Awstraliýa tebigy şertleri babatda Ýer ýüzüniň beýleki sebitlerinden tapawutly bolansoň, bu ýeriň florasy we faunasy (ösümlik we haýwanat dünýäsi) hem tapawutlyrak. Köpimiz kenguruny bilýänem bolsak, koala (Phascolarctos cinereus) barada eşidenimiz azdyr. Ýurduň gündogar we günorta kenarýaka sebitlerine golaý ýerlerde ýaşaýan koalalaryň hem edil kengurularyňky ýaly jübüleri bolýar. Guýruksyz, togalak we tüýlüje jandar agaç ýapraklary we otlar bilen iýmitlenýär. Olaryň göwresiniň uzynlygy 85 sm, agramy 15 kg. Reňki kümüşsöw, çal, goňur bolup, ol ýaşaýan ýerine görä tapawutlanýar. Koalalar ekwalipt (batgalyk we suwly ýerlerde bitýän dünýäniň iň uzyn agaçlarynyň biri) tokaýlyklarynda ýaşaýar. Adatça, şol agaçlaryň ýapraklary bilen iýmitlenýärler. Bu jandarlaryň sanynyň azalmagyna guraklyk ýa-da tokaýda ýüze çykýan ýangynlar sebäp bolaýmasa, olaryň duşmany bolmaýar. 1810-njy ýylda tebigaty öwreniji Jorj Berri olar barada öz kitabynda belleýär. Beýleki jandarlardan tapawutly bolansoň, ol Awstraliýanyň simwollarynyň biri hasaplanýar. Soňky ýyllarda koalalaryň sanynyň artdyrylmagy we ýaşaýan ýerleriniň giňeldilmegi üçin köp işler edildi.
“Koala” sözi Awstraliýanyň ýerli ýaşaýjylaryndan darug dilindäki “gula” sözünden emele gelip, “iýmezlik” diýmegi aňladýar. Awstraliýa ýerlileriniň dilinde “koolawong”, “kolah”, “karbor”, “kolo”, “koolbun”, “boorabee”, “burroor” we “pucawan” ýaly birnäçe görnüşde atlandyrylyp, köpüsi şol bir manyny aňladýar. Ylmy ady “Phascolarctos” gadymy grekçedäki “phaskolos” – “jübi”, “arktos” – “aýy” sözlerinden emele gelipdir. Ikinji ady “cinereus” bolsa, latynçada “kül reňkli” diýmekdir.
Bu janadara “Phascolarctos” ylmy ady 1816-njy ýylda fransuz alymy Anri-Mari Dýukrote-de Blenwil tarapyndan berilýär.