Milli Liderimiziň başda durmagynda ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn we uzak möhletleýin, geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, täze, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, mahlasy, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.
Ýurdumyzda her ýylda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen dürli, saýaly we miweli agaç nahallaryny ekmek işi asylly däbe öwrüldi. Berkarar döwletimizi bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Aşgabat şäheriniň töwereginde we welaýatlarda bag nahallaryny ekmek işleri yzygiderli dowam etdirilýär. Şeýle hem gurulýan, durky täzelenýän demir we gara ýollary, beýleki durmuş ähmiýetli desgalary çäge syramagyndan goramak boýunça süýşýän çägeleri berkitmek hem-de tokaýlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Täze döredilýän ýaşaýyş toplumlarynda seýilgähler döredilýär. Ekologiýa, baglary, gülleri ekmek, olaryň binagärlik çözgütleri bilen sazlaşykly utgaşmagyny gazanmak şu günüň şäher gurluşygynyň baş maksatlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistan geografik taýdan örän amatly ýerde ýerleşýär. Paýtagtymyzyň täsin ymaratlaryny, desgalaryny we şäherimizdäki tebigy ýadygärlikleri gören daşary ýurtly jahankeşdeler, syýahatçylar haýran galýarlar. Aşgabat şäheri döräli bäri onda köp sanly dürli-dürli agaçlar ekilipdir. Olara paýtagtymyzyň çägindäki dürli ýaşly agaçlar, Gökderedäki çynarlar, dub agaçlary we ýurdumyzyň beýleki ýerlerindäki tebigy ýadygärlikler degişlidir. Tebigy ýadygärlikler 2-3 asyra golaý mundan ozal ekilen gojaman agaçlardyr ýa-da asyrlaryň şaýady bolup gelýän, ýüzlerçe ýyllap oturan tebigy ösýän agaçlardyr. Bu babatda 1000 ýaşly türkmen arçalaryny mysal getirmek bolar. Edebiýat çeşmelerinde dub agajynyň müň ýyldan gowrak ýaşaýandygy barada maglumatlar bar. Gökderede döredilen dub tokaýjygy täsin botanik tebigy ýadygärliklere degişlidir.
Dünýäde örän ähmiýetli gymmatlyklar bolup, olaryň dürli-dürli toparlary bardyr. Soňky wagtlarda aýratyn alamatly bolan “ekologik bazar” ýa-da daşky ýaşaýyş gurşawyny gowulandyrýan tebigy baýlyk gorlaryny tygşytly ulanmakda mümkinçilikleri döredýän ekologik hyzmatlar uly islege eýe bolýar. Ekologiýanyň gazananlaryny ilatyň abadan durmuşynyň hyzmatynda goýmak bilen bir hatarda, ykdysady girdejiler almak ugry häzirki döwürde depginli ösýär. Ýaşaýyş gurşawyna gözegçiligi amala aşyrýan, kärhanalardan çykarylýan hapalanan howany arassalaýan, jaýlaryň howasyny sowadýan we kadalaşdyrýan “ekologiki” tehnika diýlip atlandyrylýan abzallary, enjamlary, esbaplary, gurallary öndürmek we desgalary gurmak barha giň gerime, islegli ugra öwrülýär.
Galyndy tebigy we material baýlyklaryň ulanylmagy hem giňden ýaýbaňlanýar. Senagatyň we oba hojalygynyň galyndylary hem giňden ulanylyp başlandy. Ýaşaýyş üçin gurluşykdan başlap, azyk önümlerini öndürmäge çenli geçirilýän giň möçberli çäreler ilat sanynyň yzygiderli köpelmegine hem öz täsirini ýetirýär.
Şäher ilatynyň durmuşynda seýilgähleriň oňyn täsiri uludyr. Bu günki günde ajaýyp seýilgähler we ýaşyl gurşaw Aşgabadyň şäher gurluşygynyň möhüm aýratynlygyna öwrüldi. “Arkadag” seýilgähi paýtagtymyzyň ajaýyp şäher gurluşyk keşbiniň göwher gaşyna öwrülip, ýaşaýjylaryň we myhmanlaryň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. “Aşgabat” seýilgähiniň düzümi has giňeldildi. Şäheriň merkezindäki Türkmenbaşy şaýolundan Alyşir Nowaýy köçesine çenli uzap gidýän ýaşyl seýilgähiň durky düýpli abatlandy. Şu ýerde gürrüňini edýän seýilgähimiz barada käbir sanlary dykgatyňyza ýetirmek isleýäris. Seýilgähiň umumy meýdany 170 müň inedördül metre golaý bolup, onuňam 86 müň inedördül metrden gowragyny ýaşyl zolaklar eýeleýär. Seýilgähiň durkunyň düýpli täzelenmeginiň bu künjegiň esasy “ýaşyl” düzüm bitewiligini bozmandygyny bellemek gerek. Taslamany düzüjiler we gurluşykçylar aşgabatlylaryň birnäçe nesliniň ýaşaýyş-durmuşynyň şaýady bolan seýilgähiň baý taryhyna aýawly garadylar. Saklanyp galan 1225 sany bagdan başga-da, ýene-de 5 müň 700 düýp täze nahal oturdyldy. Ozal bar bolan 7 müň sany gyrymsy bezeg ösümlikleriniň üsti ýene 200 müňden gowrak dürli görnüşli bezeg ösümlikleri bilen dolduryldy.
Bu sanlar bize halkymyzyň ozal bar bolan tebigy gymmatlyklarynyň gadyryny bilmek bilen, olaryň üstüni täzeleri bilen ýetirip bilýändiginden, şeýdibem gözel paýtagtyny öňküden-de ezizleýändiginden mysaldyr.
Tokaýlaryň daşky sesleri peseltmekde-de ähmiýeti uludyr. Baglaryň ýaprakly görnüşleri 25 göterime çenli sesleri özlerine siňdirip bilýär. Ýurdumyzyň ilatly ýerlerine ekilýän agaçlar daş-töweregi bezemekde, sanitar-gigiýena, estetiki tarapdan hem aýratyn ähmiýete eýedir. Olar şäherleri we obalary bezemek bilen daş-töweregimizi abadanlaşdyrýar we adamlarda tebigy gözellige bolan duýgyny oýarýar.
Zybagözel Garaýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.