D witamini bedeniň süňk gurluşyndan başlap, immuniteti berkitmäge çenli birnäçe möhüm amaly ýerine ýetirýär. Gün şöhlesi
D witaminiň tebigy çeşmesi hasaplanýar. Emma şeýle-de bolsa, howanyň aşa yssy günleri Gün şöhlesi bedene ters täsir edip, dürli nähoşluklara getirip bilýär. Eýsem, D witamini nähili ýagdaýda kabul etmeli? D witaminiň ýetmezçiligi nähili ýagdaýlara sebäp bolýar?
«Kalsiferol» diýlip hem atlandyrylýan D witamini bedende kalsiniň we fosforyň siňdirilmegine, süňkleriň we dişleriň sagdyn ösmegine ýardam edýär. Ýagda ereýän bu witamin deride Gün şöhlesiniň üsti bilen sintez edilýär ýa-da iýmit arkaly bedene aralaşýar. Bagyrda we ýag dokumalarynda saklanýan bu witaminiň 2 esasy görnüşi – D2 (ergokalsiferol) we D3 (holecalciferol) görnüşleri bar.
Hünärmenleriň bellemegine görä, bäbekleriň we uly ýaşly adamlaryň bedeni D witamini has köp talap edýär. Ulularda süňkleriň gowşamagy ýa-da döwülmegi, çagalarda süňk ösüşiniň bozulmagy, ýürek-damar ulgamyndaky ýetmezçilikler, demgysma, käbir ýokançlyklar D witaminiň ýetmezçiligi bilen baglanyşyklydyr.
Haýsy iýmitlerde
D witamini saklanýar?
Balykda, etde, bagyrda, ýumurtganyň sarysynda, peýnir, mesge, gatyk ýaly süýt önümlerinde, petruşka we kinza ýaly gök otlarda D witamini saklanýar.
Howanyň yssy günlerinde irden sagat 10:00-dan 18:00-a çenli aralykda Günüň aşagynda gezmek maslahat berilmeýär. Gün şöhlesinden gelýän D witamini dogry we zyýansyz kabul etmegiň wagty irden 9:00-a çenli we agşamlyk 19:00-dan soň hasap edilýär.