Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da soňky tapgyryň duşuşyklaryna şu gije badalga berler. Şu gün, ertir hem-de birigün geçiriljek 38-nji tapgyr 12 klubuň ykbalyny kesgitlär. Şol ykballaryň biri-de çempionlyk bolup, çempionyň şu gije belli bolmagyna garaşylýar. Şu gije 23:45-de başlanjak oýunda sanawyň lideri “Napoli” öz meýdançasynda “Kaliarini” kabul eder. Şol bir wagtda “Napoliden” 1 utuk yzda barýan “Inter” möwsümiň sýurpriz topary “Komonyň” myhmany bolar. Duşuşyklar deňlikde tamamlansa, çempion “Napoli” bolar. Iki tarap ýeňiş gazansa, çempionlygy “Napoli” alar. “Napoli” utulyp, “Inter” ýeňse, “Milan” şäheriniň wekili çempionlygyny gorar. “Napoli” utulyp, “Inter” deňme-deň oýnasa, ýagny utuklar deň bolan ýagdaýynda goşmaça bir duşuşyk, pleý-off oýny çempiony kesgitlär.

Ýewrokuboklarda çykyş etjek klublaryň hem 3-si şu gije belli bolar. Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 4-nji topar bolmak üçin “Ýuwentus” bäsdeşlerine görä, bir ädim öňde barýar. Ýöne turinliler myhmançylykda ligada galmak üçin göreşýän 19-njy orundaky “Wenesiýanyň” myhmany bolar.

“Ýuwentusyň” ýeňlerine garaşyp, 4-nji ýere geçmek isleýän “Roma” arkaýynlykdaky “Torino” bilen duşuşsa, “Ýuwentusdan” 2, “Romadan” 1 utuk yzda barýan 6-njy orundaky “Lasio” bolsa Rimde 17-nji basgançakdaky “Leççe” bilen güýç synanyşar.

Ýewropa Ligasy, iň bolmanda, Konferensiýa Ligasyna gitmegiň aladasyndaky Fiorentina garşydaşlarynyň utuk ýitirmegini tama edip, öziniň-de myhmançylykda “Udinezeni” ýeňmegi zerur.

“Wenesiýa”, “Empoli”, “Leççe”, “Parma”, “Torino”, “Werona” klublarynyň haýsy hem bolsa ikisi aşaky liga düşer.

Mahlasy, “Serie A”-da 3 günüň dowamynda çempion, şol sanda Ýewrokuboklara gitjek toparlar hem-de aşaky liga gitjek 2 topar kesgitlener. “Monza” toparynyň aşaky liga düşendigi ozal belli bolupdy.

“Serie A”-da “Napoli”, “Inter” hem-de “Atalanta” täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşar. Kubogyň eýesi “Bolonýa” Ýewropa Ligasynda çykyş eder.

 

38-nji tapgyryň duşuşyklary:

23-nji maý (anna)

Komo – Inter (23:45)

Napoli – Kaliari (23:45)

 

24-nji maý (şenbe)

Bolonýa – Jenoa (21:00)

Milan – Monza (23:45)

 

25-nji maý (ýekşenbe)

Atalanta – Parma (23:45)

Empoli – Werona (23:45)

Lasio – Leççe (23:45)

Torino – Roma (23:45)

Udineze – Fiorentina (23:45)

Wensiýa – Ýuwentus (23:45)