Ýaponiýanyň awtoulag gurluşyk korporasiýasy “Toyota” şu ýylyň güýzünde naýbaşy taslamanyň – “Woven City” (Çyrmaşyk şäher) atly “akylly” şäheriň açylyşyna taýýarlanýar. Bu şäher Tokiodan 140 kilometr uzaklykda, Sidzuoka prefekturasyndaky öňki Higasi-Fudzi zawodynyň ýerinde döredilýär. Şäheriň meýdany 175 akra barabar.
“Akylly şäher” geljegiň tehnologiýalaryny barlamak üçin özboluşly synag meýdançasy bolar. Bu ýerde robotlar, sürüjisiz ulaglar we emeli aň bilen utgaşykly hereket edip, gündelik durmuşyň bir bölegine öwrüler. “Toyota” kompaniýasynyň 100-e golaý işgäri hem-de olaryň maşgalalary bolsa, şäheriň ilkinji ýaşaýjylary bolarlar. Geljek ýyllarda şäheriň ilaty 360-a, soňra 2 müňe ýetiriler.
Şäherdäki ýollar pyýadalar, welosipedçiler we robotaksiler üçin üç kategoriýa bölündi. Elektrik energiýasyny Gün panelleri öndürer. Şäherde suwy we galyndylary gaýtadan işlemek üçin ýörite tehnologiýalary ornaşdyrylar. Şäheriň ähli tilsimatlary bir umumy ulgama birikdirilen bolup, bu maglumatlary ýygnamaga, ösen tehnologiýalary hakyky durmuşda synagdan geçirmäge mümkinçilik berýär.
-Biz tehnologiýalar arkaly ýaşaýşy has göwnejaý we ekologiýa taýdan has arassa edýän şäheri döredýäris. “Woven City” bütin dünýäde megapolisleriň keşbini özgerdip biljek innowasiýalar üçin hakyky synag meýdançasy bolar – diýip, “Toyota” korporasiýasynyň başlygy Akio Toýoda belledi.