Milletimiziň beden we ruhy taýdan sagdynlygy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Saglygy goraýyş ulgamyny we şypahana-bejeriş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň üsti her ýyl täze desgalar bilen ýetirilýär. 2017-nji ýylyň mart aýynda Aşgabatda innowasiýa häsiýetli stomatologiýa we oftalmologiýa ylmy merkezleri açyldy. Şol ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkezi ulanmaga berildi. Ýakyn wagtda Aşgabatda ýanyklary bejermegiň ýöriteleşdirilen merkezi gurlar. Şeýlelikde, lukmançylyga degişli tutuş ulgam döredilen paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde ýokary tehnologiýaly klinikalaryň ulgamy maksadalaýyk giňeýär.
Mary şäherinde iç keselleri hassahanasy işe girizildi. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalary iş ýüzünde öňdebaryjy ylmy-tehniki serişdelere we usullara eýe bolan lukmançylyk hyzmatynyň täze nusgasyny kemala getirmäge ýardam berer.
Bu babatda lukmançylyk – şypahana kömeginiň ilkinji basgançagynyň edaralarynyň döwrebaplaşdyrylmagy aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr, sebäbi şäher we oba ambulatoriýa gulluklary derejesinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň özgerdilmegi ýokary depgine we hemmetaraplaýyn häsiýete eýe bolýar. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Artyk obasynda Saglyk öýi bina edildi, Duşak şäherçesinde keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumy, Ak bugdaý etrabynyň Täze durmuş, Tejen etrabynyň Zähmet we Babadaýhan, Sarahs etrabynyň Garaman obalarynda hem saglyk öýleri peýda boldy, Balkanabat şäherinde 1-nji saglyk öýi ulanmaga berildi. Häzirki zaman bejeriş, anyklaýyş, okuw we önümçilik enjamlary bilen üpjün edilen bu merkezler ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrýar.
Häzirki wagtda Mary şäherinde çagalar hassahanasynyň, Türkmenbaşy şäherinde – “Awazada” 200 orunlyk şypahananyň gurluşygy tamamlandy. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýurdumyzda iri köpugurly hassahanany ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär. Balkan welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goramak merkezini gurmak hem-de iň täze lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrmak işleri dowam etdirilýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesinde hem-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesinde, Gaýnarbaba tebigy çeşmäniň golaýynda häzirki zaman şypahanalaryny gurmak barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde degişli işler geçirilýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna bejerişiň täze usullary, tehnologiýalary we kämil enjamlar ornaşdyrylýar. Döwrebap ylmy-kliniki merkezler, häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edilen bejeriş-öňüni alyş edaralary gurulýar. Ýeri gelende aýtsak, ornaşdyrylýan enjamlaryň agramly bölegi bu ugurda öňdebaryjy hasaplanylýan Germaniýa Federatiw Respublikasynda öndürilen enjamlardyr. Şeýle ýokary hilli lukmançylyk enjamlary arkaly keselleriň öňüni almak we olary anyklamak işleri gysga wagtda durmuşa geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýurdumyzda ýokanç wiruslaryň köpüsiniň ýokdugyny ykrar etdi. Ynha, eýýäm ençeme ýyl bäri ýurdumyzda gyzamyk we garamyk keselleriniň hasaba alnan ýagdaýlary bolmady. Bularyň hemmesi saglygy goraýyş ulgamynda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda yzygiderli geçirilýän işleriň netijesidir.
Umuman, soňky ýyllarda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň hem-de saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmegiň çäklerinde ägirt uly işler amala aşyryldy. Şol işleriň netijesinde, ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygy artdy. Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralarynda ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary ilat üçin elýeterli boldy. Öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi netijesinde, keselleriň sany azaldy. Ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmek we derman serişdeleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça giň möçberli çäreler geçirildi, hünärmenleri taýýarlamaga we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, lukmançylyk ylmyny ösdürmäge aýratyn üns berildi.
2016-njy ýylda Halkara newrologiýa merkeziniň, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň, Morfologiýa merkeziniň, Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkeziniň binalary öz işine başlady. Saglyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek babatda gurlan binalaryň ählisi halkyň sagdyn bolmagyna gönükdirilendir. Şolaryň hataryndaky Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň hem aýratyn ähmiýeti bar. Bu merkez häzirki zaman innowasiýa häsiýetli edara bolup, onuň işi durmuş we biologiýa şertleriniň ilatyň saglygyna ýetirýän täsirine ylmy seljermeleri geçirmek, ekologiýa taýdan arassa azyk tehnologiýalarynyň hem-de sagdyn iýmitlenmegiň kadalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilendir.
“Milletiň saglygy – ýurduň baýlygy” şygary baş ýörelge edinmek bilen, döwletimiz saglygy goraýyş ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösmegine möhüm ähmiýet berýär. Ilatyň saglyk derejesiniň ýokarlanmagyna, saglygy goramak babatda adamlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş-ykdysady we lukmançylyk çäreleriniň ulgamyny has netijeli peýdalanmagy ugur edinýän döwlet syýasatyny işläp taýýarlan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Edepgeldi ÝAZYÝEW,
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi iýmit önümleriniň bakteriologiýa barlagy bölümçesiniň laboranty.