Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen halkymyzyň köpasyrlyk milli medeniýeti dünýä ýaýylyp, geçmiş edebiýatymyzyň sahypalaryna altyn harplary ýazan söz ussatlarymyzyň edebi mirasy giňden öwrenilýär.
Şeýle söz ussatlarynyň biride hormatly Prezidentimiziň: “Türkmen edebiýatynda çuňňur halk parasatlylygyny beýan edip, ajaýyp eserleri peşgeş beren ussatlar az däl. Men Magtymgulynyň, Andalybyň, Azadynyň, Keminäniň… öňünde baş egýärin” diýen parasatly sözlerinde ady hormat bilen tutulýan nusgawy şahyrymyz Nurmuhammet Andalypdyr.
Andalyp türkmen edebiýatynda beýik söz ussady, halk hakydasyna bagban we tanymal neçjar – agaç ussaçylygyndan ýeterlik baş çykaran şahsyýet hökmünde giripdir. Ilki bilen onuň söz ussatlygy hakynda durup geçeliň.
Andalyp nusgawy edebiýata “Oguznama”, “Risalaýy Nesimi”, “Sagdy-Wakgas”, “Kyssaýy-Fyrgun” atly poemalary, “Ýusup-Zuleýha”, ”Leýli-Mejnun”, “Babaröwşen”, “Zeýnelarap”, “Melike-Mährinigar” atly dessanlary, ýüzlerçe ajaýyp şygyrlary getiren ussatdyr. Şahyr “Ýusup-Züleýha” atly dessanynyň girişinde:
Ismim idi Nurmuhammet garyp,
Sözde tahallusum idi Andalyp,
Şährimiz Ürgenç welaýat idi,
Hanymyz Şagazy hemaýat idi,
Asly mekanym ki Garamazydyr,
Adamy eşretde gyş-u-ýazydyr
diýmek bilen, özüniň häzirki Gurbansoltan eje adyndaky (öňki Ýylanly) etrabynyň Garamazy obasyndandygyny beýan edipdir. Garamazy obasy gadymy Hylalaýyň – häzirki Gurbansoltan eje etrabynyň merkezinden gündogarda ýerleşýär. Bu oba Tüni derýanyň Garagumy etekläp geçýän şahasy bilen-de araçäkleşýär. Şahyr “Sen ýar gideli” atly şygrynda: “Garaman gaýrasy Garamazylar” diýip, obasynyň çäk görnüşini hem beýan edýär.
Şahyr ýaşlyk ýyllarynda golaý-goltumlardaky oturymly obalaryň ýaşaýjylaryna araba we jykyr ýasamakda hemaýat beripdir. Ol Gündogara belli Hywadaky Şirgazy hanyň öz adyna gurduran medresesiniň gurluşygynda hem öz ussatlygyny görkezip, neçjarçylyk işlerini birkemsiz ýerine ýetiripdir. Onuň agaçdan oýup ýasan nagyşly gapysy häzirki güne çenli haşamlylygy bilen görenleri haýran galdyrýar. Ýeri gelende, bu medresede beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň hem okap, bilim alandygyny bellemelidiris.
Şirgazy han Andalybyň döredijilik ukybyna aýratyn sarpa goýupdyr. Bir sapar Andalyp derek agajyny ýonup, hiňlenip “Örgüleý” atly muhammesini aýdyp oturan pursady Şirgazy han ýuwaşlyk bilen bärräkde durup, ony diňläpdir. Owazly goşgy tamama gelende, han şahyryň ýanyna baryp: “Bu şygyr Nowaýynyňka meňzeýär” diýipdir. Onda Andalyp: “Nowaýy hezretleri halypamyz bolup, men onuň gazalyna tahmys döretdim” diýipdir. Şonda han: “Aperin, size rehmetler bolsun!” diýipdir.
Şirgazy han bir sapar Andalypdan söýgi lirikasyna degişli bir eser döretmegi tabşyrypdyr. Şeýlelikde, şahyr bu tabşyryk esasynda “Ýusup-Züleýha” dessanyny ýazypdyr. Bu dessan Şirgazy hanyň göwnünden turupdyr. Han eserdäki Ýusubyň ykbalyny öz ykbalyna meňzeş hasaplapdyr. Şonuň üçin ol şahyry hormatlap, oňa gymmatly serpaý we bir jam kümüş teňňe beripdir.
Nurmuhammet Andalybyň ussat bagban bolandygy hakynda hem birnäçe maglumatlar bar. Şahyr kämillik käsesi dolan döwründe Garamazy obasynyň gyrasyndan geçýän uly ýabyň ugrundaky metjitde oglan okadypdyr. Andalybyň jaýy metjidiň ileri günbatarynda ýerleşipdir. Jaýyň daş-töweregi uly miweli bag bolupdyr. Şahyr ol agaçlaryň bolluk bilen miwe getirmegi üçin yhlas bilen işläpdir. Oba adamlary ol baga “Andalybyň bagy” diýipdirler.
Beýik söz ussady Nurmuhammet Andalybyň adyny ebedileşdirmek ugrunda ýurdumyzda köp işler amal edildi. Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 1-nji orta mekdebine, Daşoguz welaýat darma teatryna şahyryň ady dakyldy. 2011-nji ýylda şahyryň dogduk mekanynda onuň doglan gününiň 350 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenip geçildi we birnäçe eserleri täzeden çap edildi.
Gözel paýtagtymyzyň “Ylham” seýilgähinde, Daşoguz howa menziliniň öňünde, Garamazy obasynda ajaýyp şahyrymyzyň heýkeli bina edildi. Häzirki döwürde paýtagtymyzyň iň gözel köçeleriniň biri şahyryň adyny göterýär. Bu işleriň hemmesi eziz Arkadagymyzyň halkymyzyň köpasyrlyk milli medeniýetine çuňňur sarpa goýýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Jeren MEREDOWA,
Türkmenistanyň Merkezi döwlet
arhiwiniň baş hünärmeni.