Hy­taý Halk Res­pu­bli­ka­sy­nyň paý­tag­ty Pe­kin­de Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň ge­ňe­şi­niň mej­li­si ge­çi­ril­di. Bu du­şu­şyk 9-10-njy iýun­da Sin­dao­da ge­çi­ril­jek Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň döw­let ýol­baş­çy­la­ry­nyň sam­mi­ti­ne taý­ýar­ly­gyň gu­tar­nyk­ly tap­gy­ry­dyr. Mej­li­siň bar­şyn­da da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri döw­let ýol­baş­çy­la­ry­na hö­dür­len­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän res­mi­na­ma­la­ra we ka­rar­la­ra na­zar aý­la­dy­lar. Hy­ta­ýyň baş­lyk­ly­gyn­da taý­ýar­la­nan sa­naw 20-den gow­rak tas­la­ma­ny öz içi­ne al­ýar. Mun­dan baş­ga-da, “Şan­haý se­kiz­li­gi­niň” dip­lo­ma­tik eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry se­bi­tiň hä­zir­ki ýag­daý­la­ry bo­ýun­ça bir­nä­çe me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2001-nji ýyl­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Li­der­le­ri ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy he­mi­şe­lik esas­da he­re­ket ed­ýän hal­ka­ra gu­ra­ma bo­lup dur­ýar. Hin­dis­tan, Pa­kis­tan, Ow­ga­nys­tan, Be­la­rus, Eý­ran we Mon­go­li­ýa syn­çy ýurt­lar bo­lup, çy­kyş ed­ýär­ler. Onuň işi­niň esa­sy we­zi­pe­le­ri se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy hem-de howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­dan, hä­zir­ki döw­rüň howp­la­ry­na we we­him­le­ri­ne gar­şy gö­reş­mek mak­sa­dy bi­len umu­my ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek­den, ne­ti­je­li sy­ýa­sy gat­na­şyk­la­ry, söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki hem-de me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­den yba­rat­dyr. Gu­ra­ma­nyň ýo­ka­ry eda­ra­sy döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­dir. Onuň mej­lis­le­ri her ýyl ge­çi­ril­ýär.