Delfiniň peşgeşi (Elizabet Gaueýn)

Men ýe­ke özüm, tak­my­nan, 40 fut çuň­luk­da suw as­tyn­da gal­dym. Ar­kaň­da ha­las edi­ji gu­ra­lyň ýok bol­sa, su­wa çüm­me­li däl­di­gi­ni bil­ýär­dim, ýö­ne özü­mi tej­ri­be­li guw­was saý­ýan­ly­gym üçin tö­wek­gel­çi­li­ge ýüz ur­ma­ly di­ýen ka­ra­ra gel­dim. Bu ýer­de akym on­çak­ly güýç­li däl­di, suw hem ju­da ýy­ly, aras­sa hem-de my­la­ýym­dy. Ha­çan-da, me­niň da­mar­la­rym dar­ty­lyp baş­lan­da, nä­hi­li sam­syk­ly­ga ýol be­ren­di­gi­me dü­şü­nip gal­dym. Men ga­ty bir bi­ra­hat hem däl­dim, ýö­ne gar­nym­da­ky agy­ry me­ni iki bü­kül­mä­ge mej­bur et­di. Men bi­lim­den ýük­li guw­was ke­me­ri­mi aýyr­ma­ga sy­na­nyş­dym, ýö­ne gar­nym şeý­le bir agyr­ýar­dy we­lin, men oňa eli­mem de­g­rip bil­me­dim. Kem-kem­den has aşak çü­müp baş­la­dym, gy­myl­da­ma­ga me­ja­lym gal­ma­dy, me­ni haý­sy­dyr bir gor­ky gur­şap al­dy. Elim­dä­ki sa­ga­da kyn­lyk bi­len se­re­de­nim­de, ba­llo­nym­da­ky kis­lo­ro­dy­ňam aza­lyp bar­ýan­dy­gy­na göz ýe­tir­dim. Men gar­ny­my ow­ka­la­ma­ga sy­na­nyş­dym, ýö­ne men­de guw­was eşi­gi­niň ýok­du­gy­na ga­ra­maz­dan, di­ke­lip, çek­ýän da­mar­la­ry­ma eli­mi ýe­ti­rip bil­me­ýär­dim.
“Men in­di şeý­dip o dün­ýä gi­di­ber­me­li bor­mu­kam?!” di­ýen pi­kir kel­lä­me gel­di. “En­tek et­me­li bir­to­par iş­le­rim bar ahy­ryn! De­rek­siz ýi­te­sim ge­le­nok, ahyr­so­ňun­da-da, hiç kim ma­ňa nä­me bo­la­ny­ny bil­mez”.
Şol wagt men öz ýa­nym­dan: “Kim­dir bi­ri ýa-da nä­me­dir bir zat ma­ňa kö­mek et­se­di!” di­ýip, pi­kir öwür­dim. Men beý­le zat­lar bo­lar öý­düp kel­lä­me hem ge­tir­me­ýär­dim. Bir­de­nem, kim­dir bi­ri­niň eg­nim­den çalaja itýänini duý­dum. Me­ni gor­ky gap­lap al­dy. “Aku­la­my­ka?, Ýok, şol bir bol­ma­wer­sin!”.
Şol wagt ol zat me­niň eli­mi güýç bi­len sä­hel­çe gal­dyr­dy, me­niň öňüm­de hy­ýa­ly­ma-da ge­l­me­dik aja­ýyp göz­ler peý­da bol­dy. Ol göz­ler uly del­fi­niň göz­le­ri­di, oňa ga­rap, özü­miň ha­las bo­lan­dy­gy­ma göz ýe­tir­dim. Göw­nü­me bol­ma­sa, ol ýyl­gyr­ýan ýa­ly­dy. Jan­dar öňe süý­şüp, me­ni gap­dal ýa­ny­na ça­la­ja itip, ýa­pyş­ma­gym üçin ýa­gyr­ny ýüz­güç­le­ri­ni go­laý­laş­dyr­dy. Men özüm­de ju­da ýe­ňil­lik duý­dum, ra­hat­lan­dym, he­mem ony mä­käm gu­jak­la­dym. Bu jan­da­ryň me­niň ha­las bol­ma­gy­my aň­lad­ýan­dy­gy­ny bil­dim, ol me­ni di­ňe bir ýo­ka­ry alyp git­män, ja­ny­ma ra­hat­ly­gam ber­di. Şeý­le­lik­de, biz bi­le­lik­de ýü­zü­şi­mi­zi do­wam et­dir­dik, gar­nym­da­ky agy­ry hem ke­sil­di, in­di men özü­miň howp­suz­ly­gy­m üçin begenýärdim, çün­ki hut bu del­fin me­ni ha­las ed­ýär­di. Jan­dar me­ni su­wuň ýü­zü­ne çy­ka­ryp, ke­na­ra ta­rap it­ýär­di. Deň­ziň ke­na­ry şeý­le bir ýal­pak­dy we­lin, hat­da me­niň özüm del­fi­niň ke­nar­da ga­la­ryn­dan ala­da edip, ony çuň­lu­ga ta­rap it­dim. Ol ja­na­war bol­sa, me­niň ýag­da­ýy­myň oňat­ly­gy­na göz ýe­tir­mek üçin ma­ňa üns bi­len ga­rap ga­raş­ýar­dy.
Men dün­ýä tä­ze­den inen ýa­ly bol­dum. Guw­was ke­me­ri­mi we kis­lo­rod­ly bal­lo­ny­my çy­kar­dym, beý­le­ki ga­lan zat­la­ry­my hem ke­na­ra taş­lap, eg­ni a­çyk ýag­daý­da um­ma­na – del­fi­niň ýa­ny­na do­la­nyp gel­dim. Men özü­mi şeý­le bir er­kin, şa­dy­ýan, ýe­ňil duý­ýar­dym, bu er­kin­lik­den lez­zet alyp, çog­ly Gü­ne­şiň as­tyn­da bir­sa­lym ýaý­na­ma­gy ýü­re­gi­me düw­düm. Del­fin me­ni um­man möwç­le­ri­niň ara­sy­na alyp git­di, tol­kun­la­ryň ara­syn­da meniň bi­len uzak wagt­lap oý­na­dy. Men ol ýer­de ýe­ne-de bir­to­par del­fin­le­riň bar­dy­gy­na göz ýe­tir­dim.
Bir­nä­çe wagt­dan soň, ol me­ni yzy­ma – ke­na­ra ge­tir­di. Men şeý­le bir ýa­dap­dym, tas özü­mi ýi­ti­rip­dim, ol il­ki bi­len me­niň howp­suz ýe­re çy­kan­dy­gy­ma göz ýe­tir­di, soň­ra ma­ňa ta­rap gap­dal­la­ýyn öw­rü­lip, gö­zü­niň gy­ta­gy bi­len se­re­dip dur­dy. Biz şeý­le ýag­daý­da gö­ýä, ja­dy­la­nan ýa­ly ýe­ne-de bir­nä­çe wagt­lap do­ňup gal­dyk. Soň­ra del­fin öz­bo­luş­ly bir ses çy­ka­ryp, beý­le­ki delfinlere go­şul­dy, sä­hel­çe wagt­da­nam olar um­man möwç­le­ri­niň ara­syn­da göz­den ýit­di­ler.

Batyrlyk hakynda (Den Midlman)

– Sen me­ni ba­tyr ha­sap­la­ýar­syň­my? – di­ýip, bir ge­zek dos­tum so­ra­dy.
– Eý­sem nä­me!
– Müm­kin, şeý­le hem bo­lup bi­ler, ýö­ne bir ge­zek me­niň gö­zü­miň al­nyn­da nus­ga alar­lyk, ruh­lan­dy­ry­jy wa­ka bo­lup geç­di. Men sa­ňa şol wa­ka ba­ra­da gür­rüň be­re­ýin. Bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal, Sten­ford ke­sel­ha­na­syn­da meý­le­tin­çi bo­lup iş­le­ýär­käm, Laý­za at­ly ki­çi­jik gyz bi­len ta­nyş bol­dum. Ol seý­rek duş gel­ýän agyr ke­se­lleriň birinden ejir çekýärdi. Onuň sa­gal­mak üçin ýe­ke-täk umy­dy özüne gan goý­ber­ilmeginden yba­rat bo­lup, onuň do­no­ry bol­sa, bäş ýaş­ly do­ga­ny bol­ma­ly­dy. Luk­man og­lan­jy­ga emele gelen ýag­da­ýy dü­şün­dir­ýär we on­dan öz uýasyna ga­ny­ny ber­mä­ge taý­ýar­dy­gyny ýa-da däl­di­gi­ni so­raýar. Men onuň jo­gap ber­mez­den ozal, di­ňe bir pur­sat ýaý­da­nan­dy­gy­ny gö­rüp gal­dym.
– Ha­wa, el­bet­de, eger-de, bu Laý­za­ny ha­las et­se.
Gan goý­be­rilip dur­ka, ol uýasynyň ýanynda, di­wan­da ýa­tyr­dy, bi­ziň äh­li­miz ýa­ly gyz­ja­ga­zyň ýa­ňa­gy­nyň tä­ze­den gy­zar­jak­dy­gy­ny syn­lap ýyl­gyr­ýar­dy. Soň onuň ýü­zü­niň reň­ki öç­di we ýylgyrmasyny goýdy. Ol lukmana gabagyny galdyryp, san­dy­ra­wuk sesi bi­len so­ra­dy:
—Eýsem, men edil hä­zir jan be­re­rin­mi?
Ki­çi­jik og­lan­jyk luk­ma­nyň söz­le­ri­ne nä­dog­ry dü­şü­nip, uýasyna özü­niň bar ga­ny­ny ber­me­li­dir öýdüpdir.
Şo­nuň üçin, eger-de men ba­tyr­gaý­lyk ed­ýän bol­sam, bu di­ňe me­niň gö­zü­miň öňün­de şeý­le nus­ga alar­lyk, ruh­lan­dy­ry­jy wa­ka­nyň bo­lup ge­çen­li­gi üçin­dir – di­ýip, ol sözüni jemledi.

Diňe bir niýetiň däl, hereketleriňem wajyp (Patrisiýa Fripp)

Bu wa­ka Ok­la­ho­ma Si­ti­niň gü­neş­li gün­le­ri­niň bi­rinde bo­lup­dy. Me­niň dos­tum buý­san­jaň ata Bob­bi Lýuis öz iki og­lu­ny mi­ni-golf oý­na­ma­ga alyp gi­dip­dir. Ol pe­tek sa­ty­ja ýüz­le­nip:
– Pe­tek nä­çe­den?
– Si­ziň üçin üç dol­lar, üç dol­lar hem al­ty ýaş­dan uly ça­ga­lar üçin. Al­ty ýaş­ly we on­dan ki­çi­le­ri mugt goý­ber­ýä­ris. Si­ze nä­çe­si ge­rek? – di­ýip, ýaş ýi­git so­rap­dyr.
Bob­bi:
– Bi­ri üç ýa­şyn­da, ikin­ji­si ýe­di ýa­şyn­da, diý­mek, men sa­ňa al­ty dol­lar ber­me­li.
Pe­tek sat­ýan ýi­git gy­zyk­la­nyp:
– Me­ni diň­le, ser! Sen nä­me tä­ze­lik­de ba­ýa­dyň­my? Sen üç dol­lar tyg­şyt­lap bil­jek­diň ahy­ryn. Sen ma­ňa uly­m hem al­ty ýa­şyn­da di­ýen bol­saň, men aň­maz­dym ahy­ryn.
– Ha­wa, şeý­le hem bo­lup bi­ler­di, ýö­ne ça­ga­lar aňar­dy­lar-a – di­ýip, Bob­bi jo­gap be­rip­dir.
Ne­ti­je: her hi­li ýag­daý­lar­da hem tö­we­re­gi­ňiz­dä­ki­le­re oňat nus­ga gör­ke­ziň.