Her bir ta­ry­hy eý­ýam­da hal­kyň, döw­rüň ru­hu­ny, adam­la­ryň ýe­ňiş­le­ri­ni do­ly de­re­je­de ala­mat­lan­dyr­ýan esa­sy ny­şa­ny bol­ýar. Türk­men hal­kyn­da bol­sa, asyr­la­ry we köp san­ly ne­sil­le­ri, üs­tün­lik­le­ri we ýe­ňiş­le­ri, zäh­me­ti we saz­la­şy­gy bag­la­nyş­dyr­ýan esa­sy ny­şan ahal­te­ke be­de­wi­dir. Köp san­ly ta­ry­hy mag­lu­mat­lar ga­dy­my at­şy­nas­lyk mer­ke­zi­niň Or­ta Azi­ýa­dy­gy­ny, has ta­ky­gy, Türk­me­nis­tan­dy­gy­ny anyk kes­git­le­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­dä­ki ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler­de ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­rin­de ýü­ze çy­ka­ry­lan ta­pyn­dy­lar mu­nuň şeý­le­di­gi­ni su­but ed­ýär. Amy­der­ýa­nyň ýa­ka­syn­da­ky ar­heo­lo­gik ta­pyn­dy­lar­da at­la­ryň şe­kil­le­ri has-da ag­dyk­lyk ed­ýär. Bel­li alym, pro­fes­sor W.I.Sa­ria­ni­di­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de, Mur­ga­byň ga­dy­my aky­myn­da­ky ta­py­lan bü­rünç en­jam­ly ara­ba­la­ryň ga­lyn­dy­la­ry, eýer­li at­la­ryň daş heý­kel­le­ri, ça­pyk­su­war­la­ry ha­ta­ra dur­ma­ga ça­gyr­ýan tüý­dük­ler we iň esa­sy bol­sa tu­tuş Mer­ke­zi Azi­ýa­da hem-de Ýa­kyn Gün­do­gar­da ta­ryh yl­myn­da tä­ze açyş bol­dy. Mu­nuň özi mar­guş­ly­la­ryň dur­mu­şyn­da be­dew­le­riň bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan ozal­ky III asy­ryň ahyr­la­ryn­da we II asy­ryň baş­la­ryn­da bo­lan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan mag­lu­mat­lar­dyr.
Şol dö­wür­ler­de her bir at eýe­si öz at­la­ry­nyň daş be­ze­gi­ne, onuň ýyn­dam­ly­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­rip­dir. Ýer­li şert­ler be­dew­le­riň adam­lar bi­len ys­ny­şyk­ly ýa­şa­ma­gy­ny we ola­ryň bi­ri-bi­ri­ne bo­lan te­bi­gy gat­na­şy­gy­ny şert­len­di­rip­dir. Şeý­le­lik­de, türk­men ýi­git­le­ri be­de­wi we­pa­ly dos­ty sa­ýyp­dyr. Köp ha­lat­lar­da ola­ryň öm­ri be­de­wi­ne bag­ly bo­lup­dyr. Hut şo­nuň üçi­nem ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň di­ňe bir eýe­si bar diý­lip, rast aý­dy­lyp­dyr. Türk­men­le­riň we ola­ryň at­la­ry­nyň bi­ri-bi­ri­ne bo­lan bag­la­ny­şy­gyn­dan paý­has­ly jüm­le­ler eme­le ge­lip­dir we ola­ryň bag­la­ny­şy­gy mä­hir­li gat­na­şy­ga öw­rü­lip­dir.
Hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä bel­li ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň asyl me­ka­ny bo­lan ýur­du­myz­da at­çy­lyk pu­da­gy­nyň we at­çy­lyk spor­tu­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi ba­bat­da ägirt uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de äh­li amat­lyk­la­ry, ze­rur müm­kin­çi­lik­le­ri özün­de jem­le­ýän, dün­ýä­niň iň kä­mil en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len döw­re­bap aý­law­lar, at­çy­lyk sport top­lum­la­ry gu­rul­dy. Olar­da at­çy­lyk spor­ty bo­ýun­ça ze­rur iş­le­ri alyp bar­mak ar­ka­ly at­şy­nas­la­ryň ga­dy­my mil­li däp­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi ug­run­da mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu bol­sa, ýur­du­myz­da at­çy­lyk spor­tu­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­niň, mil­li at­şy­nas­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň saz­la­şyk­ly ösüş ýo­lu­na düş­me­gi­ni şert­len­dir­di.
Şun­luk­da, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň ga­dy­my şöh­ra­ty di­kel­dil­di di­ýip, ar­ka­ýyn aýt­sa bo­lar. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gyç­la­ry bo­ýun­ça Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy dö­re­dil­di. In­di dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne ga­dyr goý­ýan­la­ryň, at­şy­nas­la­ryň, bel­li se­ýis­le­riň, at­şy­nas alym­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz­da bu ug­ra de­giş­li hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Her ýyl­da Türk­men be­de­wi­niň baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­myz­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň Hal­ka­ra gö­zel­lik bäs­le­şi­gi we bu ug­ra de­giş­li hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­ýär. Şun­luk­da, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň dün­ýä ýü­zün­dä­ki ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gy­na giň ýol açyl­dy. In­di türk­men ça­pyk­su­war­la­ry hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän at ça­py­şyk­la­ry­na iş­jeň gat­na­şyp, öz us­sat­lyk­la­ry­ny äle­me aýan ed­ýär­ler.
Hä­zir­ki dö­wür­de gö­nü­den-gö­ni Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len be­dew­le­riň ga­dy­my şöh­ra­ty tä­ze­den di­kel­dil­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­na de­giş­li Ak­han at­ly be­de­wi­ň çar­pa­ýa ga­lyp, kes­git­le­nen on metr ara­ly­gy geç­mek­de dün­ýä­niň re­kor­dy­ny tä­ze­le­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Ak­ha­nyň şu ara­ly­ga 4,19 se­kunt wagt gör­kez­me­gi, onuň on met­re gör­ke­zen tiz­li­gi­niň ozal­ky dün­ýä re­kor­dy­nyň gör­ke­zi­ji­sin­den iki es­se­den gow­rak ýo­ka­ry bol­ma­gy türk­men hal­ky­nyň buý­san­jy­ny art­dyr­dy.
Bu bol­sa, Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len at­çy­lyk pu­da­gy­nyň we at­çy­lyk spor­tu­nyň äh­li gör­nüş­le­ri­niň hal­ka­ra de­re­je­sin­de ös­dü­ril­me­gi ug­run­da edil­ýän be­ýik iş­le­riň oňyn ne­ti­je­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni no­bat­da­ky ge­zek äş­gär ed­ýär.

Aý­bi­bi Aý­mäm­me­do­wa,
Türk­menistanyň Döw­let luk­man­çy­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň as­sis­ten­ti.