Fransuz imperatory Napoleon Bonapartyň häkimiýetiniň alamaty hökmünde 1803-1815 ýyllar aralygynda ýanynda göteren gylyjy Pariždäki “Giquello” auksionynda başdaky bahasyndan bäş esse gymmada, 4,7 million ýewro satyldy. Bu barada ýurduň “Le Figaro” neşiri habar berýär.
Auksion öýüniň işgärleri gylyjyň bahasynyň 700 müň ýewrodan 1 million ýewro aralygynda boljakdygyny çaklapdylar.
Gylyç Bonapartyň Fransuz Respublikasynyň konsuly wezipesini eýeleýän wagty satyn alnypdyr. Ol bu ýaragy Wersal manufakturasynyň başlygy Nikolýa-Noel Buteden satyn alýar. Imperator hökmünde Napoleon gylyjyny häkimiýet başynda bolan ýyllarynyň soňky günlerine çenli saklaýar, soňra ony özüniň ýakyn egindeşleriniň biri marşal Emmanuel de Gruşä peşgeş berýär. Şondan soňra bu gylyç onuň nesillerinde arkama-arka saklanyp galýar.