Ýüpek gurçuklaryny idelip başlanmazdan 10-12 gün öň gurçuk idediljek jaýlary arassalamaly we dezinfeksiýa çärelerini geçirmeli. Gurçuk idediljek jaýlara gerek bolan enjamlary ýylatmak üçin peç, ýylylygyny ölçemek üçin termometr goýmaly.
Ýüpek gurçuklaryny talabalaýyk idedip, ýokary hilli pile almak üçin ýüpekçilik işiniň iň jogapkärli we örän hysyrdyly döwürdir. Ýüpek gurçuklaryny idedilýän döwürde gurçuklara kadaly iýmitlendiriş meýdanyny döretmek hökmany talap hasaplanýar. Bir guty gurçuk üçin birinji ýaşynda 3-4, ikinji ýaşynda 8-10, üçünji ýaşynda 20-25, dördünji ýaşynda 40-45, bäşinji ýaşynda 60-70, saryma giren wagty bolsa 75-80 inedördül metr iýmitlendiriş meýdany gerek. Gurçuklaryň ösmegi üçin gurçuk idelýän otagyň ýylylyk derejesi birinji, ikinji ýaşlarynda we uky döwründe 26-27, üçünji ýaşynda we uky döwründe 25-26, dördünji bäşinji ýaşlarynda we saryma giren wagtynda 24-25, üç gün geçenden soňra bolsa 23-24 gradusa deň bolmaly. Ýüpek gurçuk idedilýän otagda çyglylygyň kadaly bolmagy hem olaryň ösüşine täsir edýär. Gurçuk saklanýan otagda çyglylygyň derejesi ýüpek gurçuklarynyň kiçi ýaşlarda 75-80, uly ýaşlarynda 70-75, pile saraýan döwründe 65-70, üç gün geçenden soňra bolsa 65 göterime deň bolmaly.
Ýüpek gurçuklary idedilýän döwürlerinde olaryň ýaş aýratynlyklaryna görä, tut ýapragyny bermegiň hem düzgünleri bar. Gurçuklaryň birinji ýaşynda bir gije-gündiziň dowamynda ownuk gyrkylan tut ýapraklary bilen 10-12, ikinji ýaşynda iri gyrkylan ýapraklary bilen 8-10, üçünji ýaşynda bol tutuş ýapraklar bilen 7-8 gezek iýmitlendirilýär. Gurçuklara dördünji ýaşynda tuduň ýaprakly gysgajyk baldaklary 0,5 metr çemesi çybyklary, bäşinji ýaşynda bolsa 1 metr çemesi uzynlykdaky çybyklary berilýär. Tut çybyklary berlende olary çalşyryp goýmaly, ýagny birinji gezek teläriň boýuna, ikinji gezek inine çybyklaryň ujuny bir gezek bir tarapa, indiki gezek beýleki tarapa goýmaly. Şeýle edilende gurçuklaryň düşegi tekiz hem gözenekli bolup gowy şemallamagyna şert döredýär. Hem-de minesini çalyşmak aňsat bolýar. Tut çybyklary berlende telärden sallanyp durmaly däl. Şeýle ýagdaý gurçuklaryň ýere gaçmagyna getirýär. Käbir sebäplere görä, ýere gaçan şikes ýetmedik gurçuklary aýratyn ýere ýygnap, özbaşyna iýmitlendirmeli. Gurçuklar bäşinji ýaşyndaka şeýle hem olaryň pile saramagyna girişen wagty jaýyň içini has köp şemallatmaly, jaýyň içi kadaly ýagtylykda bolmaly. Emma bäşinji ýaşynyň soňunda we pile saraýan döwründe jaýyň içini birazrak garaňkylatmak maslahat berilýär.
Iýmitlendiriş meýdanynyň ýokarda görkezilen kadadan dar bolmagy gurçuklaryň gysylyşmagyna, olaryň bir böleginiň iýmitlenip bilmezligine getirýär. Şonuň netijesinde olar gowy ösüp bilmeýärler, bir-biriniň endamyny ýyrtýarlar we ýitgä sezewar bolýarlar. Uly ýaşly gurçuklaryň minesiniň aşagyndaky kagyzlaryň aýrylmagy, howanyň oňat geçmegini üpjün edýär. Ýüpek gurçuklary doly ýetişenden soň pile saramaga ýer gözläp teläriň gyrasyna süýşýärler. Pile saramak ýüpek gurçuklarynyň ömrüniň iň möhüm döwrüdir. Gurçuk pile sarap başlandan soň, olary bimaza etmeli däl. Çünki munuň özi piläniň hiliniň ýaramazlaşmgyna sebäp bolýar. Hat-da gurçugyň saramazlygyna hem eltip biler. Gurçuklaryň kadaly ýagdaýda pile saramagy üçin bir guty gurçuga 350-400 sany sübselik gerek bolýar. Biziň ýurdumyzyň şertlerinde sübselik üçin akbaş, sygyrguýruk, ak kert, selin, syza, siňren ulanylýar. Sübselikleri öz wagtynda goýmaly, bu iş gijikdirilen mahalynda pile sarajak gurçuklar minäniň arasyna girip, pes hilli pile saraýarlar. Gurçuklaryň bir bölegi bolsa pile saramaga ýer gözläp öz bedenindäki ýüpek mäzlerini ýitirýär. Piläniň içindäki gurçuklaryň ýagdaýy kadaly bolanda, 6-7 günden soň gundaga öwrülýär. Şoňa görä pile ýygnamak işine gurçuklar köpçülikleýin pile sarap başlandan 7-8 gün geçenden soň girişmek maslahat berilýär. Pile ýygnalanda olary hili boýunça aýratyn ýygnamaly. Şonda garapaçak pileleriň her haýsysyny aýratyn ýygnap, pile kabul ediş nokatlaryna tabşyrmaly. Ýüpek gurçuklary idedilende beýan edilen kadalaryň düzgünleriň berjaý edilmegi ýokary hilli, bol pile önümini ýetişdirmäge doly mümkinçilik döredýär.
Täzegül ÖWEZMYRADOWA, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.