Türkmeniň tudy öz gündelik durmuşynyň baş söýesine öwürmeginiň esasy sebäbi, bu agajyň özünden 31 sany peýdaly maddany howa goýberip, ony arassalap durýandygy bolsa gerek. Türkmen topragynyň müňde bir önümi bar. Olar bolsa, bir ýa-da birnäçe witamine, adamyň saglygy üçin peýdaly maddalara baý. Himiki düzümi barlananda tuduň köküniň gabygynda azyndan 6, şahasynyň gabygynda 7, ýapragynda 14, miwesinde hem 12 görnüşli turşulyklaryň, witaminleriň, tohumynda hem 23-37,6 göterime çenli ýaglaryň bardygynyň anyklanandygy barada hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda maglumat berýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp kitabynda tut agajynyň tudanasynyň, ýapragynyň, gabygynyň we köküniň guradylan we owradylan görnüşde aşgazan, ýürek-damar we başga-da birnäçe keselleri bejermekde halk lukmançylygynda asyrlarboýy ulanylandygy barada belläp geçýär. Tudana anemiýa, angina, tonzillit, stomatit, aşgazan-içege, pnewmaniýa, bronhit we beýleki keseller bejerilende ulanylýar. Miwesinde katotiniň, С we E witaminleriniň, seleniň bolmagy köp sanly kesellerden saplanmaga kömek edýär. Orta asyrlarda Lukman Hekimiň tut agajynyň ýapraklaryny tebipçilikde ulanandygy barada maglumatlar bar.
Tudanadan toşap gaýnadýarlar, mürepbe taýýarlaýarlar. Şonuň üçinem “Juwanlygy saklamagyň syry tut agajyny saýalap, tudana mürepbesi bilen çaýlamak” diýip, ýaşulularymyz aýdýarlar. Çünki, onuň saýasynda dynjyňy gowy alýarsyň we gan aýlanyşyň kadalaşýar. Nurana ýüzli gojalarymyzyň dynç alýan çaglary, olary köplenç tut agajynyň saýasynda görmek bolýandygy hem megerem şonuň üçindir.
Tut agajy diýlende Şükür bagşynyň goluna düşüp, dünýäni haýrana goýan gara gazma dutarymyz ýada düşýär. Çünki, tuduň örän dykyz, pugtalygy bilen tapawutlanýan sütün agajyndan dutardyr gyjak ýaly milli saz gurallary ýasalýar. Allanyň beren rysgyny tutdan ýasalan gap-gaçlarda iýseň, janyňa em bolýar.
Häzirki wagtda bezeg bagy hökmünde tutlar köp ekilýär, olara dürli şekilleri berip bolýar. Ol, esasan hem, şäherleriň köçeleriniň ugrunda, seýilgählerde we dynç alyş ýerlerinde ekilýär. Käbir halatlarda tut agajyny janly haýat şekilinde hem gür oturdyp ösdürýärler.
Taryhda dünýäniň yklymlarynyň ikisini, ýagny Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlaryny we halklaryny biri-birine ýakynlaşdyrmakda “Beýik Ýüpek ýoly” uly ähmiýete eýedir. Çyn-Maçyndan gözbaş alyp gaýdýan, uzynlygy ýedi müň kilometrden gowrak bolan bu ýoluň “Ýüpek ýoly” diýlip atlandyrylmagynyň hem özboluşly simwoliki manysy bar. Bu barada hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ajaýyp kitabynda şeýle ýazýar: “Bu şertli atlandyrma kerwen ýolundan Hytaýdan Günbatara köpsanly harytlaryň, esasan hem, ýüpegiň daşalandygy bilen bagly bolup durýar”. Çünki, kerwenleriň esasy ýüki ýüpek bolupdyr. Sebäbi türkmen ýüpeginiň hiliniň ýokarydygy hemmelere mälimdir. Şonuň üçin dünýä bazarynda oňa bolan isleg has-da ýokary bolupdyr. Muny Gahryman Arkadagymyz gymmaty egsilmejek kitabynda: “Myhmanlar Bagdadyň bazarynda türkmen ýüpeginden dokalan mata satyp, horjunlaryny altyn dinarlardan dolduryp gelýändiklerini, bahymrak ýola düşüp, eziz Watanyna dolanmagyň wajypdygyny duýduryp, ýola ugraýarlar” diýip, täsirli beýan edýär. Şeýle hem ýüpek ýeňil, ykjam bolansoň, ony uzak aralyga äkitmek hem amatly bolupdyr. Gündogaryň del harytlaryny, täsin habarlaryny, taryhy wakalarynyň söhbedini alyp gelýän syýahatçylaryň, täjirleriň gadymy Amulyň çäklerine girip, Jeýhunyň üstünden aşyp, Merwiň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň, Gürgenjiň üsti bilen çar tarapa – ýedi yklyma ugur almagy bolsa, gymmatbaha çig mal bolan piläniň şol birwagtyň özünde demirgazyk, günbatar we günorta ýurtlara çykarylmagyna türkmenlere doly mümkinçilik beripdir.
Tuduň atlaz ýaly ýapragyny iýen gurçugyň saran pilesinden alynýan ýüpekden dokalan lybaslary geýen gelin-gyzlarymyz al-elwan bolup, türkmeniň läle-reýhana gark bolan ýaşyl ýaýlalaryny ýatladýar. Arassa ýüpek piläniň iň saýlamalaryndan dokalýan keteni şolaryň naýbaşysy hasaplanýar. Keteni – hiç haçan gadyryny, gymmatyny gaçyrmadyk hem gaçyrmajak mata. Ol diňe türkmen gelin-gyzlarynda duş gelýän türkmeniň iň bir millilige ýugrulan matasydyr. Ony gelin-gyzlarymyz elde ýerine ýetirýän keşdesidir gaýmasy, basmasydyr pugtamasy, alajasydyr jähegi bilen gözel görke getiripdirler. X asyrda ýaşap geçen arap syýahatçysy Al Istahri türkmen topragynda bolanda, bu gözel ülkede dünýäniň hiç bir ýurdunda görmedik ýüpek atlazlara, ak kamys ýaly nah matalara gabat gelendigi barada maglumat galdyrypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimizde ýüpekçiligi ösdürmäge uly üns berilýär. Sebäbi ýüpekçilik pudagy dokma senagatynyň we oba hojalygynyň örän gadymy we möhüm pudaklarynyň biridir. Şol esasda häzirki wagtda piläniň bereketli hasylyny öndürmek, dokma senagatymyzy ýokary hilli ýüpek çig maly bilen üpjün etmek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Her ýylda tut agaçlarynyň köpçülikleýin ekilmegi diňe bir ýurdumyzyň ýaşyl zolagyny üpjün etmän, eýsem, biziň geljekki nesillerimiz üçin taýýarlaýan tebigy peşgeşimiz hem bolup durýar. Sebäbi diýarymyzyň toprak-howa şertlerinde ösýän we birnäçe asyrlap (150-200 ýyllap) ýaşap bilýän, dürli kesellere durnukly häsiýetli tut agajy ýüpek gurçugyny idetmekde esasy iýmit bolup durýar.
Bagtyýarlyk döwründe göwünlerimizi ganatlandyryp, ykballarymyzy çäksiz ýeňişler bilen hemişelik utgaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Jumagül Hojaýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat
birleşmesiniň utgaşdyryjysy,
Türkmenistanyň ussat mugallymy.