Dünýäde iň gadymy halklaryň biri bolan türkmen halkynyň şöhratly taryhy bar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde howalanyp oturan taryhy ýadygärlikler asyrlaryň wakalaryny özünde jemläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nurana güneşiniň astynda nur saçyp otyr. Milli medeni we taryhy mirasymyzyň howandary hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, milli gymmatlyklarymyz dünýäniň ünsüni özüne çekýär.
Hormatly Prezidentimiz özüniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda türkmen arhitektorlary tarapyndan bina edilen şeýle ýadygärlikler, olar bilen baglanyşykly dilden-dile geçip gelen rowaýatlar hakynda giňişleýin hem gyzykly gürrüň berýär.
Milli Liderimiz kitabynyň “Daşogzuň gadymy topragynda” atly bölüminde gadymy Daşoguzyň taryhy ýadygärlikleri we ol ýerde şan-şöhraty bilen tanalan beýik şahsyýetleriň birnäçesi hakynda söhbet açýar. Kitapda: “Biziň halkymyzyň dini ynanjy bilen ýene bir ýadygärlik – Nejmeddin Kubranyň aramgähi hem jebis baglanyşyklydyr. Horezmiň iň belli şyhynyň mazarynyň üstüne ýadygärlik galdyrylyşy hakynda il arasynda iki sany rowaýat aýdylýar” diýip, hormatly Prezidentimiz okyjyny halk rowaýatlarynyň jümmüşine alyp gidýär. Gündogaryň görnükli alymy, ylymda, çeper döredijilikde öçmejek yz goýan, sopuçylyk taglymatyny esaslandyranlaryň biri Nejmeddin Kubra 1145-nji ýylda gadymy Wasyň Haýweki obasynda dünýä inipdir. Onuň hakyky ady Ahmet ibn Omar Abduljennap Nejmeddin Kubra al-Horezmi al-Hywaky al-Gürgençdir.
Nejmeddin Kubra ýaş mahaly ýatkeşligi we çuňňur düşünjeliligi bilen deň-duşlaryndan saýlanypdyr. Ol her bir meseläniň aýdyň çözgüdini tapyp bilipdir. Ol 17 ýaşy dolanda bilimini çuňlaşdyrmak maksady bilen Müsüre baryp, asly eýranly Rebbihan Wassana Misri diýen şyha şägirt bolýar. Soňra bolsa, Eýranyň Töwriz şäherinde görnükli alymlardan tälim alypdyr.
Beýik pir sufizmiň “Kubrawiýe-Zehebiýe” diýlip atlandyrylýan ýolunyň halypasydyr. Alymyň Şeýh-ül-Ymam, Zahid-ül-Kebir we Şeýh Horezm diýen ýaly lakamlary bolsa-da, ol Nejmeddin Kubra ady bilen giňden tanalypdyr. Nejmeddin Kubra 40 ýaşynda dogduk mekanyna dolanyp, Horezmiň şol wagtky paýtagty bolan Ürgençde sufizm ylmy bilen has içgin meşgullanyp ugrapdyr.
Nejmeddin Kubra bütin ömrüni adamlaryň halal we päk ýoldan ýöräp, ýagşy işleri amal etmeklerine bagyşlapdyr. Beýik alym bu ugra bagyşlap, sekiz eser we ýüzlerçe rubagy döredipdir. Onuň “Syrat al-abat” diýen kitaby şu günlere çenli Gündogar edebiýatynyň guwanjy bolup gelýär. Ol hemişe päk göwünli halky bilen bir howadan dem alypdyr. Halkyň şatlygy, gaýgysy onuň ýüreginde saklanypdyr. Horezme Çingiz hanyň atlylary hüjüm edeninde, Nejmeddin Kubra Watan ugrunda jeňe goşulypdyr we şehit bolupdyr.
Beýik alymyň ömri we döredijiligi hakynda esasy iş eden Gündogary öwreniji alym Ý. Bertelsdir. Onuň “Nejmeddin Kubra hakdaky roman” atly işi beýik alymyň geçen durmuş ýoly hakynda ygtybarly çeşme bolup durýar. Edebiýatçy alym Nazar Halymowyň “Gadymy Ürgenje syýahat” atly işi hem bu ugurda edilen işleriň hatarynda ýatlanyp geçilmegine mynasypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda belleýşi ýaly, Nejmeddin Kubranyň aramgähi Köneürgençdäki “Üç ýüz altmyş” ýadygärlikler toplumynda ýerleşýär. Bu zyýaratgäh dürli döwürlerde üstüne galdyrylan gümmeziniň milli binagärlik aýratynlygy, berkligi, bezegi bilen dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekip gelipdir. 1851-nji ýylda eýranly alym Ryzykuly Han bu ýere zyýarat edip, ol ýerde özbaşyna bir howlynyň bolandygyny ylmy ýazgylarynda belläp geçipdir. Alymlar Nejmeddin Kubranyň üstüne galdyrylan ymaratyň gurlan wagtynyň 1560-1570-nji ýyllara gabat gelýändigini ylmy esasda kesgitleýärler.
Beýik akyldaryň aramgähine 1928-nji ýylda rus taryhçysy G.Kostin hem zyýarat edipdir. Ol “Gündogar binalary” diýen ylmy işinde aramgähiň üstündäki arapça ýazylan ýazgylary okandygyny belläpdir.
Türkmen nusgalyk edebiýatynyň görnükli wekili Nurmuhammet Andalyp bir şygrynda:
Ol şyh Kubra etdi şahadat meýin noş
– diýmek bilen beýik şahsyýetiň söweşde gurban bolandygyny beýan edipdir.
Milli Liderimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tutuş dört sahypasy dana akyldar Nejmeddin Kubra bagyşlanýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen paýtagtymyzyň “Ylham” seýilgähinde beýik danalaryň hatarynda dana akyldaryň heýkeliniň hem bina edilmegi kalplarymyzda ata-babalarymyzyň danalygyna bolan buýsançly duýgulary oýarýar.
Mergen HANGELDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.