Hä­zir­ki wagt­da maş­ga­la toý­la­ryn­da, ýur­du­my­zyň uly baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ryn­da ýa-da dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ri­len­de halk dö­re­di­ji­li­gi­niň şa­hy­ra­na gör­nü­şi­ bolan küştdepdi tansy us­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­ilýär. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da hal­ky­myz bi­len bi­le ýa­şap gel­ýän küşt­dep­di­le­ri­miz hä­zir­ki wagt­da tä­ze ga­zal­la­ryň owa­zy­na de­pil­ýär. Ol ga­zal­lar­da aja­ýyp za­ma­na­myz, eş­ret­li dur­muşy­myz, ýurdumyzyň gö­zel­lik­le­ri, dün­ýä sa­ry uza­ýan dost-do­gan­lyk ýol­la­ry­myz, mu­kad­des söý­gi buý­sanç bi­len wasp edil­ýär.
Hal­ky­myz­da ýö­ne bir saz çal­nyp ýa dep ka­ky­lyp küşt de­pi­li­ber­me­ýär. Mu­nuň üçin ýö­ri­te ga­zal aý­dyl­ýar. Özi-de di­ňe küştdep­di üçin ni­ýet­le­nen ga­zal­lar. Şol ga­zal­lar­da hal­kyň ýü­rek se­si, begenji we hal-ýag­da­ýy öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Küşt­dep­di tan­sy­nyň he­re­ket­le­ri-de dür­li ma­ny­la­ra eýedir. Bu bol­sa ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri sun­ga­ty, ede­bi­ýa­ty hem­ra tu­tu­nyp ge­lip­dir­ler di­ýip aýt­ma­ga esas dö­red­ýär.
2017-nji ýy­lyň 7-nji de­kab­ryn­da Çe­ju şä­he­rin­de (Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy) Mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň 12-nji mej­li­si­niň bar­şyn­da aý­dym aýt­ma­gyň we tans et­me­giň «Küşt­dep­di» mil­li sun­ga­ty­ ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň Rep­re­zen­ta­tiw sa­na­wy­na bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Bu çöz­güt umu­ma­dam­zat me­de­ni mi­ra­syň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan türk­men hal­ky­nyň mil­li me­de­ni­ýe­ti­niň ägirt uly äh­mi­ýe­ti­niň yk­rar­na­ma­sy­dyr.

Guwançbaý AGAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.