Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda tebigy gaza bolan islegiň 2030-njy ýyla çenli 7 göterim azaljakdygy mälim edildi. Global derejede energiýa maglumatlaryny taýýarlaýan “Ember” guramasynyň maglumatyna görä, 2023-nji ýylda sebit ýurtlarynyň tebigy gaza bolan islegi 326 milliard kub metr bolan bolsa, bu görkeziji geljek onýyllygyň başynda 302 milliard kub metre düşer. Sebitde gaza bolan isleg ondan ozal hem azalýardy. 2021-2023-nji ýyllar aralygynda bileleşige agza ýurtlarda tebigy gaza bolan isleg 19 göterim azalyp, 326 milliard kub metre düşüpdi.
Sebitde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleri bolsa artşyny dowam etdirýär. Agza ýurtlar geljek 5 ýylda ýel we Gün energiýa önümçiligini iki esse artdyrmagy maksat edinýärler. 2030-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginde elektrik energiýasynyň 66 göterim täzelenýän çeşmelerden alnar. Sebitde energiýanyň beýleki görnüşleriniň aradynda elektrik energiýasyna bolan islegiň hem artyşyny dowam etdirjekdigi bellenilýär.