Kä­bir jan­dar­la­ryň be­den gur­lu­şy yl­ga­mak üçin örän oňaý­ly bo­lup, ola­ryň ýyn­dam­ly­gy ýo­ka­ry tiz­lik­li ulag­lar bi­len bäs­le­şip bil­jek de­re­je­dedir. Ýyn­dam jan­dar­la­ryň kö­pü­si suw­da, kä­si gu­ry ýer­de ýa­şa­ýar. Em­ma guş­la­ryň ara­syn­da ýyn­dam­la­ry has köp­dür. Kä­bir guş­lar öz awu­na ta­rap ok­du­ry­la­nyn­da, kä­bir­le­ri bol­sa, uzak ara­ly­ga tiz uç­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ge­liň, te­bi­gat­da­ky ýyn­dam jan­dar­la­ryň kä­bir­le­ri bi­len ta­nşa­lyň!

1. Al­gyr: aw­çy guş­la­ryň bu gör­nü­şi ýo­kar­dan aşak­ly­gy­na awu­na ta­rap ok­du­ry­la­nyn­da, tiz­li­gi sa­gat­da­ 322 km-e ýet­ýär. Al­gy­ryň ada­ty wagt­da­ky uçu­şy­nyň tiz­li­gi sa­gat­da 90 km-e deň­dir.
2. Iň­ňe guý­ruk­ly uzyn­ga­nat: be­den gur­lu­şy ulu­rak gar­la­wa­ja meň­ze­ýän bu guş­la­ryň tiz­li­gi 171 km/s.
3. Fre­gat: de­ňiz ke­nar­la­ryn­dan uzak ara­ly­ga bir­nä­çe hep­de­läp dy­nuw­syz uçup bil­ýän bu guş­la­ryň tiz­li­gi 153 km/s. Beý­le çalt uç­ma­gy­na gu­şuň giň ga­nat­la­ry müm­kin­çi­lik ber­ýär.
4. Meý­dan ör­de­gi: Af­ri­ka­da Sa­ha­ra çö­lü­niň gü­nor­ta­syn­da köl­le­re we de­ňiz ke­na­ry­na go­laý ýer­ler­de ýa­şa­ýan guşuň bu gör­nü­şi dün­ýä­de ör­dek­ler maş­ga­la­syn­yň iň uly wekili ha­sap­lan­ýar. Onuň sa­gat­da­ky tiz­li­gi 142 km-e ýet­ýär.
5. Ge­çi­gap­laň: iň ýyn­dam jan­dar diý­len­de, aky­ly­ňa il­ki gel­ýän pişikleriň bu görnüşi bilen gu­ry ýer­de yl­ga­mak­da ýa­ry­şyp bil­jek baş­ga jan­dar ýok. Ol örän gys­ga wagt­da özü­niň iň ýo­ka­ry tiz­li­gi­ne ýe­tip bil­ýär. Sa­gat­da 113 km bi­len he­re­ket ed­ýän bu jan­dar­lar örän çalt ýa­da­ýar­lar. Şol se­bäp­li ke­ýik­dir beý­le­ki jan­dar­la­ra to­pu­lan ba­dy­na tu­tup bil­me­se, onuň yzyn­dan ýe­tip bil­me­ýär.
6. Ýel­ken­li ba­lyk: Ýer ýü­zün­de so­wuk suw­ly de­ňiz­le­riň äh­li­sin­de ýa­şa­ýan bu jan­da­ryň ar­ka­syn­da­ky torçlar edil ýel­ken­li gä­mi­le­ri ýa­da sal­ýar. Çy­byk ýa­ly uzyn burunly bu ba­lyk­lar sa­gat­da 110 km bi­len ýü­züp bil­ýär. Bir ýa­şy­na ýe­ten­de 1,5 met­re çen­li ös­ýän ba­lyk­la­ryň iň ulu­sy 3 met­re çen­li bol­ýar. Ola­ryň ag­ra­my 90 kg-a ýet­ýär.
7. Çeň­ňek şah­ly an­ti­lo­pa: gu­ry ýer­de yl­ga­mak­da ikin­ji ýer­de dur­ýan bu jan­dar­la­ryň wa­ta­ny De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­dyr. Bu owa­dan jan­dar sa­gat­da 98 km bi­len yl­gap bil­ýär. Uzyn­ly­gy 130 sm, be­ýik­li­gi 100 sm we ag­ra­my 60 kg tö­we­re­gi bol­ýar. Olar te­bi­gy şert­ler­de 5-7 ýyl ýa­şa­ýar. An­ti­lo­panyň bu gör­nü­şi­niň beý­le at al­ma­gy ola­ryň bur­ma şah­la­ry bi­len bag­ly­dyr.
8. Mar­lin: ýel­ken­li ba­lyk­lar bi­len ýa­kyn ga­ryn­daş ha­sap­lan­ýan bu ba­lyk­lar sa­gat­da 80 km tiz­likde ýüz­ýär­ler.
9. Gök gnu: an­ti­lo­pa­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan bu jan­dar­lar Gü­nor­ta Af­ri­ka­da ýa­şa­ýar. Onuň tiz­li­gi sa­gat­da 80 km-e ýet­ýär. Bu maş­ga­la­nyň beý­le­ki we­kil­le­ri Tomp­so­nyň ke­ýi­gi, bö­kü­ji an­ti­lo­pa hem şeý­le tiz­lik bi­len yl­gap bil­ýär.
10. Go­ňur meýdan tow­şa­ny: ýa­ba­ny tow­şa­nyň bu gör­nü­şi­niň uzyn aýak­la­ry sa­gat­da 77 km tiz­lik bi­len he­re­ket et­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ola­ryň ga­nym duş­ma­ny mor til­ki­le­riň tiz­li­gi hem bu tow­şan­la­ryň­ky bi­len deň.