Halkymyzyň ýaşaýyş–durmuş derejesi ýokarlanýar

42

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda mynasyp dowam etdirilýän bazar ykdysadyýetiniň durmuş ugurly nusgasyny döretmek strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Te­le­ke­çi­li­gi, ki­çi we or­ta işe­wür­li­gi gol­da­mak, mil­li önüm ön­dü­ri­ji­le­riň tas­la­ma­la­ry­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek üçin hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk do­wam et­di­ril­ýär. Ýur­du­myz­da iş bi­len üp­jün­çi­li­gi has do­ly de­re­je­de üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len ra­ýat­la­ry işe ýer­leş­dir­mek ba­bat­da ne­ti­je­li döw­let sy­ýa­sa­ty al­nyp ba­ryl­ýar. Ra­ýat­la­ra dur­muş go­rag­ly­ly­gy­nyň yg­ty­bar­ly ke­pil­len­dir­me­le­ri be­ril­ýär. Se­bit­le­ri ös­dür­mek ba­bat­da hem ne­ti­je­li işler al­nyp ba­ryl­ýar. Tä­ze se­na­gat, ener­ge­ti­ka, ulag-ara­gat­na­şyk dü­züm­le­ri dö­re­dil­ýär. Döw­re­bap şä­her­çe­ler we oba­lar, ylym-bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet eda­ra­la­ry, önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry ulan­ma­ga ber­lip, bu iş­ler üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär.
Ýa­kyn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de şu ýy­lyň do­kuz aýyn­da ýur­du­myz­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri jem­le­nil­di. Bu dö­wür­de je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi 6,3 gö­te­ri­me deň bol­dy. Şol san­da ösüş dep­gi­ni se­na­gat pu­da­gyn­da 1,8 gö­te­ri­me, gur­lu­şyk­da 7 gö­te­ri­me, ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da 10,8 gö­te­ri­me, söw­da­da 9,6 gö­te­ri­me, oba ho­ja­ly­gyn­da 5 gö­te­ri­me, hyz­mat­lar ul­ga­myn­da 8,4 gö­te­ri­me deň bol­dy. Şu ýy­lyň ýan­war – sent­ýabr aý­la­ryn­da, 2024-nji ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, je­mi ön­dü­ri­len önüm 10 gö­te­rim ar­typ, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ryn­da oňyn önüm­çi­lik gör­ke­zi­ji­le­ri ga­za­nyl­dy. Bö­lek sa­tuw ha­ryt do­la­ny­şy­gy 13,2 gö­te­rim, da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy bol­sa 8,5 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da döw­let ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ze­rur iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan se­bit we mil­li de­re­je­dä­ki ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär. Mu­nuň özi Di­ýa­ry­my­zyň se­bit­le­ri­niň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň yzy­gi­der­li ber­ki­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Bu ugur­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len, «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Mil­li mak­sat­na­ma­sy» ka­bul edil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, go­laý­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň ma­ýa go­ýum fo­ru­my­nyň döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi bi­len yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, tä­ze işe­wür­lik hyz­mat­daş­ly­gy­ny ýo­la goý­ma­ga we ýur­du­my­zyň ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş­ma­ga go­wy şert dö­red­ýär.
«Türk­me­nis­ta­ny 2025-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy» esa­syn­da ýur­du­my­zy ös­dür­mek üçin şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li 40 mil­liard 72 mil­li­on ma­nat möç­be­rin­de düýp­li ma­ýa go­ýum­lar öz­leş­di­ri­ler. Bu bol­sa tä­ze önüm­çi­lik we me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ry gur­ma­ga hem-de döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga şert dö­re­der. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek, ila­tyň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li tä­ze dö­re­di­len iş orun­la­ry­nyň sa­ny 3 müň­den gow­rak bo­lar. Ýa­kyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň zäh­met ba­za­ry­ny 2030-njy ýy­la çen­li ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» ka­bul edil­di. Bu Kon­sep­si­ýa esa­syn­da tä­ze, döw­re­bap iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge, ila­ty­my­zyň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­ýär.
Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler we dep­gin­li dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­ler ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy, iş­jeň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty esa­syn­da tä­ze önüm­çi­lik­le­riň açyl­ma­gy, amat­ly işe­wür­lik gur­şa­wy­nyň dö­re­dil­me­gi ra­ýat­la­ryň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, ila­tyň mad­dy-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga, hu­su­san-da, iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­niň de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Muhammet SERDAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.