Italiýanyň hökümeti Messina bogazynyň üstünde asma köpri gurmak meýilnamasy barada habar berdi. Bahasy 13,5 milliard ýewro bolan taslama amala aşyrylan ýagdaýynda, köpriniň esasy sütünleriniň aralygy 3,3 kilometre deň bolup, bu rekord derejede uzak aralyk bolar. Uzak ýyllardan bäri meýilleşdirilýän bu köpri henize çenli durmuşa geçirilmedi. Messina bogazy çylşyrymly tebigaty bilen belli bolup, ol ýerdäki güýçli ýel we ýokary seýsmiki işjeňlik inženerler üçin uly kynçylyk döredýär. Muňa garamazdan, ýurduň infrastruktura ministri Matteo Salwini täze tehnologiýalaryň bu kynçylyklary çözmäge mümkinçilik berýändigini we “ulag aragatnaşygynda özgerişlik” geçirip biljekdigini belledi.
Häkimiýetler şeýle köpriniň ýurduň günorta sebitleriniň ösüşi üçin aýratyn ähmiýete eýe boljakdygyny belleýärler. Häzirki wagtda Sisiliýa bilen Kalabriýa adalarynyň Italiýanyň gury ýer bölegi bilen baglanyşygynyň bolmazlygy ykdysadyýete ýylda 6,5 milliard ýewro möçberde zyýan ýetirýär. Salwini taslama amala aşyrylan ýagdaýynda müňlerçe iş ornunyň peýda boljakdygyny öňe sürýär. Jorja Meloniniň hökümeti bu taslamany tassyklasa, onda ýakyn wagtda Ýewropada iň uly gurluşyk işleriniň birine badalga berler.