Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň başlangyçlaryny nazarda tutup, her ýylyň 3-nji iýunyny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul etdi. Bu Kararnama hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda milli sporty ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Şu hepdäniň dowamynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Hökümetiň ýurdumyzda sporty ösdürmäge bagyşlanan giňişleýin ýörite mejlisinde-de Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere taýýarlyk barada durlup geçildi.
Bu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda welosipedlerde dürli ýaryşlary guramak, ylgaw bäsleşikleri, gezelençler göz öňünde tutulýar. Bäsleşiklere badalga berilýän ýerlerde medeni çäreler, sungat ussatlarynyň çykyşlary guralar. Köpçülikleýin çärelerden başga-da, welosipedçi türgenleriň arasynda bäsleşikler geçiriler.
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde welosiped sportunyň hyzmaty örän uludyr. Adamzat indi iki asyrdan gowrak wagt bäri ekologik taýdan arassa, hereketlendirmesi ýönekeý, baha jähetden elýeterli, howpsuzlyk taýdan ygtybarly welosipedi ulag hem-de sportda bäsleşmegiň serişdesi hökmünde peýdalanýar.
1800-nji ýyllaryň ahyrlaryndan bäri adamlar işlerine welosiped arkaly gatnapdyrlar. Welosiped häzirki wagtda tutuş dünýäde iň ýörgünli ulag serişdesine öwrüldi. Welosiped sürmek adamyň bütin bedeni üçin ählitaraplaýyn kardio işjeňlik bolmak bilen birlikde, ol kaloriýalary tiz aýyrmaga we sizi barmaly ýeriňize eltmäge ýardam edýär. Geliň, onuň peýdalarynyň käbiri hakynda durup geçeliň!
Agyr bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirip, bedenimizdäki kaloriýalary ýakmaga synanyşmaga derek, welosport bu meseläniň oňyn çözgüdidir. Mysal üçin, bir sagadyň dowamynda gyssanman tigir sürmek arkaly 220 kaloriýa çenli ýakmak bolýar. Şol bir wagtyň özünde siziň aýaklaryňyzyň, biliňiziň, arkaňyzyň işjeňligi ýokarlanýar.
Surreý uniwersitetiniň (Angliýa) geçiren barlaglary tigir sürmekligiň işdäni kadalaşdyrmaga ýardam edýändigini görkezdi. Bu hili maşk aşa köp nahar iýmäge bolan islegi peseltmäge kömek edýär.
Ýadan wagtymyz biz köp mukdarda kofe ýaly önümlerden peýdalanmak arkaly işjeňligimizi artdyrmaga synanyşýarys. Her günde bary-ýogy 30 minut welosiped sürmeklik gündelik energiýamyzy (işjeňligimizi) artdyrmaga kömek eder. Beden işjeňliginiň beýleki görnüşleri ýaly, welosport hem biziň ruhumyzy belent edýär. “Bagt garmonlary” bolan serotonin we dopamin garmonlaryny köpeldýär. Bu bolsa, siziň özüňizi has hem bagtly duýmagyňyza ýardam eder.
Welosiped sürmekligiň ýürek-damar kesellerinden, süýji we düwnük keselinden goraýandygy subut edilen hakykatdyr. Mysal üçin, Beýik Britaniýanyň lukmançylyk žurnallarynyň birinde (British Journal of Cancer) neşir edilen maglumatlara görä, welosport bilen günde 30 minut meşgullanmaklyk düwnük bilen kesellemek howpuny 34 göterim peseldýär. Beýleki bir barlaglaryň görkezmegine görä, gündelik işe gidilende tigirde gitmeklik diabetiň ýokarlanmak howpunyň 40 göterim öňüni almaga ýardam eder.
Ol gan basyşyny kadalaşdyrýar we ýüregiň kadaly işlemegini üpjün edýär. Welosport siziň ýüregiňiz, gan damarlaryňyz hem-de öýkeniňiz üçin iň oňat tälimçidir.
Awtomobiliň welosipede çalşyrylmagy daş-töwerege ýaýraýan zyýanly gazlaryň derejesini peseltmäge kömek eder. Galyberse-de, welosipedde hereket etmek arkaly siz puluňyzy we wagtyňyzy tygşytlarsyňyz. Size ýol dyknyşygynda durmak gerek bolmaz.
Ynsan saglygy üçin hem, ekologiýanyň arassalygy üçin hem iňňän ähmiýetli bolan ulag bu gün türkmenistanly ýaşlaryň arasyndaky meşhurlygyny barha artdyrýar. Muny çärelere gatnaşan ýaşlaryň sanynyň köplüginden hem aýdyň görmek bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň “Bütindünýä welosiped güni” hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmegi bolsa, diňe bir biziň ýurdumyzda däl, tutuş dünýäde welosporty täze derejä çykarýar. Şu ýyl ilkinji gezek türkmen halky dünýä halklary bilen birlikde Bütindünýä welosiped gününi baýram eder.
Ymamguly REJEPOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.