Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysynda ýatdan çykmajak wakalar bilen hemişelik orun alar. Üstümizdäki ýyl Beýik Ýüpek ýolunyň esasy çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan döwletimiziň özboluşly aýratynlyklaryny wagyz etmek üçin aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Beýik Ýüpek ýoly ýurtlaryň we halklaryň özara gatnaşygynyň ösmegine ýardam edipdir. Bu ýoluň ugrunda Türkmenistanyň çägindäki Nusaý, Merw, Änew, Maşat-Misserian, Amul, Ürgenç, Haweran, Abiwerd we Dehistan şäherleri hem söwda ýollarynda ýerleşip, uly ähmiýete eýe bolupdyr.
Meşhur taryhy, beýik şahsyýetleri, ajaýyp binalary bolan şäherleriň biri-de Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän Abiwerddir. Abiwerd X-XI asyrlarda gülläp ösen sebit, Sarahs bilen Nusaýyň aralygynda ýerleşen Haweranyň uly şäheri bolupdyr. Meşhur taryhçy Maksidi: “Abiwerd maňa Nusaýdan has gowy ýaraýar, onuň bazary örän gowy, şäheri baý we topragy bol hasylly. Suwy olar derýadan alýarlar. Juma metjidi şäher bazarynda ýerleşýär…” diýip, şäheri gysga, emma anyk suratlandyrýar. Alym şäheriň ykdysady we durmuş-medeni taýdan ösendigini görkezýär. Orta asyr şäherlerine mahsus bolşy ýaly, Abiwerd Erk galadan, Şähristandan we Rabatdan ybarat bolupdyr. Şäheriň meýdany 42 gektardan ybarat bolup, Erk galasy şäheriň demirgazyk-gündogar diwarynda ýerleşýär we 10,5 gektar meýdany tutýar. Şäherde ösen söwda merkezleri, bazarlar, senetçileriň, küýzegärleriň, ussalaryň ussahanalary we ýaşaýyş toplumlary, ösen suwaryş toplumlary bolupdyr. Şäheriň demirgazyk-günbatar böleginde berk diwar bilen gurşalan, ýigrimi sany beýik minaralary bolan şäher häkimliginiň galasy ýerleşipdir.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Abiwerde uzak-ýakyn ülkelerden, Horezmden, Margianadan, Dehistandan, Hindistandan, Hytaýdan ýükli kerwenler gelipdir, söwda-satyk, alyş-çalyş işleri ýola goýlupdyr.
Abiwerd – gadymy Apawarta diýen adyň üýtgän görnüşi bolup, bu şäher orta asyrlarda Peştagyň, irki orta asyrlarda we antik döwürde Hysrowgalanyň, Ýelkendepäniň ornunda ýerleşipdir.
Taryhy çeşmelerde, iň gadymy ýazuw ýadygärligi hasaplanýan kitaplardyr ýazgylarda Abiwerd şäheriniň ady ýygy-ýygydan duş gelýär. Antik döwürde-de, Parfiýa patyşalygy zamanynda-da, soňraky Seljuklar imperiýasy döwründe-de, orta asyrlarda-da Abiwerd ýa-da Bawerd köp ilatly ösen şäher, galalary, rabatlary özünde jemleýän merkez hökmünde bellenýär. Taryhda uly yz galdyran bu meşhur şäher, onuň döreýşi, adynyň gelip çykyşy barada köp sanly tymsallar, rowaýatlar bar. Abiwerd Peştag, Hysrowgala, Köne Kaka, Mäne ýa-da Mehne, Şugundyrbaba, Küren ýa-da Küfen, Haweran ýadygärlikleri bilen meşhurdyr. Olaryň her biri uly bolmadyk aralykda ýerleşip, gadymy şäher ojaklary bolup durýar.
Biziň eýýamymyzdan ozalky birinji müňýyllygyň ahyrynda Parfiýa döwletiniň meýdan çägi boýunça geçýän Beýik Ýüpek söwda ýoluny beýan edýän Isidor Haraksylynyň ýazgylaryny Abiwerd baradaky ilkinji maglumatlar hasaplamak bolar. Günorta Türkmenistanyň meýdan çäginden geçýän bu ýoly häsiýetlendirip, ol Parfiýa bilen Margiananyň arasynda ýerleşýän Aparwartikena barada ýatlap geçýär.
Ýazuw çeşmelerinde “Bawerdiň …köp sanly sürümler we ekinler üçin ýerdigi, howa şertleriniň gowulygy bellenýär. Däneli ekinlerden bugdaý, şaly, künji ösdürilip ýetişdirilipdir. Baý hasyllylygy üçin Abiwerd etraby Horasanyň üç ekleýjisiniň biri diýen şöhrata eýe bolupdyr. Maksidi: “Abiwerd, Nusaý we Tus Nişapuryň ekleýjisi, ýagny Horasanyň iň baý etraplary hasaplanýar” diýip belleýär. Bagçylyk giňden ýaýrapdyr. Alymyň ýazgylarynda ýapraklary ýüpek gurçugy üçin iýmit bolup hyzmat eden tut agaçlarynyň ýetişdirilendigi barada maglumatlar bar.
Abiwerdiň ilaty öý senetçiligi we hünärmençiligiň käbir görnüşleri bilen meşgullanypdyrlar. Olar, esasan, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemekde jemlenipdir. Ýarty depeden kiçeňräk ussahana tapylypdyr. Ussahanada dürli küýze önümleri, dürli şaý-sepler ýasalypdyr. Gazma nagyş haýwan şekilleri bilen bezelen kumganlar, şemdanlar we şuňa meňzeş ýokary çeperçilik bilen taýýarlanan bürünç önümler esasy söwda harydy bolupdyr. Horasanda bürünç önümçiliginiň barlygy ýazuw çeşmelerinde hem bellenendir. Al-Biruny Horasanda “misina” diýlip atlandyrylan kumganlaryň, demir we gurşun garyndysyndan ýasalan suw üçin legenler, küýzeler, pyýalalar taýýarlanandygyny ýazypdyr. Bularyň hemmesi Abiwerdiň ilatynyň beýleki şäherler bilen ýygjam, ysnyşykly ykdysady gatnaşyklary saklandygyna şaýatlyk edýär.
Aýjemal Durdyýewa,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.