Ahalteke bedewleri özüniň gaýtalanmajak gözelligi, duýgurlygy, ýyndamlygy hem-de ynsan gylykly häsiýeti bilen asyrlaryň dowamynda şöhrat eýesi bolupdyr. Bu atlar beden gurluşy, çydamlylygy, kuwwatlylygy boýunça deňsiz-taýsyz hasaplanylýar. Şeýle hem ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly ýatda galyjy wakalaryň bolandygyny, olar baradaky gyzykly maglumatlaryň taryhda uly orun tutýandygyny bellemegi ýerlikli hasaplaýarys.
Ahalteke bedewleri uzak wagtlap suwsuzam, iýmitsizem, dynçsyzam oňup bilýär. Munuň özi bu bedewleriň ýurdumyzyň gurak, çylşyrymly howa şertlerinde önüp-ösendigi, kemala gelendigi bilen düşündirilýär. Bu atlar bir günüň dowamynda 250 kilometr ýol geçmäge ukyplydyr. Olar suwy köp talap etmeýär, arpa, süle, bede bilen iýmitlenýär. Ýöne ter gök otlaram bu bedewleriň söýgüli höregi. Esasy agramyň onuň aýaklarynyň bogunlaryna düşýändigini nazara alyp, tejribeli seýisler atlaryny käşir, ýorunja, kişmiş ýaly ýokumly önümler bilen iýmitlendiripdirler.
Ahalteke bedewleri gözellik bäsleşigine gatnaşýan atlaryň arasynda hemişe öň hatarda bolýar. Onuň beden özboluşlylygy, täsin öwşün atmagy, sagrysynyň rahatlygy, şeýle hem belent tutýan buýsançly başy bu tohumdaky atlaryň aýratynlyklarydyr. Hut şol aýratynlyklaram ähli atşynaslary, bedew janköýerlerini özüne maýyl edýär.
Gadymy döwürde dünýäniň kuwwatly döwletleriniň şalary, serkerdeleri ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýupdyrlar. Ady rowaýata öwrülen “behişdi bedewleriň” eýesine wepalylygy, islendik çylşyrymly pursatlarda özüni ýitirmän, edýän aýgytly hereketi deprenmez döwlete mynasyp bolupdyr. Jeň meýdanlarynda tapylgysyz hemra öwrülipdir. Hut şol häsiýetlerem ahalteke bedewleriniň gymmatyny has-da artdyrypdyr.
Aleksandr Makedonskiniň Busefal atly meşhur bedewiniň ahalteke aty bolandygyna taryh şaýatdyr. 1741-1743-nji ýyllarda bolan rus-şwed urşy mahalynda ruslaryň atly goşuny artykmaçlyk görkezipdir. Beýik Pýotr adyny alan rus imperatory şol urşa ahalteke bedewinde gatnaşypdyr.
Şeýle hem taryhy maglumatlara görä, fransuz serkerdesi Napoleon Bonapartyň hem ahalteke tohumyndaky aty bolupdyr. Ol bu bedewe aýratyn mähir bilen garapdyr we ony özüniň iň ýakyn syrdaşy hasaplapdyr.
1935-nji ýylda geçirilen “Aşgabat-Moskwa” taryhy atly ýörişinde ahalteke bedewleri bu aralygy 84 günde geçmegi başarypdyrlar. Garagum sährasyny bolsa, hiç ýerde düşlemezden, üç günde geçipdirler. Bellenilen menziliň ahyryna çenli ýörişe gatnaşan bedewleriň hiçisi şikes almandyr.
Ikinji jahan urşunyň şöhratly serkerdesi, marşal G.Žukow 1945-nji ýylda Beýik Ýeňşiň hormatyna guralan dabaraly ýörişi Arap atly ahalteke bedewinde kabul etdi. Şol döwürde Moskwanyň ýöriteleşdirilen athanasynda saklanýan bedewleriň içinde Arap aýratyn gadyr goýulýan atlaryň biri bolupdyr. Şöhratly marşal Beýik Ýeňşiň hormatyna guralýan ýörişde münmek üçin hut şu aty saýlapdyr. Munuň özi ahalteke bedewleriniň gözelliginden, olaryň özüne çekiji sypatyndan we mizemez buýsanjyndan habar berýär.
1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan ýeňşiň 65 ýyllygy mynasybetli guralan dabarada hem ahalteke bedewine aýratyn orun degişli boldy. 2010-njy ýylda Moskwada geçirilen dabaraly harby ýörişde Gyrat atly ahalteke bedewi şanly sene mynasybetli guralan harby ýörişe gatnaşýan Türkmenistanyň wekiliýetiniň öňüni çekdi. Ýeri gelende aýtsak, Moskwada geçirilen dabaraly harby ýörişlere gatnaşan ahalteke bedewleriniň ikisiniň hem nesil ugrunyň ady rowaýata öwrülen şöhratly Boýnawa degişlidigini bellemeli. Bu bolsa, ahalteke bedewleriniň şöhratynyň barha belende göterilýändiginiň we onuň dowamata atarylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Görnüşi ýaly, ahalteke bedewleri taryhyň dürli döwürlerinde dünýä halklarynyň, şalaryň, hanlaryň, imperatorlaryň ünsüni özüne çekipdir. Synmaz şöhrat eýesi bolan türkmen bedewleri deprenmez döwletli köşkleriň, sarsmaz galalaryň, azym-azym şäherleriň baş bezegine öwrülipdirler. Seýisçiligi birkemsiz ýeten ahalteke bedewleri çapyşyklarda aýlawlary baglapdyrlar.
Ýeňiş gazanyp sagrysyna serpaý ýapylan ahalteke bedewleriniň buýsanjy juda belent bolupdyr. Olar paýhasly başlaryny dik tutup, alma gözlerini güldürip enaýy ýörişleri bilen märekäni haýrana goýupdyr. Ahalteke bedewleriniň özboluşly häsiýeti, olaryň gözelligi we ýyndamlygy şöhratly pederlerimiziň paýhasyndan, zehininden kemal bolan gymmatlykdyr. Munuň özi türkmen halkynyň başyna baran işine örän jogapkärçilikli we juda yhlasly çemeleşýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Baharyň ajaýyp pursatlarynda Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň geçirilmegi Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şanyna guralýan dabaralaryň belent ruhuna şaýatlyk edýär. Baýramçylyk günlerinde tutuş halkymyzyň agzybirlikde toýa gatnaşmagy, ýurdumyza dünýäniň dürli künjeklerinden köpsanly myhmanlaryň gelmegi türkmen atlarynyň gadymy şöhratynyň biziň günlerimizde netijeli dowam edýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.
Nobat Myratlyýew,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.