UEFA-nyň 2-nji derejeli klub ýaryşy Ýewropa Ligasynda Angliýanyň “Tottenham” topary ýeňiş gazandy. Ispaniýanyň Bilbao şäherindäki “San Mames” stadionynda oýnalan iňlis finalynda “Tottenham” topary “Mançester Ýunaýtedden” 1-0 hasabynda üstün çykdy. UEFA-nyň bu ýaryşy umumylykda 54-nji, UEFA Ýewropa Ligasy ady bilenem 16-njy gezek geçirildi.

Germaniýaly Feliks Zwaýeriň jürlewük çalan oýnuna 49 müň 224 janköýer tomaşa etdi. Duşuşyga 2 toparam ätiýaçly hüjümler bilen başlady. Oýnuň 13-nji minutynda Diallonyň uran batly urgusy “Tottenhamyň” derwezesiniň alkymynda uly howp döretdi. Oýnuň 42-nji minutynda çep gyradan geçirilen hüjümde top derwezäniň alkymynda “Ýunaýtediň” goragçysy Lýuk Şoua degip, londonlylaryň hüjümçisi Brennan Jonsonyň gapdalyna düşdi. Olam kynlyk bilen hem bolsa çalaja galtaşan topuny derwezä girizdi.

2-nji ýarymda oýnuň jylawy “Mançester Ýunaýtediň” futbolçylarynda bolsa-da, olara hasaby üýtgetmek başartmady. 67-nji minutda Hýoýlunyň kelle urgusynda derwezä girip barýan topy “Tottenhamyň” goragçysy Wan de Wen böküp uzaklaşdyrdy. 74-nji minutda Garnaçonyň urgusyny derwezeçi Wikario saklamagyň hötdesinden geldi.  Duşuşygyň 90+7-nji minutynda bolsa Lýuk Şouň kelle urgusyny Wikario kynlyk bilenem saklamagy başardy.

Netijede, 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Tottenham” topary 17 ýyldan soň ilkinji kubogyny gazandy. Londonlylar soňky gezek 2008-nji ýylda Angliýanyň Liga Kubogyny eýeläpdi. Şol bir wagtyň özünde bu olaryň 41 ýyldan soň UEFA-nyň ýaryşlarynda gazanan ilkinji, umumylykda 3-nji kubogy hökmünde hasaba alyndy.

Duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip, “Tottenhamdan” argentinaly goragçy Kristian Romero saýlandy.

“Tottenham” topary mundan öň bu kubogy 1972-nji hem-de 1984-nji ýyllarda gazanypdy. 1972-nji ýylda 2 oýunly finalda başga bir iňlis kluby “Wulwerhemptony” ýeňipdi (2-1, 1-1). 1984-nji ýylda Belgiýanyň “Anderleht” topary bilen 2 ýerde-de 1-1 deňme-deň oýnap, 11 metrlik jerime urgularda öňe saýlandy we 2-nji gezek kubogy gazanypdy. “Tottenham” topary 1974-nji ýylda finalda “Feýenoorddan” asgyn gelipdi (2-2, 2-0). “Tottenham” topary bu kubogy azyndan 3 gezek gazanan 6-njy topar boldy.

Bu final bir ýurduň 2 wekiliniň arasyndaky 11-nji, şol sanda iňlis klublarynyň öz arasyndaky 3-nji final boldy. Mundan öňki iňlis klublarynyň finalynda 1972-nji ýylda “Tottenham” “Wulwerhemptony” ýeňipdi. 2019-njy ýylda bolsa “Çelsi” “Arsenaldan” üstün çykypdy. Bu final UEFA-nyň ýaryşlaryndaky 6-njy iňlis finaly bolup, futbolyň watanyny bu ugurda Italiýadyr Ispaniýadan 1 final öňde barýar.

“Tottenham” topary finala çenli diňe 2 duşuşykda ýeňlip, liga tapgyrynda “Galatasaraýdan” 3-2, 1/8 finalda-da “AZ Alkmaardan” 1-nji oýunda 1-0 hasabynda utulypdy.

“Mançester Ýunaýted” bolsa finala çenli ýeke gezek hem ýeňilmän geldi (5 deňlik 9 ýeňiş). Ol bu ýaryşda şu möwsümde 1-nji gezek utuldy we onda-da kubogy aldyrdy.

2021-nji ýylda “Aýaksy” ýeňip, bu kubogy ilkinji gezek gazanan “Mançester Ýunaýted” 2-nji sapar finalda ýeňildi. “Mançester Ýunaýted” topary “Tottenhamdan” öň 2021-nji ýylda “Wilýarrealdan” asgyn gelipdi. “Mançester Ýunaýted” şu möwsümde “Tottenhamdan” 4-nji gezek utuldy.

“Tottenham” topary täze möwsümde Çempionlar Ligasynyň petegi bilen bilelikde, çempionlyk baýragy hökmünde-de 8,6 million ýewro pul baýragyny alar. Finalçy “Mançester Ýunaýted” bolsa 4,6 million ýewro bilen sylaglanar. “Tottenham” topary 13-nji awgustda UEFA Super Kubogy duşuşygynda Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi bilen PSŽ ýa-da “Inter” bilen duşuşar.

TOTTENHAM: Wikario; Porro, Romero, Wan de Wen, Udoji (Spens 90); Sarr (Greý 90), Bissuma, Bentankur; Jonson (Danso 78), Solanke, Rişarlison (Son 67); Tälimçi: Anže Postekoglu

MANÇESTER ÝUNAÝTED: Onana; Ýoro, Maguaýr, Şou; Mazraui (Dalot 85), Kasemiro, Bruno Fernandeş, Dorgu (Maýnu 90); Diallo, Hýoýlunn (Zirkzee 71), Maunt (Garnaço 71); Tälimçi Ruben Amorim

Bellik: fotosuratlar uefa.com hem-de bbc.com saýtlaryndan alyndy.