne bu gezek onuň derejesi has tapawutly boldy. Bu ugurda tehnologiýa hem-de intellektual ösüşler we özgerişlikler gazanyldy. Ýüzlerçe ýyl mundan ozalky üsti harytdan doly hatar-hatar kerwen geçen ýollarda häzir hem harytlar hem-de tehnologiýalar hereket edýär. Ine, şu işjeň hereket ulgamynda Türkmenistana hem möhüm orun degişlidir. Hut şonuň üçin hem 2018-nji ýyl “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiz Türkmenistany Ýewraziýanyň, galyberse-de tutuş dünýäniň iri logistika merkezine öwürmekde uly işleri alyp barýar hem-de halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň halkara ulag başlangyçlarynyň netijesinde BMG-niň howandarlygynda 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahaty geçirildi. Maslahatyň netijeleri boýunça möhüm resminama hökmünde Aşgabat Beýannamasy kabul edildi. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam berjek ýene-de bir halkara ulag forumyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda şu ýylyň 6-njy aprelinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi. Şu ýylyň maý aýynyň başlarynda geçiriljek forumyň çäklerinde ulag we logistika ulgamlarynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, hususan-da, portlaryň, şeýle hem syýahatçylygyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, maýa goýum işini höweslendirmek arkaly gatnaşyklary ösdürmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşmagyň göz öňünde tutulmagy ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan ulag-kommunikasiýa ulgamyndaky işlere uly itergi berer. Şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agza ýurtlarynyň ulag ministrleriniň nobatdaky IX mejlisini geçirmek baradaky teklibi beýan etdi. Bu forum hem ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin örän netijeli maslahatlaryň birine öwrüler.
Mahlasy, Türkmenistan sebitiň esasy halkara hyzmatdaşlygynyň ara alnyp maslahatlaşylýan ýerine öwrülýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Ýewraziýa yklymynda birnäçe ulag-aragatnaşyk geçelgelerini döretmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Mundan başga-da, ýurdumyzda-da bu ugurda iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu port Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag gatnawlaryny baglanyşdyryjy merkez bolar.
Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portuny gurmak baradaky taslamanyň amala aşyrylmagy 2500-den gowrak iş orunlarynyň döredilmegini üpjün eder. Täze portuň her ýyldaky geçirijilik ukyby 17-18 million tonna deňdir. Ozal hereket edýän port bilen hasaba alanymyzda, bu görkeziji 25-26 million tonna deň bolar. Täze Halkara deňiz portunyň taslamasynyň çäklerinde parom, ýolagçy we ýük terminallary guruldy. Mundan başga-da, polipropilen terminaly hem-de gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodlary toplumyň çäginde hyzmat eder. Halkara parom we ýolagçy porty bir ýylda 300 müň ýolagça hem-de 75 müň treýlere hyzmat eder.
Merkezi Aziýa sebitiniň esasy “deňiz derwezesiniň” wezipesini ýerine ýetirjek bu Halkara deňiz portunyň işe girizilmegi bilen Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Aziýa we Ýuwaş ummany ýurtlaryndan Türkmenbaşa gelýän ýükleri soňra Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň portlarynyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna ugratmaga uly mümkinçilikler açylar. Täze deňiz menzili senagat we ulag düzüminiň ösdürilmegine, maýa goýumlaryň çekilmegine itergi berer, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gelýän syýahatçylaryň artmagyna ýardam berer.
Häzirki wagtda Türkmenistan täze sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini emele getirmegiň möhüm halkasy bolup çykyş edýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda işlenip taýýarlanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän ulag ulgamynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna we toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen uzak möhletleýin milli maksatnamalar munuň aýdyň subutnamalarydyr. Her ýylda 10-12 million tonna ýük daşamaga ukyply Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň ulanmaga berlip, bu ugurda Hytaýdan Eýrana çenli birnäçe gezek ýük konteýnerleriniň hereket etmegi, Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyry bolan Kerki-Ymamnazar-Akina ýolunyň açylmagy, Serhetabat-Turgundy polat ýolunyň döwrebap derejä ýetirilmegi, ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ösüş ýolundadygynyň subutnamalarydyr.
Halkara başlangyçlary bilen ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny has-da belende galdyrýan, ähli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlygyň berk binýadyny düzýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, alyp barýan döwlet işleriniň mydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Ogulnäzik HAPISOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.