Ir za­man­lar­da až­dar­ha bir aýy­ny tu­tup iý­jek bo­lup­dyr. Şol bar­ma­na bir adam ge­lip, až­dar­ha­ny öl­dü­rip, aýy­ny gu­tul­gy­syz he­läk­çi­lik­den ha­las ed­ýär. Aýy ada­myň bu ýag­şy­ly­gy üçin adam bi­len dost­laş­mak is­le­ýär. Adam ni­rä git­se-de, onuň yzyn­dan gal­ma­ýar eken.
Bir gün adam ke­sel­läp­dir. Aýy hem teý, onuň ba­şu­jun­dan aý­ryl­man­myş. Ýol­dan ge­çip bar­ýan öteg­çi bi­ri bu ada­ma şeý­le diý­ýär: “Gar­daş, sen öz ko­wum­daş­laň­dan dost tu­tun­saň, go­wy bo­lar. Aýy bi­len nä­dip dost bol­jak, sen?!”
Adam aýy bi­len bo­lup ge­çen wa­ka­ny gür­rüň ber­se-de, o ki­şi aýy­dan yn­sa­na dost bol­ma­ja­gy­ny aý­dyp­dyr.
Adam bu öteg­çä bi­çak ga­ha­ry ge­lip:
– Sen, dos­tu­ma beý­le zat­la­ry diý­mä­ge ne­neň het ed­ýäň? – di­ýip­dir.
Ara­dan bir­nä­çe gün ge­çen­soň, ol has­sa adam sur­nu­gyp, uka gid­ýär. We­pa­ly dos­ty aýy bol­sa, onuň ba­şu­jun­da otyr­myş. On­ýan­ça bir si­ňek ge­lip, wyz­zyl­dap has­sa­nyň ýü­zü­ne go­nup­dyr. Si­ňe­gi gö­ren aýy, ony ko­wa­la­ma­ga baş­la­ýar. Şon­da-da, ba­ry­bir, si­ňek ýe­ne ge­läý­ýär­miş. Ol ge­lip, has­sa­nyň bur­nu­na gon­ýar.
Mu­ňa aýy­nyň ga­ha­ry ge­lip­dir. Ol har­saň bir da­şy ala­ga-da, ada­myň bur­nun­da­ky si­ňe­ge zyň­ýar, si­ňek myn­jy­rap gid­ýär, heý, şun­dan soň ada­myň di­ri gal­jak gü­ma­ny bar­my?! On­soň, şu tym­sal akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň:
Bil­gil, uzak git­mez aýy dost­lu­gy,
Gah­ry gel­se, de­päň üz­re daş dö­ker
– di­ýen pa­ra­sat­ly sö­zü­ni bi­yg­ty­ýar ýa­dy­ňa sal­ýar.
Taý­ýar­lan
Gülüstan Guljagazowa,
Türkmen döwlet binagärlik -gurluşyk institutynyň talyby.