Täze Zelandiýadan 78 ýaşly Meýnard Wilýams 30 minutdan gowrak wagt plankada saklanyp, täze rekord goýdy. Ol şeýle maşky ýerine ýetiren iň garry erkek kişi boldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär. Sport bilen meşgullanýan Wilýams bir ýyl bäri planka bilen meşgullanyp gelýär.