Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän nesliň döwrebap okamagy, edep-terbiýe almagy üçin döwlet tarapyndan bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Muňa olaryň durmuş goraglylygynyň ygtybarly üpjün edilmegi we üns-alada bilen gurşalmagy hem-de ýaş çagaly eneleriň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge we berkitmäge aýratyn ähmiýet berýär.
1992-nji ýyldan bäri BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda çagalary goramagyň hukuk esaslaryny has-da berkitmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, wagtly-wagtynda sanjymlary geçirmek, çagany irki ýaşdan ösdürmek, bilim we çagalaryň bähbidine gönükdirilen maglumatlary beriş işleri ýaly ugurlarda pugta hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy.
Halkara hukuk namalarynda çagalary goramak, çagalaryň hukuklary we azatlyklary baradaky meseleler esasy orun tutýar. Ol halkara hukuk resminamalarynyň iň esasylarynyň biri-de, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýadyr. Türkmenistan bu Konwensiýany 1994-nji ýylyň sentýabr aýynda tassyklap, oňa gatnaşyjy döwlet hökmünde goşuldy. Bu Konwensiýa çagalaryň hukuklaryna degişli kanun taýdan berkidilen ilkinji Konwensiýa bolup, dünýäniň ähli çagalarynyň adam hukuklarynyň esaslaryny öz içine jemleýär. Konwensiýa çaganyň dürli hukuklaryny – raýat, syýasy, ykdysady, sosial we medeni hukuklaryny berkidýär. Bu hukuklar öň ýeke-täk bir resminamada jemlenilmändi.
BMG-niň maglumatlaryna görä, häzirki döwürde ýaş nesiller adamzadyň iň iri gatlagy bolup durýar. Dünýädäki 10 ýaşdan 24 ýaşa çenli bolan ilatyň sany 1,8 milliarda barabardyr. Ol dünýäniň ilatynyň 18 göterimini düzýär. 2050-nji ýyla çenli ýaş nesilleriň sanynyň 2 milliard töweregi bolmagyna garaşylýar. Munuň özi gelejekde ylym-bilim pudagynda, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat ulgamynda, ykdysadyýetde we syýasatda täze, aň taýdan ösen nesliň kemala geljekdigini alamatlandyrýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) 2017-nji ýylyň 19-njy aprelinde geçiren mejlisinde Türkmenistanyň 2018-2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji Geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlar statusy boýunça komissiýasyna saýlanmagy baradaky guwandyryjy habar hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda saglyk, bilim we ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, çaganyň hukuklaryny goramak, gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde uly üns berilýändiginiň subutnamasy boldy. Ýurdumyzyň halkara mertebesini ýene-de bir gez ýokary galdyran bu möhüm habar Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasy ýörelgeleriniň uly goldaw tapýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň sekiz komissiýasynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar. Şolaryň çäklerinde ýurdumyz dünýä döwletleri bilen ysnyşykly halkara gatnaşyklaryny amala aşyrýar. Türkmenistanyň bäş gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlanmagy hem eziz Diýarymyzyň halkara derejesinde at-abraýynyň artýandygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler dünýä bileleşiginiň, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) ýaly halkara guramalarynyň giň goldawyna we ykraryna eýe bolýar. Müň ýyllygy ösdürmegiň maksatnamasynyň, “Çaganyň hukuklary hakynda” Konwensiýanyň we “Çagalaryň durmuşy üçin amatly dünýä” resminamalaryň çäklerinde taraplaryň özara düşünişmegini we hyzmatdaşlygyny mundan beýläkde berkitmek maksady bilen, Türkmenistan we ÝUNISEF ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary amala aşyrmakda özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýarlar. Şol maksatlar “Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş ugry” Milli maksatnamasynda we BMG-niň Türkmenistan üçin ýardam etmek we ösdürmek boýunça (ÝUNISEF) çarçuwaly maksatnamasynda beýan edilendir.
Türkmenistan döwletimiz BMG-ä hemişelik Bitaraplyk derejesi bolan Garaşsyz döwlet hökmünde girmek bilen, zenanlaryň we çagalaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak meselelerine bagyşlanan halkara hukuk resminamalarynyň birnäçesine goşuldy. Şeýlelikde, halkara kadalaryny ýerine ýetirmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny doly berjaý etmek boýunça halkara tagallalaryny yzygiderli utgaşdyrmak bilen giň möçberli hukuk özgertmelerini amala aşyrýar. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan BMG-niň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara Zähmet Guramasynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde baglaşylan möhüm halkara konwensiýalaryny we ylalaşyklaryny tassyklamak hem-de olara goşulmak hakynda birnäçe kararlar kabul edildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesinden ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada uly ähmiýet berilýär. Çagalar babatdaky döwlet syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryna we halkara hukuk namalaryna laýyklykda ýaş türkmenistanlylaryň beden, aň-bilim, ruhy, ahlak we durmuş taýdan ösmegini ygtybarly üpjün etmek arkaly dowam etdirilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklap, ýurdumyzyň ýaş nesliniň hem-de dünýädäki çagalaryň hukuklaryny goramaklyga uly goşant goşup, türkmen halkynyň halkara abraýyny has hem belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!
Aşyrgeldi Jumaýew,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň raýat
hukugy kafedrasynyň dosenti, hukuk ylymlaryň kandidaty.