Türkmençilikde “Atalar sözi – akylyň gözi” diýlişi ýaly, ähli meselede ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerinden ugur alynsa gowy. Bu saçak başyndaky hereketlerimizde hem şeýledir: “Ozalynda, ahyrynda eliňi ýuw”, “Duzdan uly bolma”, “Bar okaram, gel okaram, barmasaň-gelmeseň, orta ýolda döwül okaram”, “Bereket goňşokaradadyr”, “Ozalynda elini ýuwmadyk özüni sylamaz, ahyrynda elini ýuwmadyk duzuny sylamaz” ýaly pähimler bize naharlanmak düzgünleriniň berjaý edilişi barada maglumat berýär. Nahar iýmäge başlamazdan ozal, eliňi ýuwmak eliňdäki kir-kimiriň oňa goşulmazlygy üçin, nahardan soň eliňi ýuwmak bolsa, eliňdäki nahar ýokuny arassalamak üçin zerurdyr. Türkmen halkymyzda nahar tabaga guýlandan soň ähli işler goýlup, naharlanmaga agzybirlikde başlanylsa we maşgaladakylaryň ählisi hem iýip bolýança garaşylsa gowy görülýär. Maşgalada nahary üýşüp iýmek agzybirligiň, birek-birege sarpa goýmagyň alamatydyr. Aslynda saçagyň başynda oturmagyň nähili edebi bar? Aýagyňy uzadyp oturmak, çommalyp oturmak, dik duran ýeriňde iýmek, tabagy eliňe alyp ýöräp barýarkaň naharlanmak biedeplilikdir.
Nahar iýlende mümkingadar ünsüňi başga zada sowman azrak gepläp, öňe eglibräk oturyp iýilse edeplilikdir. Çemçäni püre-pürläp almak, tabagyň üstüne gaty abanmak, eliň, tirsegiň bilen saçagyň başyndaky beýleki oturanlara päsgel bermek, tabagy aýlamak, öz öňüňden iýmän nahara nebsewürlik bilen garamak halanmaýar. Çöregi diňe agzyňa sygar ýaly ululykda döwüp almaly, çemçäni tabagyň daş tarapyna söýäp goýmaly, çemçäni tabagyň içine goýbermeli däl, agzyň zatlyka geplemeli däl.
Söhbet Hojamyradow,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.