Milli Liderimiziň maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň bank ulgamynyň alyp barýan işlerine aýratyn möhüm orun degişlidir. Bank ulgamynyň maýa goýumlary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna: ýangyç-energetika toplumyny, senagat we oba hojalyk pudaklaryny, gurluşyk toplumyny, ulag we aragatnaşygy, saglygy goraýşy maliýeleşdirmeklige, şeýle hem ilatyň ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna, çagalar baglaryny, mekdepleri, dürli görnüşli söwda merkezlerini, edara binalaryny gurmaklyga gönükdirilendir. Onuň esasynda amala aşyrylýan işjeň maýa goýum syýasaty ýurtda dürli meseleleri üstünlikli çözmäge ähli amatlyklary döretdi. Bu amatlyklar ilaty goşmaça iş ýerleri bilen üpjün etmek, maşgala girdejilerini artdyrmak, ýurduň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, dünýä bazaryna ýokary hilli, bäsleşige ukyply, taýyn önümler bilen çykmak, täze pudaklary kemala getirmek we ösdürmek, milli baýlyklarymyzy özleşdirmegi çaltlandyrmak ýaly birnäçe döwlet ähmiýetli wezipelerde öz beýanyny tapýar.
2018-nji ýylyň 16-njy martynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen duşuşdy we ýurdumyzyň işewür wekilleriniň öňünde çykyş edip, bu birleşigiň 10 ýylyň dowamynda alyp baran işlerine baha berdi hem-de milli ösüşiň ileri tutulýan maksatlaryny kesgitledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň telekeçilerini höweslendirmegiň nobatdaky çäresine öwrülen täze maksatnamany tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Telekeçilerimiziň öz işine ussatlygynyň ýokarlanandygyny göz öňinde tutup, döwlet Baştutanymyz ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň taslamasyny, Garlykda kaliý dökünlerini öndürýän ýene-de bir kärhananyň taslamasyny amala aşyrmagy telekeçilere tabşyrmak barada karara gelendigini habar berdi. Bu taslamalary amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine döwlet karz serişdelerini bermek hakyndaky Karara hem gol çekdi. Bu Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi banky Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň üsti bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýyllyk bir göterim bilen 5 ýyl ýeňillikli döwri bolan 20 ýyl möhlete 2 milliard 400 million amerikan dollaryna çenli möçberde karz berer. Lebap welaýatynyň “Tübigatan” kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin bolsa, ýyllyk 3 göterim bilen 4 ýyl ýeňillikli döwri bolan 11 ýyl möhlete 600 million amerikan dollaryna çenli möçberde karz berer. Beýle çäräniň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokarlandyrmaga uly goşant boljakdygy mälimdir.
Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmelerinde maýa goýum syýasaty aýratyn orun eýeleýär. Ýurduň ykdysadyýetine goýulýan umumy maýa goýumlarda daşary ýurtlardan çekilýän maýa goýumlaryň paýynyň yzygiderli ýokarlanmagyna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Ykdysadyýeti ösdürmekde hereketlendiriji güýç bolmak bilen daşary ýurt maýa goýumlary umumy ykdysady ýagdaýa, ozaly bilen-de, önümçiligiň ösüşine, maliýe-karz ulgamynyň ýagdaýyna we ilatyň tölege ukyply islegleriniň derejesine özüniň oňaýly täsirini ýetirýär.
Şonuň üçin hem ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, ýokary depginli durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen, mundan beýläk hem daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin ähli hukuk binýadynyň döredilmegi we onuň döwrüň talabyna laýyklykda, kämilleşdirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Bu meselede dünýäniň ösen döwletleriniň oňyn tejribesini milli ykdysadyýetimiziň ösüş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup öwrenmek, şol öňdebaryjy usullary milli tejribämize ornaşdyrmak – ykdysadyýetiň ösüşine oňaýly täsir edýän guraldyr.
Daşary ýurtlardan çekilýän maýa goýumlaryň ýurdumyzyň iň wajyp önümçilik durmuş ugurlaryna gönükdirilmegini üpjün etmek iň esasy wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Bu meseleleriň üstünlikli çözülmegi ýurdumyzyň önümçilik pudagyny iň öňdebaryjy tehnika we innowasion tehnologiýa bilen üpjün etmäge, önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmaga, halkara talaplaryna laýyk gelýän önümleri öndürmäge, taýýar önüm bilen dünýä bazaryna çykmaga, ýurda gelýän gyzyl puluň köpelmegine zerur bolan şertleri döreder.
Daşary ýurt maýa goýumlaryny netijeli ulanmagyň ýene-de bir ugry ýurdumyzda dünýäniň ösen döwletleri bilen bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegidir. Ol bolsa, öz gezeginde, diňe bir goşmaça iş ýerlerini döretmäge mümkinçilik bermän, eýsem, hünärmenlerimiziň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlardan gyzyl pula satyn alynýan harytlarymyzy öz ýurdumyzda öndürmäge we döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has hem pugtalandyrmaga esas bolup, hyzmat eder. Häzirki wagta çenli ýurdumyzda uly möçberli iri taslamalar döwlet serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna has çuňňur aralaşmagy banklar tarapyndan berilýän uzak möhletleýin karz we pudaklaryň öz serişdeleri, şeýle hem dünýäniň abraýly halkara maliýe-karz institutlary tarapyndan berilýän serişdeleriň paýy we orny yzygiderli ýokarlanýar. Muňa mysal hökmünde, Halkara Pul Gaznasy, Yslam ösüş banky tarapyndan berilýän uzak möhletli, uly möçberli karzlary agzamak bolar. Ýurtda amala aşyrylýan işjeň maýa goýum syýasaty ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga, köp ugurly ösüşi üpjün etmäge, täze pudaklaryň kemala gelmegine, daşary ýurtlardan import edilýän harytlary öz ýurdumyzda öndürmäge, döwletimiziň gyzyl puluny tygşytlamaga, dünýä döwletleri bilen ykdysady-söwda gatnaşyklarynyň gerimini has hem giňeltmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, 2018-nji ýylyň birinji çärýeginiň jeminde önümleriň eksport edilişiniň möçberi geçen ýyldaka garanyňda, 14,2 göterim ýokarlandy, import edilýän harytlaryň möçberi bolsa, 40 göterim diýen ýaly azaldy. 2018-nji ýylda ýurdumyzyň gurluşyk pudagyna döwlet tarapyndan berilýän üns has hem ýokarlanýar. Ol bolsa, öz gezeginde, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenilen belent sepgitlere ýetmek üçin ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga öz saldamly goşandyny goşar. Munuň özi ahyrky netijede Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda durnuklylygyň, milli sazlaşygyň, raýat asudalygynyň we agzybirliginiň dabaralanmagyna getirer.
Hüseýin Hajygurbanow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy.