Watan düşünjesi ynsan kalbynyň çuňluklarynda kemala gelen we ýürekleriň töründe orun alan iň ajaýyp duýgularyň jemlenmesidir. “Başlaryň täji sen, diller senasy, dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!” diýlip, söýgüsi dillerimiziň dessanyna öwrülen eziz Diýarymyz häzirki bagtyýar günlerimizde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gülläp ösýär.
Eziz Arkadagymyz halkymyzyň durmuş derejesiniň hemmetaraplaýyn ösmeginde ýurduň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berk bolmalydygyna uly üns berýär. Biziň Watan mukaddesligi babatdaky duýgy-düşünjelerimiz ruhy baýlygymyzyň aýrylmaz bölegidir.
Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk toýy toýlanjak 2016-njy ýylda Diýarymyzy täze belentliklere çykarmagyň ýollary kesgitlenýär. Öňe sürülýän iri maksatnamalar, gurulýan desgalar we ak ýollar, girizilýän iş dolandyryşynyň täze usullary özüniň döwrebaplygy bilen görenleri haýran galdyrýar. Mysal üçin, Aşgabadyň diňe gündogar böleginde açylan ajaýyp desgalar, olarda hünärmenleriň netijeli işlemekleri üçin döredilen mümkinçilikler bu aýdanlarymyza anyk şaýatlyk edýär. Soňky 5-6 ýylyň içinde işe girizilen binalaryň her biri özüniň üýtgeşik binagärlik we inžener-tehniki çözgütleri bilen tapawutlanýar. Arçabil şaýolunyň ugrunda biri-birinden owadan, binagärlik sungatynyň dünýäde gazanylan ülňüleriniň iň häzirki zaman keşbine laýyk edilip gurlan desgalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň jaýlarynyň 20-den gowragy bar.
Daşary işler ministrliginiň binasynyň depesinde globusyň ýerleşdirilmegi göreniň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde türkmen diplomatlarynyň netijeli işlemekleri üçin ähli şertler döredilipdir. Işe girizilen binalaryň daş görki we içki mazmuny biri-biri bilen sazlaşýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň daş keşbi bilim bermegiň ajaýyp nyşany hasaplanýan ägirt uly kitaby ýatladýar.
Ýurdumyzda gurulýan umumybilim berýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň desgalaryny, ozalky bilim edaralarynyň durkunyň täzelenilmegini göz öňünde tutsak, bilim ulgamynyň döwrebap maddy-tehniki binýadynyň barha berkidilýändigini aýratyn nygtamak bolar.
Döwletiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkemegi hökmany suratda her bir pudagyň öňünde durýan wezipeleriň oňyn çözülmegine öz täsirini ýetirýär. Ony biz Aragatnaşyk ministrliginiň we “Türkmentelekom” döwlet elektroaragatnaşygy kompaniýasynyň edaralarynyň ýerleşýän, täze gurlan belent binanyň mysalynda aýdyň görýäris. Desganyň ýokary tehnologik gurluşy iň häzirki zaman ölçeglerine gabat gelýär. Bu bolsa, ýurt Baştutanymyzyň aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, ony iň täze enjamlar bilen üpjün etmek barada yzygiderli alada edýändigini alamatlandyrýar.
Täze gurlan binalar binagärçiligiň dürli nusgalaryndadyr. Olaryň arasynda Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän iri jemgyýetçilik guramalaryň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň we pudak edaralarynyň ýerleşýän binalary özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.
Ýurdumyzyň nebit-gaz toplumynyň ylmy-barlag institutlary üçin açylan täze binada alymlaryň we inženerleriň has döredijilikli işlemekleri üçin ähli şertler döredilipdir. Belent ymaratyň ýanynda ýerleşýän toplumda kitaphanalar, ylmy-barlaglara niýetlenen barlaghanalar we beýleki barlag enjamlarynyň we ulgamlarynyň doly toplumy bilen üpjün edilen binalar bar.
2017-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleriniň çäginde alnyp barylýan gurluşyklar, olaryň gurlup, taýýar edilen görnüşleri-de şäherimize aýratyn gözellik eçilýär. Gündizlerine gözüň ýagyny iýip gelýän arassalygy, görkanalygy bilen, gijelerine dürli reňkli, dürli öwüşginli çyralaryň ýagtysyna ýalpyldap duran bu binalar toplumy ertekilerdäki köşkleri ýatladýar.
Gözel paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri milli medeni mirasymyza we häzirki döwürde ileri tutulýan industrial medeniýetiniň gymmatlyklaryna esaslanyp, Aşgabadyň gün-günden gözelleşýän keşbini kemala getirýär.
Esasy bellenilmeli zat hem, bu gözellikleriň üsti ýetirilip, diňe bir Aşgabat şäherinde däl, eýsem, ýurdumyzyň welaýatlarynda, oba-şäherlerinde şeýle binalaryň gurluşygy uly depginler bilen dowam etdirilýär.
Bu bolsa, gözel Diýarymyzyň ähli künjekleriniň golaý wagtlarda täze, ajaýyp keşbe girip, bagtyýar raýatlarymyzyň ruhlarynyň has-da belende göteriljekdigine anyk şaýatlyk edýär.
Zybagözel Garaýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň öwreniji-mugallymy.