Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda milli ykdysadyýetimiziň iň bir ýokary depginde ösýän ugurlarynyň biri bolan ýurdumyzyň dokma pudagynyň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarynda hem bäsdeşlige ukyplylygy yzygiderli ýokarlanýar. Döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldamagy netijesinde dokma pudagy iň çalt ösýän pudaga öwrüldi. Häzirki wagtda ençeme dokma kärhanalary hereket edip, olar iri dokma toplumlary, pagta egriji we dokma öndürijiler, tikinçilik fabrikleri, ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalar, aýakgap fabrikleri, ýüňi we derini ilkinji gezek işleýän zawodlardan ybaratdyr.
Dokma senagatynda gazanylan üstünlikler halkara sergilerinde we ýarmarkalarynda giňden dünýä jemgyýetçiligine görkezilýär. Şeýle iri göwrümli çäreler biziň döwletimizde hem geçirilýär. Şu ýylyň 11 – 13-nji iýuny aralygynda «Turkmentextile Expo – 2025» atly halkara sergi-ýarmarkasy guralar. Halkara sergi-ýarmarka dokma senagaty kärhanalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu ugurda iş alyp barýan agzalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýerli we daşary ýurt dizaýnerleriniň lybaslarynyň görkezilişini guramak, Merkezi Aziýanyň gadymy dokma usullary, häzirki zaman tehnologiýalaryna bagyşlanan ussatlyk sapaklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Dokma pudagy dünýäniň köp sanly ýurdunyň möhüm senagat düzümleriniň biridir. Dokma senagaty dünýä ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýjüdir. Bu ýurtlar taýýar egin-eşiklerden başlap kaşaň dokma önümlerine çenli dürli pudaklarda öňdebaryjy orny eýeleýärler we pagta öndürmekde hem-de eksport etmekde öňdäki hatarda durýarlar. Bu ugurda Hytaýyň dokma senagaty öňdeligi eýeleýär. Hytaý diňe pagta çig malyndan däl, eýsem, poliester we wiskoz ýaly sintetiki süýümleriň önümçiliginde hem öňdäki orny eýeleýär. Ikinji orundaky Bangladeş taýýar egin-eşik önümçiliginde öňdebaryjy bolup, «H&M», «Zara» we «Primark» ýaly moda markalarynyň halkara merkezine öwrüldi. Pagta öndürmekde çäkli mümkinçiliklerine garamazdan, Bangladeş çig maly daşary ýurtlardan getirip, ýokary hilli we elýeterli egin-eşikleri öndürýär we günbatar bazarlaryna hödürleýär. Üçünji orunda Wýetnam bolup, dokma pudagyndaky çalt ösüşi, erkin söwda şertnamalary we ýokary baha goşulan egin-eşik öndürmekdäki abraýy bilen tanalýar. Bu ýurt dünýä brendleriniň esasy üpjün edijisi bolup, esasan, sport egin-eşikleri bilen tanalýar. Dördünji orunda Hindistan bolup, pagta eksporty her ýyl 1,9 million tonnadan gowrakdyr. Bäşinji orunda barýan Germaniýanyň dokma senagaty ýokary tehnologiýaly çözgütleri bilen tanalýar. Bu pudak awtoulag, aerokosmos we saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda ulanylýan ýokary öndürijilikli matalar bilen tapawutlanýar.
Maglumatlara görä, dünýäniň dokma senagatynyň bahasy, takmynan, 1 trillion dollara barabar bolup, bu mukdar 2027-nji ýyla çenli 1,5 trillion dollara ýetjekdigi çaklanylýar. Bu bolsa dünýä derejesinde dokma önümleriniň uly bazarynyň bardygyny görkezýär. Dokma senagaty dünýäde üznüksiz ösmegini dowam etdirýär.
Aýjemal ALAŞAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.