Sport ýa­ryş­la­ry­na öz­bo­luş­ly şow­hun, şat­lyk goş­ýan şekiller (ta­les­man) ýa-da mas­kot­lar öz göz­ba­şy­ny 1960-njy ýyl­la­ryň meş­hur ame­ri­kan gur­jak mult­film­le­ri Map­pets­ler­dan alyp gaý­dar. Hä­zir­ki wagt­da is­len­dik sport çä­re­sin­de giň­den ula­nyl­ýan şekiller aý­ra­ty­nam, ça­ga­la­ryň, ýaş­la­ryň ün­sü­ni spor­ta, ýa­ryş­la­ra gö­nük­dir­mek mak­sa­dy bi­len bäs­le­şik­le­riň be­ze­gi­ne öw­rül­ýär. Mas­kot­lar du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ril­ýän ma­ha­ly şow­hu­ny ha­sam art­dyr­ma­ga uly ýar­dam ber­ýär. Ir­ki ýyl­lar­da og­lan­jyk­la­ryň şe­ki­lin­de bo­lan şekiller, soň­ky ýyl­lar­da ýa­ry­şyň ge­çi­ril­ýän ýur­du­nyň iň meş­hur jan­dar­la­ry­nyň keş­bin­de dö­re­dil­ýär.
Fut­bol bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­yň şekilleri il­kin­ji ge­zek Ang­li­ýa 1966-da peý­da bol­ýar. Şon­da “Wil­li” at­ly ýol­bars şe­ki­lin­dä­ki şekil çem­pio­nat­da uly şow­hun dö­re­dýär. 1970-nji ýyl­da “Hua­ni­to” at­ly og­lan­jyk mek­si­kan egin-eşik­le­ri, aý­ra­ty­nam “somb­re­ro” şlýa­pa­sy bi­len hem­mä­niň ün­sü­ni özü­ne çe­kýär. 1974-nji ýyl­da “Tip we Top” at­ly 2 sa­ny og­lan­jyk Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň köý­nek­çe­le­ri bi­len çem­pio­na­tyň be­ze­gi­ne öw­rül­ýär. 1978-nji ýyl­da Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň köý­nek­çe­si­ni ge­ýen “Gau­çi­to” aty og­lan­jy­gyň ge­ýen şlýa­pa­sy uly meş­hur­lyk ga­za­nýar.
1982-nji ýyl­da “Na­ran­ži­to” at­ly pyr­ty­kala meňzeş şe­kil­i ýer eýe­le­ri is­pan­la­ryň mil­li to­pa­ry­nyň köý­nek­çe­si bi­len jan­kö­ýer­le­riň be­gen­ji­ne uly şat­lyk go­şýar. 1986-njy ýyl­da­ky şekil “Pi­ke” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Ol Mek­si­ka­nyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýan tu­tuş dün­ýä bel­li ajy, gy­zyl bur­çuň şe­ki­lin­de bo­lup­dy. Ol mur­ty we şlýa­pa­sy bi­len hem­mä­niň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. 1990-njy ýyl­da Ita­li­ýa­nyň baý­da­gy­nyň reňk­le­ri bi­len be­ze­len we kel­le­si top görnüşli uzyn sy­ryk şekil bo­lup­dy. Oňa “Çao” diý­lip, ol ital­ýan di­lin­dä­ki iň ýör­gün­li sözdür. Onuň ma­ny­sy sag­lyk-aman­ly­k diýmekdir. 1994-nji ýyl­da­ky çem­pio­na­tyň şekili “Straý­ker” at­ly it­ja­gaz bo­lup, ame­ri­ka­nyň baý­da­gy­nyň şe­ki­li bi­len be­ze­len şekile “USA 94” ýaz­gy­sy ýer­leş­di­ri­lip­dir.
1998-nji ýyl­da­ky ku­bo­ga gök reňk­li ho­raz şekil hök­mün­de saý­la­nýar. Ol Fran­si­ýa­nyň mil­li ny­şa­ny bo­lup, oňa “Fu­tiks” (fut­bol hem-de As­te­riks söz­le­rin­den eme­le ge­ti­ril­di) diý­lip at go­ýu­lýar. Il­kin­ji ge­zek 2 ýur­duň bi­le­lik­de gu­ran çem­pio­na­ty Günorta Ko­re­ýa/Ýa­po­ni­ýa 2002-de 3 şekil çy­kyş ed­ýär. “At­mo­bil” at­ly fut­bo­la ça­lym­daş oý­nuň gah­ry­man­la­ryn­dan saý­la­nan “Ato”, “Kaz” we “Nik” şekilleri, de­giş­li­lik­de, na­rynç, mor hem-de gök reňk­de bo­lup, “Ato” tä­lim­çi­ni, beý­le­ki iki­si-de oýun­çy­ny aň­la­dýar. Komp­ýu­ter­de taý­ýar­la­nan bu şe­kil­ler hal­kyň ses ber­me­gi esa­syn­da saý­la­nyp al­nan şekillerdir. Fut­bol oý­na­ýan ýol­bar­sy ýat­lad­ýan şekil “Go­leo VI” hem-de oňa kö­mek­çi “Pil­le” fut­bol to­py Ger­ma­ni­ýa 2006-nyň be­ze­gi­ne öw­rü­lýär. Öz­bo­luş­ly wu­wu­ze­la tüý­dük­le­ri­niň owa­zy bi­len ýat­da ga­lan Gü­nor­ta Af­ri­ka 2010-nyň şekili “Za­ku­mi” bo­lup, şol ala­ja­barsyň sa­çy ýa­şyl, te­ni al­tyn­sow reňk­de­dir. “Za­ku­mi” sö­zi “Za” (Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň döw­let bel­gi­si) bi­len “Ku­mi” (ýer­li 10 sa­ny dil­de ala­ja­bars diý­mek­dir) söz­le­rin­den eme­le gel­ýär. Mun­dan 4 ýyl öň­ki çem­pio­na­tyň şekili-de “Fu­le­ko” bo­lup, ol Bra­zi­li­ýa­da seý­rek duş gel­ýän bro­ne­no­ses­li jan­dar­la­ryň bi­ri­dir. Ady “Fu­te­bol” (fu) hem-de “Ecolo­gia” (le­ko) söz­le­rin­den ge­lip çyk­ýar.
Bu ýyl­ky çem­pio­na­tyň şekili mö­jek bo­lup, ol ses ber­li­şik­de pi­şik hem-de gap­la­ňdan öňe saý­lanýar. Ta­lyp Ýe­ka­te­ri­na Bo­ça­ro­wa ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan şekiliň ady “Za­bi­wa­ka” bo­lup, ol gol ge­çi­ri­ji di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýar.