Hytaýyň «BYD Auto» kompaniýasy özüniň ýük flotuny täze, sany boýunça eýýäm ýedinji uly gämisi bilen giňeltdi. «Guangzhou Shipyard International Company Limited” (GSI) zawodynda gurlan gämi 7000-e çenli awtoulag daşamaga ukyply diýip, «CnEVPost» neşiri habar berýär.
Täze gäminiň ady mälim edilmeýär, ýöne onuň tehniki aýratynlyklary şu ýylyň başynda ulanyşa girizilen «BYD Hefei» gämisine meňzeşdir. Gäminiň uzynlygy 199,9 metr, ini 38 metr, suwa batyş derejesi bolsa 9 metrdir. Gämi adaty gämi ýangyjynda ýa-da suwuklandyrylan tebigy gazda işleýän goşa ýangyçly hereketlendiriji ulgam bilen enjamlaşdyrylan. Gäminiň iň ýokary tizligi 18,5 uzele sagatda 34,3 kilometre ýetýär.
Soňy ýyllar BYD kompaniýasy awtoulag eksportynyň artmagy sebäpli, öz flotuny ösdürip başlady. Kompaniýa bir ýarym ýylyň dowamynda alty sany awtoulag daşamaga niýetlenen gämi gurdy. Olaryň ilkinjisi bolan «Explorer No. 1» 2024-nji ýylyň ýanwarynda, altynjysy «BYD Xi’an» bolsa 2025-nji ýylyň aprelinde suwa goýberildi. Flotdaky iň iri gämiler bolan «Shenzhen» we «Changsha» 9200-e çenli awtoulag daşap bilýär. BYD sekizinji gämisini 2026-njy ýylyň başynda ulanyşa girizmegi meýilleşdirýär.
BYD özüniň ýük flotunyň giňelmegi bilen bir hatarda Ýewropada önümçiligini ösdürmek boýunça işleýär. Häzirki wagtda Wengriýada we Türkiýede iki awtoulag zawody gurulýar. Hytaýyň ýene-de bir awtoulag gurnama kärhanasy Germaniýada açylyp bilner.