Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň çäksiz yhlasy netijesinde, halkymyzyň köp asyrlyk milli gymmatlyklarynyň hatarynda, ýelden ýüwrük behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä doldy. Gahryman Arkadagymyz: “Dal bedewlerimiziň ajaýypdan näzik owadanlygy, duýgurlygy, ýüwrükligi, mähribanlygy ata-babalarymyzyň tükeniksiz aladalarynyň miwesidir we ol biziň günlerimize gelip ýeten inçe sungatdyr” diýip, bedew atlarymyzy kemala getiren ata-babalarymyzyň zähmetine ýokary baha berýär.
Behişdi ahalteke bedewlerimiz – mähriban Arkadagymyzyň öz döredijiliginde mynasyp ornuny alýar. Muňa döwlet Baştutanymyzyň galamynyň astyndan çykan “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” ýaly kitaplary, bedewleriň şanyna ýazylan birnäçe parasatly goşgulary aýdyň mysaldyr.
Eziz Arkadagymyz “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda gözellikde, ýyndamlykda dünýäni baglan ahalteke bedewleriniň 132-sine doly häsiýetnama berse, “Dünýäniň wajyplygy”, “Gadymyýetiň sedasy”, “Türkmeniň ruhy baýlygy”, “Gözelligiň syrly dünýäsi”, “Edebi miras”, “At – myrat”, “Taryhyň içindäki taryh” ýaly bölümlerden durýan “Gadamy batly bedew” atly kitabynda bedew atlar babatda köpýyllyk barlaglaryny, pikir ýöretmelerini, edebi maglumatlary ussatlyk bilen bir sapaga düzdi. Eserde halk pähimleriniň ägirt uly baýlygy aýdyň şöhlelenme tapýar.
Bedewler baradaky buýsançly pähimler “Paýhas çeşmesi” kitabynyň sahypalaryna hem girizildi. “Watançylyk we gahrymançylyk ündewleri”, “Edep-terbiýe we ahlaky ündewler”, “Ylym-bilim we hünär öwütleri”, “Durmuşy pelsepeler”, “Tebigat we zähmet hakynda” atly bäş bölümden durýan kitapda “At – münenden, görk – geýenden”, “At basyşyndan belli, är bakyşyndan”, “At gylygyndan iýmini artdyr, gyz gylygyndan – sepini”, “At ýaly bilen owadan, zenan – saçy bilen”, “At alsaň – ýorga bilen ýöriş al, aýal alsaň – akyl bilen huş al”, “At aýlanyp gazygyny tapar, är aýlanyp ilini tapar”, “At ady bilen, ýigit ody bilen” ýaly onlarça nakyllar bar.
Hormatly Prezidentimiziň bedew atlarymyz hakynda döredýän her bir eseri halkymyza we dünýä okyjylaryna ruhy galkynma berýär. Ol eserlerde umumadamzat gymmatlygy bolup dünýä dolan bedewlerimiziň şan-şöhraty, egsilmez gujur-gaýraty, çydamlylygy, ýüwrükligi we tebigy owadanlygy wasp edilýär. Muňa ýaňy-ýakynda mähriban Arkadagymyzyň bedew atlara bagyşlap döreden täze “Bedew” atly goşgusy hem aýdyň mysaldyr. Metbugat sahypalaryny bezän bu goşgynyň many gory, çeperçiligi okyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri oýardy. Eserde Hakyň nazar salan tebigat gözellikleri bilen bedewleriň ýyndamlygy sazlaşykly beýan edilýär.
Pasly-bahar güle çümen çaglary,
Joş uranda sähra-düzi, daglary,
Göwün at üstünde ganat baglady,
Seýle çykyp alys ýollara, bedew!
– diýip başlanýan çuň manyly bentler tä şygryň ahyrky bendine çenli okyjyny ruhy galkynyşa eýe edip, kalplarda buýsanç duýgularyny oýarýar. Eziz Arkadagymyz goşgusynyň ahyrky bendinde:
Guwanjymyz, şöhratymyz, şanymyz-
Watandyr gursakda şirin janymyz,
Ilime bagyş edip buýsanç baýlygym,
Ýol açar men ýyldan-ýyllara, bedew!
– diýip, halkymyza-ilimize, bedewlerimize täze rowaçly menzilleri bagyş etjekdigini buýsanç bilen beýan edýär.
Mähriban Arkadagymyz bedew atlar bilen hemişe göwündeşdir. Muny milli Liderimiziň bedewlere goýýan çuňňur söýgüsi aýdyň beýan edýär. Ýeri gelende, käbir buýsançly wakalary ýatlap geçeliň!
2011-nji ýylda ýurdumyzda il agzybirliginde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenen günleri eziz Arkadagymyzyň häli-şindi çarpaýa duran bedewe atlanyp, ony uzak aralyga ussatlarça çapanda, egnine bagtyň, rowaçlygyň, parahatçylygyň simwoly bolan ak kepderiniň gelip gonan pursatlary, 2017-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Ahalteke atçylyk toplumynda Gujurly atly bedewi meýdança çykaryp, bedewli gezelenç edişi, ol ýerde 2017-nji ýylyň başynda doglan Ruhubelent atly taý bilen didarlaşyp, onuň boýnuna mähriban käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakyşy, 2017-nji ýylda Miras atly bedewde halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen ýaryşda ýeňiji bolup, baş baýraga mynasyp bolan pursatlary taryhyň sahypalaryna altyn pursatlar hökmünde ýazyldy. Bu ajaýyp pursatlar her bir adamda egsilmez buýsanja beslenen ruhy galkynyşy bagyş etdi.
Halkmyz ertir il agzybirliginde Türkmen bedewiniň şanly baýramyny belläp geçer. Bu şanly baýram halkymyzyň behişdi bedewlerine goýýan beýik sarpasydyr. Goý, bu ajaýyp işleriň sakasynda duran mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Maýa MEREDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
kafedra müdiri.