Şwesiýa bilen Daniýanyň bilelikde guran hokkeý boýunça Dünýä çempionaty tamamlandy. 88-nji gezek geçirilen ýaryşyň finaly Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmdaky “Avicii Arena”-da oýnaldy. Finalda ABŞ-nyň ýygyndysy bilen Şweýsariýanyň ýygyndysy duşuşdy. Gorag oýnunyň agdyklyk eden duşuşygynda ýeňiji owertaýmda belli boldy. Esasy 3 periodda hasaby açmak toparlara başartmady. Netijede, owertaýmyň ilkinji minutlarynda, has takygy 63-nji minutda amerikaly Nataniel Tompson şaýbany derwezä girizip, hasaby açdy. Şunlukda, 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan ABŞ-nyň ýygyndysy 65 ýyldan soň 3-nji gezek Dünýäniň çempiony bolmagy başardy. Olar mundan öň 1933-nji we 1960-njy ýyllarda Kanadany ýeňip, çempionlyk gazanypdy. Amerikanlar 1960-njy ýyldan soň oýnan ilkinji, umumylykda 10-njy finalynda kubogy eýeledi. ABŞ-nyň ýygyndysy 1960-njy ýyldan öň 9 gezegem finalda ýeňildi.

Şweýsariýanyň ýygyndysy bolsa bassyr 2-nji, umumylykda-da 5-nji sapar finalda ýeňlişe sezewar boldy. Şweýsariýanyň ýygyndysynyň häzirlikçe çempionlygy ýok.

Bürünç medal eýesi bu ýylam üýtgemedi. Çempionaty guraýjy 2 ýurduň arasyndaky duşuşykda Şwesiýanyň ýygyndysy Daniýanyň ýygyndysyny 6-2 hasabynda ýeňmegi başardy. Bu olaryň 19-njy bürünç medaly bolup, şwedler 11 gezek çempionlyk gazandy, 19 saparam finalda ýeňildi.

Çempionatyň iň ökde oýunçysy Leonardo Genoni saýlandy.

16 ýygyndynyň gatnaşan çempionatynda duşuşyklar Şwesiýanyň Stokgolm, Daniýanyň Herning şäherinde geçirildi.