Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Türkmenistan bagtly çagalaryň, iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurdudyr” diýip, örän jaýdar belläp geçýär. Hakykatdan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda çagalaryň asuda, bolelin durmuşda ýaşamagy, olaryň ylymly-bilimli, edep-ekramly, ynsanperwer, watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, ata Watanymyzyň ykbalynyň, onuň bagtyýar geljeginiň öňündäki jogapkärçilige esaslanýar. Şeýle bolansoň, çagalar babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynda olaryň ruhy, medeni, ylym-bilim, hünär taýdan kämil bolup ýetişmekleri, beden taýdan sagdyn bolmagy hem-de olaryň döredijilik kuwwatynyň tutuş jemgyýetiň bähbitlerini gurşap almagy üçin durmuş-ykdysady, hukuk, guramaçylyk şertleri kepillikleri göz öňünde tutulandyr.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistan 1994-nji ýylda BMG-niň “Çaganyň hukuklary hakyndaky” Konwensiýasyny tassyklamagy hem çagalaryň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen ädimleriň biri boldy. Türkmenistanyň Esasy kanunyna –Konstitusiýasyna laýyklykda, hakyky demokratik, dünýewi döwlete mahsus bolan çaga hukuklary Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen we hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanyp gol çekilen “Bilim hakynda”, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda”, “Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda”, şeýle hem 2014-nji ýylyň 3-nji maýynda kabul edilen “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary, 2012-nji ýylyň 1-nji aprelinden güýje giren Türkmenistanyň Maşgala Kodeksinde, 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje giren Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde, 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinde we beýleki hukuk namalarynda öz beýanyny tapdy. Bilşimiz ýaly, ýaş nesillerimiziň bilimine we olaryň beden taýdan sagdyn terbiýelenmegine gönüden-göni degişli bolan kada-kanunlaryň üstüniň “Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli maksatnamasy” bilen ýetirilendigini bellemek gerek. Bu Maksatnama çagany hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürmäge, milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemäge gönükdirilendir. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, BMG-niň Çagalar gaznasynyň hem (UNISEF-iň) agzasy boldy.
2012-nji ýylyň 1-nji aprelinden güýje giren Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde (12-nji bap) çaganyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy babatda döwlet wezipelerini ýerine ýetirmegiň möhümliginden, onuň sagdyn we hemmetaraplaýyn ösmeginiň hukuk taýdan üpjün edilmeginden ugur alyp, ilkinji gezek çaganyň maşgala gatnaşyklaryndaky hukuklaryny sazlaýan düzgünler göz öňünde tutulandyr.
Çaganyň öz pikirini beýan etmäge, islendik kazyýet we administratiw seljerişiň barşynda diňlenilmäge hukugy bardyr. On ýaşyna ýeten çaganyň pikiriniň nazara alynmagy, onuň iň gowy bähbitlerine garşy gelýän ýagdaýlardan başga halatlarda hökmandyr. Hossarlyk we howandarlyk edarasy ýa-da kazyýet ol ýa-da başga çözgüdi, diňe on ýaşyna ýeten çaganyň razylygy bilen kabul edip biler. Bu ýagdaý Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 81-nji maddasynda bellenilendir.
Kodeksde çaganyň familiýa, ada we atasynyň adyna we olary üýtgetmäge bolan hukugy göz öňünde tutulandyr. (82, 83-nji maddalar). Çaganyň kanuny bähbitlerini üpjün edýän hukuklarynyň arasynda, onuň emläk hukuklary hem bardyr. (84-nji madda). Çaganyň öz ata-enesinden we maşgalanyň beýleki agzalaryndan ata-enesine (beýeleki kanuny wekillerine) gelip gowuşýan we çagany eklemek, terbiýelemek we oňa bilim bermek üçin harçlanylýan alimentler görnüşinde eklenç almaga, şeýle hem onuň öz alan girdejilerine, sowgat ýa-da miras almak tertibinde alan emlägine emläk hukugy bardyr.
Biziň ýurdumyzda çagaly enelere döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Olar ençeme ýeňilliklerden, lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanýarlar.Çaga üç ýaşaýança eneleriň iş ýerini saklamak şerti bilen olara pul kömegi hem berilýär. Hassahanalarda körpelere mugt hyzmat edilýär. Indi birnäçe ýyldan bäri Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň çözgüdi bilen köp çagaly maşgalalaryň ençemesine giň otagly, içinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary berlip, olaryň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.
Soňky ýyllarda Arkadag Prezidentimiziň ýakyndan alada etmeginde paýtagtymyzda, welaýat, şäher, etrap merkezlerimizde, şäherçelerimizde, obalarymyzda gurulýan jaý toplumlarynda häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen doly üpjün edilen orta mekdepleriň, sport mekdepleriniň, meýdançalarynyň, stadionlaryň, sport, sagaldyş merkezleriniň müňlerçesiniň gurlup ulanylmaga berilýändigi merdana halkymyzda çuňňur kanagatlanma döredýär.
Arkadag Prezidentimiz her täze okuw ýylynyň başynda 1-nji synpa okuwa barýanlaryň ählisine mugt kompýuter sowgat berýär. Ýetim galan çagalar paýtagtymyzyň iň gözel ýerinde bina edilen Döwletliler köşgünde ýaşaýyş üçin iň ýokary amatlyklary, sport meýdançalary, desgalary bolan kaşaň binada ýaşamak şertinde orta mekdebi tamamlaýançalar ýaşaýarlar. Soňra olar ýokary mekdeplerde okap, arzyly kärleriniň eýeleri bolýarlar.
Her ýyl bagtyýar çagalarymyzyň tomusky dynç alyş wagtyny şagalaň- şowhunly geçirmekleri, sport, aýdym-saz bilen meşgullanmaklary üçin gözel jülge Gökderede, Awazada, welaýat, etrap merkezlerimizde gurlan dynç alyş merkezlerinde ýokary derejeli şertler döredilendir. Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni uly dabaralar bilen bellenilip geçilýär.
Goý, bagtyýar çagalarymyzyň hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalaryň, degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-halk bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!
Aşyrgeldi Jumaýew,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň dosenti,
ýuridiki ylymlaryň kandidaty.