Tomus paslynyň gelmegi bilen tomusky dynç alyş möwsümi başlanýar. Indiki okuw ýylyna 3 aý wagt bar. Eýsem, bu wagty nähili geçirmeli?! Ilki bilen dynç alyş möwsüminiň dowamynda nämeler etmek isleýändigiňizi özüňiz meýilleşdirmeli. Taýýarlan meýilnamaňyzda gezelenç etmek, oýun oýnamak, kitap okamak, sport bilen meşgullanmak ýaly ähli dynç alyş çäreleri bolmalydyr. Elbetde, meýilnamaňyzy ene-atalaryňyz bilen maslahatlaşyp, olaryň razylygy bilen etmelidigini unutmaň.
Ilki bilen okuw ýylynda öwrenen zatlaryňyzy bir gezek gaýtalamagy, gözden geçirmegi unutmaň. Öwrenen zatlaryňyzy jigiňize, doganyňyza, deň-duşlaryňyza gürrüň berseňiz has hem çuňňur özleşdirersiňiz. Öz ýaşyňyza görä dynç alyş möwsüminde okajak kitaplaryňyzy kesgitleseňiz gowy bolar. Yzygiderli okaýan kitabyňyzy maşgala agzalaryňyza gürrüň berseňiz okamaga höwesiňiz artar. Kitap okamagyň täze sözleri öwrenmäge hem ýardam edýändigini unutmaň. Öwrenen zatlaryňyzy başga birine gürrüň bermek kemçilikleriňizi bilmäge we ony aradan aýyrmaga mümkinçilik berer.
Öz halaýan islendik sportuňyz bilen meşgullanyp bilersiňiz. Mysal üçin, ýüzmegi halaýan ýa-da öwrenmek isleýän bolsaňyz, ýörite suw-sport desgalaryna gatnap bilersiňiz. Dynç alyş möwsüminiň bedeniňizi berkitmek üçin hem mümkinçilikdigini unutmaň. Ýüzmek, futbol, karate, woleýbol, basketbol ýaly sportuň beýleki görnüşleri bilen hem meşgullanmak üçin sport meýdançalaryndan we desgalaryndan peýdalanyp bilersiňiz.
El we akyl güýji bilen ýerine ýetirilýän işleri ediň. Mysal üçin, käbir döwülen enjamlary bejerip ýa-da agaçdan we beýleki zatlardan käbir zatlary ýasap bilersiňiz.
Maşgala agzalaryňyz we garyndaşlaryňyz bilen has köp bilelikde wagt geçiriň. Ataňyz, eneňiz, babaňyz, mamaňyz, daýyňyz we beýleki garyndaşlaryňyz isle golaýda ýaşaýan bolsun, isle-de uzakda gezelenje gitseňiz, hem olary begendirersiňiz, hem özüňiz begenersiňiz. Ýaşulularyň gürrüň berjek ýatlamalary sizde ýakymly duýgulary döreder. Şeýle hem olardan milli däp-dessurlarymyza, gymmatlyklarymyza degişli zatlary öwrenersiňiz. Uzak aralyga gezelenje gideniňizde, ony kartadan görmegiňiz we ýol belliklerine üns berip, olaryň manylaryny öwrenmegiňiz siziň üçin gyzykly bolar. Başga şähere gidilende, ol ýeriň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy hem unutmaň.
Dünýägaraýşyňyzyň giňemeginde gezelenç etmegiň ähmiýeti örän uludyr. Ýaşaýan ýeriňiziň golaýyndaky we ýurdumyzyň beýleki ýerlerindäki tebigy gözelliklere we taryhy ýadygärliklere, muzeýlere gezelenç edip bilersiňiz. Taryhy ýerlere baranyňyzda, ol ýer barada has giňişleýin maglumat öwrenmegi ýadyňyzdan çykarmaň.
Elbetde, tomus paslynda ýokarda agzalanlaryň ählisiniň diýen ýaly jemlenýän ýeri bar – ol çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleridir. Siz ýurdumyzyň deňiz kenarlarynda, dag eteklerinde we sähralyklarynda ýerleşýän şeýle merkezlerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, täze zatlary öwrenmäge, esasan hem, täze dostlar tutunmaga mümkinçilik alarsyňyz.
Okuw döwründe belli bir ýatýan we turýan wagtymyz bolýar. Dynç alyş möwsüminde hem şeýle düzgün dowam etdirilmelidir. Saglygymyzy goramaga hemişe üns bermelidiris. Tebigata ýa-da bize nätanyş bolan ýerlere gidilende, arassa bolmadyk miwedir ir-iýmişlerden iýmekden saklanyň, hapa we çuň suwa girmäň. Şeýle hem oýun oýnajak ýeriňiziň we beýleki ýerleriň arassa bolmagyna üns beriň.