Tomsuna Günüň aşagynda duran zatlaryň ählisi gyzýar. Üns berýän bolsaňyz, eger ol metal bölegi bolsa-ha eliňi degrip bolmajak derejede bolýar. Emma Günüň aşagyndaky ösümlikler we olaryň ýapraklary gyzmaýar. Eýsem, ösümliklere yssynyň täsiriniň az bolmagynyň sebäbi nämedekä?!
Aslynda ösümlikler gyzmaýanlygy bilen bir hatarda, daşardan yssy howany özüne çekip, tebigatdaky ýylylygyň kadaly bolmagyna ýardam edýärler. Olaryň ýapraklary hemişe suwy bugardyp, howany çyglandyryp durýar. Bag ýapraklarynyň ýokary ýüzünde ýörite gatlak bolup, ol ösümligiň has köp suwy bugartmagynyň öňüni alýar. Ýapragyň gaz alyş-çalşygyny, ýagny kömürturşy gazyny özüne siňdirip, kislorod çykarmagyny üpjün edýän öýjükler bolsa, adatça, aşaky tarapynda bolýar. Bu gözenekler gaz alyş-çalşygyny amala aşyrjak derejede bolup, suw ýitgisiniň öňüni alýar. Şol sebäpli ýapraklaryň ýüzündäki gyzýan howa ýokary galýar, sowuk howa bolsa, dykyz bolandygy sebäpli aşak düşýär. Şeýlelikde, gyzgynlygyň öňi alynýar we ýaprak salkynlaýar. Bu ýagdaý ýapragyň temperaturasynyň daş-töwerekdäki howadan gyzgyn bolan ýagdaýynda dowam edýär. Has gurak şertlerde, ýagny çöllerde hem şeýle ýagdaý gaýtalanýar. Şeýle hem ýapraklar suwuň bugarmagyna we netijede onuň temperaturasynyň pese gaçmagyna hem täsir edýär.
Ösümlikleriň amala aşyrýan bu hadysasy atmosferadaky suwuň deňagramlylygyny yzygiderli kadaly ýagdaýda saklaýar. Şeýlelikde, olar ýerden alan suwuny gaýtadan işläp, iň arassa görnüşde bugardýar. Bugaran suw ýagyn bilen Ýere gaýdyp gelýär.