Ary­lar te­bi­ga­tyň iň us­sat bi­na­gär­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Olar dür­li gül­ler­den iň gym­mat­ly iý­mi­ti we der­ma­ny taý­ýar­la­mak bi­len çäk­len­me­ýär­ler. Ary­lar al­ty­burç­lyk priz­ma gör­nüş­li öý­jük­ler ýa­san­ýar­lar. Ola­ryň içi ba­şa­şak pi­ra­mi­da gör­nüş­li bol­ýar. Ola­ryň öý­jük­le­ri­ne ary kö­ke, kömeç hem di­ýil­ýär. Her öý­jü­giň çuň­lu­gy 3 san­ti­met­re çen­li, di­wa­ry­nyň ga­lyň­ly­gy mil­li­met­riň 20-den bi­ri ýa­ly bol­ýar. Şeý­le ýu­ka­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, onuň gur­lu­şy, ýag­ny al­ty­burç bol­ma­gy için­dä­ki ba­ly sak­lap bil­ýär. Ola­ryň al­ty­burç bol­ma­gy­nyň baş­ga-da bir­nä­çe se­bä­bi bar. Eger bäş­burç, se­kiz­burç ýa-da te­ge­lek bol­sa, her gö­ze­ne­giň ara­syn­da boş­luk eme­le ge­ler. Bu bol­sa, ola­ryň has köp zäh­met çek­me­gi­ne, ýe­ri­ni bi­sar­pa ulan­ma­gy­na ge­ti­rer­di. Şol bir meý­dan­da üç­burç, dört­burç we al­ty­burç şe­kil­ler çy­zy­lan­da, ola­ryň ara­syn­da iň gys­ga­sy al­ty­burç­lyk­dyr. Ýag­ny ary­lar öz bal­la­ry­ny sak­la­mak­da iň az ma­te­ri­al ula­nyp, iň giň meý­da­ny dö­red­ýär­ler.
As­lyn­da, ma­te­ma­ti­ka­nyň, geo­met­ri­ýa­nyň we sim­met­ri­ýa­nyň aja­ýyp saz­la­şy­gyny di­ňe ary öý­jük­le­rin­de däl, te­bi­ga­tyň äh­li ýe­ri­ne üns­li se­re­de­ni­miz­de görmek bolýar. Ola­ra ga­ryň san­syz toz­ga­jyk­la­ry­nyň bir-bi­ri­ne meň­ze­me­ýän al­ty­burç­lyk şe­ki­li, ösüm­lik­le­riň ýap­rak­la­ry­nyň ýa-da dä­ne­le­ri­niň ha­ta­ry, mi­ne­ral kris­tal­la­ryň geo­met­rik gur­luş­la­ry ta­wus gu­şu­nyň guý­ru­gyn­da­ky reňk­ler, mö­ýüň ke­re­bi­niň şe­ki­li my­sal ge­ti­ri­lip bi­li­ner. Ola­ryň daş­ky şe­ki­li­niň gö­zel­li­gi şol bir­wagt­da ma­te­ma­ti­ki saz­la­şy­gy hem eme­le ge­tir­ýär­ler.
Ço­pan­tel­pek gü­lü­niň or­ta­syn­da­ky sag spi­ral­la­ryň sa­ny­nyň 21, çep spi­ral­la­ryň sa­ny­nyň 34 bol­ma­gy, ana­nas mi­we­sin­de sag­da 8, çep­de 13 spi­ral bol­ma­gy hem haý­ran gal­dy­ry­jy­dyr.
Or­ta asyr­lar­da Ýew­ro­pa­nyň iň meş­hur ma­te­ma­ti­gi Leo­nar­do Fi­bo­naç­çi (1170-1250) her sa­nyň özün­den öň gel­ýän iki sa­nyň je­mi­ne deň bo­lan san­lar dü­zü­mi­ni dö­red­ýär. Bu yzy­gi­der­li­lik şeý­le­räk bo­lup­dyr: 1, 1, 2, 3, 5, 8, 13, 21, 34, 55, 89, 144, 233, 377, 610… Üns be­ren bol­sak, Fi­bo­naç­çi­niň dü­zen san yzy­gi­der­li­li­gi­ ýo­kar­da gör­ke­zi­len mi­we­dä­ki we gül­dä­ki san­lar bilen ga­bat gel­ýär. Bu ýag­daýa te­bi­gat­da baş­ga ýer­ler­de hem duş gelin­ýär.