Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde teatr sungatyna berilýän üns has-da güýçlendirildi. Teatr işgärleri üçin täze döwrebap, ähli amatlyklary bolan köşk ýaly teatrlar gurlup, ulanylmaga berildi. Teatr işgärleri hem hormatly Prezidentimiziň özleri barada edýän kömek goldawlaryna jogap edip, halk köpçüligini, teatr muşdaklaryny, täze-täze ilhalar döwrebap eserleri sahnalaşdyryp begendirip durýarlar. Muňa Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda, şeýle hem Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda täze spektakllaryň halk köpçüligine hödürlenendigi aýdyň şaýatlyk edýär.
Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň döredijilik topary dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň pýesasy esasynda ýaş zehinli režissýor Eziz Işangulyýewiň sahnalaşdyran “Perwana” atly täze spektakly bilen öz muşdaklaryny begendirdiler. Spektaklyň wakasy çarwadar Çekili aganyň maşgalasynda bolup geçýär. Onuň ogly Balkan ýigit çykansoň, paýtagta gaýdýar. Ol şäherde Oraz atly alym adama sataşyp, onuň maslahat bermegi bilen harby instituta okuwa girýär. Balkan, Oraz aganyň gyzy Sona aşyk bolup, spektaklyň ahyrynda Balkan bilen Sona durmuş toýuny tutýarlar. Bu eseriň üsti bilen awtor häzirki ýaşlarymyza Watanyna, iline-gününe wepaly bolmalydygyny, durmuşda her bir adamyň öz ornuny tapmagy başarmalydygyny ündeýär. Şeýle-de eserde dost-doganlyk, agzybirlik, goňşy-golam bilen agzybirlikde ýaşamak, kitap okamagyň adamyň aňyna ýetirýän täsiri barada durlup geçilýär. Spektaklyň üsti bilen gözel tebigatymyzyň, ajaýyp Awazanyň hem waspy ýetirilýär. Spektaklda Türkmenistanyň halk artisti Baýram Kerimow, Türkmenistanyň at gazanan artistleri — Oguljan Nyýazberdiýewa, Aşyr Işangulyýew, Aşyr Ýemşikow, Döwran Hojageldiýew, Azat Didarow, Aýnabat Öwezmämmedowa, Dilşat Meläýewa dagy keşpleri ussatlarça döretmegi başarypdyrlar.
Spektaklda artistleriň saýlanyp alnyşy, sahnanyň bezelişi, saz-bezeg işleri hem göwnejaý ýerine ýetirilipdir. Has takygy, sahnany bezän suratkeş Maksat Amangylyjow, sahnanyň suratkeşi Akmämmet Garajaýew spektaklyň şowly we üstünlikli çykmagy üçin özleriniň zehin-ussatlyklaryny siňdiripdirler.
* * *
Ýurdumyzyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň döredijilik topary-da tatar dramaturgy Zaki Zaýnuliniň pýesasy esasynda ýaş zehinli režissýor Arslan Berdiýewyň sahnalaşdyran “Alty gelin” atly drama eserini halk köpçüligine ýetirdi. Spektaklyň wakasy Amur obasynda geçýär. Bu obadan 6 sany gelin agyz birikdirip, Watany goramaga giden ýanýoldaşlaryna garaşyp oturmaga takat etmän, olaryň yzlaryndan gidýärler. Olaryň gitmeklerine Çalyk başlyk garşy çykýar. Emma zenanlara ýagdaýy düşündirip bilmejekdigine göz ýetiren Çalyga, olara ak ýol arzuw edäýmekden başga çykalga galmaýar. Awtor bu eseriň üsti bilen adamkärçiligiň oňat sypatlaryny, dost-doganlygy, agzybirligi, maşgalaňa wepalylygy öňe sürýär.
Spektaklda halypa artistler bilen bir hatarda, ýaş zehinler hem çykyş edýär. Türkmenistanyň halk artistleri Öwez Gelenow, Aman Sapardurdyýew, Türkmenistanyň at gazanan artistleri — Gerek Hojamämmedowa, Akmyrat Arçykow, Öwez Hudaýgulyýew, Akmyrat Esenow, Mamagül Durdyýewa, Sülgün Täşliýewa, Oguljan Bekiýewa, Gülşat Meňliýewa, Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýeleri — Ogulsenem Durdyýewa, Jemal Agamyradowa, artistler Tirkiş Kowusow, Çaryýar Annamyradow, Wepa Hommatberdiýew, Tyllagözel Hydyrowa dagy özlerine ynanylan keşpleri ussatlarça janlandyrmagy we teatr muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolmagy başarýarlar. Pýesany türkmen diline terjime eden — Bagtyýar Abaýew. Türkmenistanyň at gazanan artisti, teatryň baş ýolbaşçysy Handurdy Berdiýew spektakla çeper ýolbaşçylyk edýär. Spektaklyň sahna bezegini ýaş zehinli suratkeş Mekan Annamyradow, saz bezegini-de Mämmet Hydyrow ýerine ýetirýär. “Alty gelin” dramasyny döreden topary mähirli gutlap, olara geljekde-de şular ýaly ilhalar spektakllar bilen öz muşdaklaryny begendirip durmaklaryny arzuw edýäris.
Akmyrat Hojaberdiýew,
Teatr sungatyny öwreniji.