Ýapon alymlary şor suwda bir sagatda ereýän plastik işläp taýýarladylar. Plastik şor topraga düşende bolsa, ululygyna görä, 200 sagadyň dowamynda doly dargaýar. Bu material adaty plastikler ýaly, ýöne duz bilen täsirleşende esasy düzüm böleklerine çenli dargap başlaýar.