Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da 30 ýyl­lyk ta­ry­hy se­ne­si­ne giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýän he­miş­el­ik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň yn­san­per­wer mak­sat­la­ry­ny da­ba­ra­lan­dyr­ýan «Awa­za – dost­luk me­ka­ny» at­ly hal­ka­ra tans we folk­lor fes­ti­wa­ly­nyň dür­li çä­re­le­ri maz­mun taý­dan bi­ri-bi­ri bi­len saz­laş­dy. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, bu hal­ka­ra fo­rum ýur­du­myz bi­len dün­ýä döw­let­le­ri­niň ara­syn­da­ky me­de­ni köp­rü­le­ri has-da pug­ta­lan­dy­rar. Dost­luk­ly halk­la­r özleriniň tans we folk­lor sun­ga­tyn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri bilen ta­nyş­dyrarlar. Şeý­le-de pa­ra­hat­çy­ly­ga, dost-do­gan­ly­ga söý­gi dö­ret­mek­de fes­ti­wal uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. Ha­ky­kat­dan hem, şeý­le bol­dy. Dün­ýä­niň köp san­ly ýur­dun­dan – Eý­ran­dan, Hin­dis­tan­dan, Öz­be­gis­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan ge­len me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry bi­len türk­men me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry tej­ri­be alyş­dy­lar.
«Da­ýanç» sa­gal­dyş mer­ke­zi­niň mej­lis­ler za­lyn­da ge­çi­ri­len «Küşt­dep­di – pa­ra­hat­çy­lyk wasp­çy­sy» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat şeý­le mö­hüm äh­mi­ýet­li çä­re­le­riň bi­ri bol­dy. On­da giň ge­ri­me eýe bo­lan tä­sir­li çy­kyş­lar­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, küşt­dep­di tan­sy halk dö­re­di­ji­li­gi­mi­ziň giňden ýaý­ran hem-de ga­dy­my gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Küşt­dep­di tan­sy mil­li toý-baý­ram­la­ry­my­zyň, şol san­da maş­ga­la baý­ram­çy­lyk­la­ry­my­zyň be­ze­gi­dir. Küşt­dep­di tan­syn­da türk­men hal­ky­nyň kä­mil pi­kir-ga­ra­ýyş­la­ry, tä­miz duý­gu­la­ry, ru­hy ah­wa­lat­la­ry, dur­mu­şa bo­lan syn­maz söý­gü­si be­ýa­ny­ny tap­ýar.
Fes­ti­wa­lyň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry, tans sun­ga­ty bo­ýun­ça us­sat­lyk sa­pak­la­ry, halk dö­re­di­ji­lik, folk­lor-et­nog­ra­fik to­par­la­ry­nyň çy­kyşlary, öz hal­ky­nyň mil­li sun­ga­ty­ny gör­kez­mek­le­ri hal­ka­ra çä­rä­niň üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gi­ne iter­gi ber­di.

Me­kan NY­ÝA­ZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.