Häzirki bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň sungatymyzyň ähli ugurlarynda türkmeniň halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegiň zerurdygy baradaky tabşyryklarynyň metbugat, radio, telewideniýe arkaly günübirin dowam etdirilýändigi her bir sungat işgärinde çuňňur kanagatlanma döredýär.

Bu me­se­le­de öz ady­ny türk­me­niň dö­re­di­ji­lik äle­mi­ne öç­mez harp­lar bi­len ýa­zyp gi­den şah­sy­ýet­le­riň us­sat­lyk­la­ry ha­kyn­da ýa­zyp, ola­ry hal­kyň dyk­ga­ty­na hö­dür­le­mek hem mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Ha­çan-da, “Za­man-Türk­me­nis­tan” ga­ze­ti­niň iş­gär­le­ri ma­ňa us­sat sa­zan­da hem-de di­riž­ýor, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Hal­ka­ra baý­ra­gy­nyň eýe­si, us­sat gy­jak­çy An­na­gel­di Jül­gä­ýew bi­len bag­la­ny­şyk­ly öz ga­zet­le­ri üçin ma­ka­la ýaz­ma­gy­my ha­ýyş edip, ýüz tu­tan­la­ryn­da giz­läp dur­ma­ýyn, bi­raz al­jy­ra­ja­gam bol­dum. Çün­ki, is­len­dik us­sa­dyň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si­ne iç­gin ara­laş­mak üçin il­ki onuň ge­çen dur­muş ýo­lu­ny iç­gin­den-iç­gin öw­ren­me­giň, dö­re­di­ji­li­gi­ne süň­ňüň bi­len si­ňip, ony köp­ta­rap­la­ýyn öz­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy-da ma­ňa öň­den aýan­dy.
Ýö­ne bu me­se­lede öň me­niň tu­tuş öm­rü­me sa­pak edin­me­li bir wa­ka-da bo­lup ge­çip­di. Şo­ny ýat­la­dym. 1980-nji ýyl­la­ryň aýak­la­ryn­da men türk­me­niň us­sat sa­zan­da­sy Pür­li Sa­ry­ýew bi­len bag­la­ny­şyk­ly gep­le­şik taý­ýar­lap, Türk­men ra­dio­sy­nyň re­dak­si­ýa­sy­na el­tip­dim. Ra­dio­nyň saz re­dak­to­ry­ny go­wy ta­na­ýar­dym, ol me­ni uly hor­mat bi­len gar­şy­la­nyn­dan soň­ra ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da ma­ňa şeý­le so­wal bi­len ýüz­len­di: “Sen, bu ýaz­gy­la­ryň­da Pür­li aga­nyň saz çal­mak­da ýe­ten be­ýik de­re­je­si­ni be­ýan edip bi­len­di­rin öýd­ýär­miň?!” Men beý­le jo­gap­kär­li işiň en­tek-en­täk­ler ma­ňa ba­şart­ma­ja­gy­ny bo­ýun ala­nym­da, ol: “Eger-de, us­sa­dy ýe­ten de­re­je­sin­de be­ýan edip bil­me­jek bol­saň, oňa ýüz­len­me­giň ze­rur­ly­gy bar­my­dyr?! On­so­ňam, ady hal­kyň aňy­na ömür­lik siňen us­sat ha­kyn­da ýaz­jak bol­saň, özüň saz ug­run­dan şol us­sa­dyň ýe­ten de­re­je­si­niň ýa­ry­my­na, iň bol­man­da, üç­den bi­ri­ne ýet­me­li ahy­ryn. Şeý­le däl­mi?!”- di­ýip, ýü­zü­me köp ma­ny­ly se­re­dip­di. Men onuň aý­dan­la­ry bi­len yla­la­şyp, ýaz­gy­la­ry­my yzy­na al­mak­çy bol­dum. Ýö­ne ol nä­me ü­çin­dir ýaz­gy­la­ry­my yzy­na ber­me­di. Bir­nä­çe gün­den soň­ra şol saz re­dak­to­ry­nyň en­çe­me dü­ze­diş­ gi­riz­me­gin­de şol taý­ýar­lan gep­le­şi­gim ýaýlymda ýaň­la­nyp­dy.
Şol ma­hal­lar ök­de sa­zan­da bol­ma­sam-da, ba­şar­dy­gym­dan ha­ly­pam Ba­ky Ma­şa­gyň sun­ga­ty­ny do­wam et­di­rip, gar­gy tüý­dük­de saz ça­ly­bam ýör­düm. Ha­wa, şu wa­ka­dan soň­ra ýe­ne-de en­çe­me ýyl­lap gar­gy tüý­dük bi­len gi­di­şip, ýaş sa­zan­da­la­ra sa­pak be­rip, saz sun­ga­ty ug­run­dan yl­my iş ýa­zyp, de­re­je alyp, şol ha­ly­pa saz re­dak­to­ry­nyň saz çal­mak, dö­ret­mek, eser ýaz­mak… ba­ra­da­ky aý­dan­la­ry­nyň aň­ry­ýa­ny bi­len dog­ru­dy­gy­na göz ýe­tir­dim.
An­na­gel­di ha­ly­pa ba­ra­da bu ma­ka­la­ny ýaz­ma­ga gi­riş­me­gi­me-de, bi­ri us­sat gy­jak­çy­ny ta­na­ýan bol­sa, me­ni­ňem ta­na­ýan­ly­gym, oňa da­hyl­ly bo­lan wa­ka­la­ra köp ge­zek­ şa­ýat bo­lan­dy­gym kö­mek eden bol­sa ge­rek.
Ma­ňa us­sat sa­zan­da, ha­ly­pa mu­gal­lym, di­riž­ýor, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Beg­my­rat Gut­ly­my­ra­dow bi­len An­na­gel­di aga­nyň öýün­de en­çe­me ge­zek­ myh­man­çy­lyk­da bo­lup, saz ça­lyş­mak, Sa­ry bag­şy, No­bat bag­şy, Myl­ly Täç­my­rat, Pür­li Sa­ry, Oraz Sa­ry, Mag­tym­gu­ly Gar­ly, Sa­par Be­ki, Sa­hy Jep­bar, Gir­man bag­şy, Ça­ry Täç­mäm­met, Oraz­gel­di Yl­ýas, Mä­ne Ga­ra ýa­ly us­sat bag­şy-sa­zan­da­la­ry­my­zyň ge­çen ýol­la­ry hak­da uzak gi­je­läp söh­bet gu­rap otur­mak mi­ýes­ser edip­di. Mer­da­na hal­ky­my­zyň “It-ata, är-da­ýa” di­ýen na­ky­ly aň­ry­ýa­ny bi­len dog­ry eken.Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, uly ha­ly­pa­lar Pür­li Sa­ry, Oraz Sa­ry, Ata Gut­ly­my­rat An­na­gel­di aga­nyň da­ýy­la­ry­dyr.
Ata mu­gal­lym en­çe­me ýyl­la­ryň do­wa­myn­da me­niň üçin hem ha­ly­pa, hem-de aga-ini ýa­ly ýa­kyn adam­dy. Onuň bi­len my­da­ma duz-çö­rek­li gat­na­şar­dym. Şo­nuň üs­ti bi­len tu­tuş Sa­ry bag­şy­nyň maş­ga­la­sy­na de­giş­li adam­la­ryň hem­me­si­ni di­ýen ýa­ly ýa­kyn­dan ta­na­dym.
Men paý­tag­ty­my­zyň Da­ňa­tar Öwe­zow adyn­da­ky ýö­ri­te saz­çy­lyk mek­de­bin­de iş­län ýyl­la­rym­da esa­sy işi­miň da­şyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti An­na­gel­di aga­nyň ýol­baş­çy­lyk eden Pür­li Sa­ry­ýe­wiň ady­ny gö­ter­ýän döw­let or­kest­rin­de iş­läp­dim. An­na­gel­di aga­nyň özi-de bu esa­sy işi­niň da­şyn­dan me­niň iş­le­ýän ýe­rim­de gel­jek­ki gy­jak­çy sa­zan­da­la­ra tä­lim be­rip­di.
Ol özü­niň us­sat sa­zan­da­ly­gy­na ga­ra­maz­dan, ýo­kar­da ady ag­za­lan saz­çy­lyk mek­de­bi­ne ge­lip: “Da­ýy jan, ha­ny, şu saz­la­ry diň­le­se­ne, ni­re­si bol­ýar, ni­re­si­ni ka­kuş-ku­kuş et­me­li­di­gi­ni aýt! ” di­ýer­di-de, te­le­wi­de­ni­ýe­de ýa-da ra­dio­da çal­jak saz­la­ry­ny Ata mu­gal­ly­ma ça­lyp be­rýär­di. Edi­len bel­lik­le­ri dog­ry ka­bul eder­di-de, şol sa­zy gör­ke­zi­li­şi ýa­ly ça­lýar­dy.
Onuň şeý­le et­me­gi­niň öz se­bä­bi bar eken. Edil men­de bol­şy ýa­ly, ha­ly­pa­ňam dur­mu­şyn­da özi üçin ömür­lik sa­pak bo­lan bir wa­ka bo­lup ge­çip­dir. An­na­gel­di aga bir ge­zek ra­dio­da gy­jak saz gu­ra­lyn­da ça­lyn­ýan “Ba­tyr ka­ro­wy” gö­ni ýaýlymda ça­lyp­dyr. Pür­li aga­nyň öýün­de my­da­ma açyk dur­ýan ra­dio­syn­da her sa­par eşit­di­ril­ýän saz­la­ry diň­län­di­gin­den ha­bar­ly An­na­gel­di “Ba­tyr ka­ro­wy” ça­l­şy ba­ra­da pi­ki­ri­ni bil­mek üçin da­ýy­la­ry­na ba­ryp­dyr.
Pür­li aga ýe­ge­ni­niň öz ýa­ny­na gelenine ün­sem ber­män, elin­dä­ki ga­ze­ti oka­ma­gy­ny do­wam edip, es­li wagt­lap otu­ryp­dyr. Soň­ra An­na­gel­dä ýüz­le­nip: “Ýe­gen! Ýa­ňy “Ba­tyr ka­ro­wy” ça­lan bo­laý­dyň­my?! In­di da­gy-du­wa­ra ony ça­la­ny­ňy eşit­mä­ýin!” di­ýen eke­ni. Saz sun­ga­ty­na ge­zek ge­len­de örän ta­lap­kär Pür­li aga­nyň şeý­le kes­git­li söz­le­ri­ni aý­dan­dy­gy­ny An­na­gel­di aga­nyň ag­zyn­dan köp ge­zek­ eşit­mek ma­ňa mi­ýes­ser edip­di.
An­na­gel­di aga­nyň dur­mu­şyn­da iki sa­ny ýag­da­ýyň my­da­ma­lyk hemrasy bo­lan­dy­gy – bir-ä gy­ja­gy­ny bir gü­nem elin­den dü­şür­män­di­gi, bi­rem ha­la öýün­de bol­sun, ha­la-da sa­par­da bo­lan gün­le­rin­de ir bi­len azyn­dan iki sa­gat­lap sport bi­len meş­gul­la­nan­dy­gy haý­ran gal­dyr­ýar. Hut şeý­le ez­ber­di­gi üçi­nem türk­me­niň saz äle­min­de gy­jak üçin ýö­ri­te dö­re­di­len saz eser­le­ri­niň il­kin­ji ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­si-de, esa­san, An­na­gel­di ha­ly­pa bo­lup­dy.
Halk saz gu­ral­la­ry or­kest­ri­ne ni­ýet­läp dö­re­den sýü­ta­sy, türk­men go­pu­zy we halk saz gu­ral­la­ry or­kest­ri üçin dö­re­den pýes­sa­sy, gy­jak hem-de for­te­pia­no we halk saz gu­ral­la­ry or­kest­ri bi­len ça­lyn­ýan ba­ryp-ha, 1957-nji ýyl­da dö­re­di­lip, uly baý­ra­ga my­na­syp bo­lan meş­hur “Ýaş­la­ra sa­lam!” ese­ri, “Türk­men ýaş­la­ry­nyň mil­li mar­şy”, “Ga­raş­ýan”, “Jan, Aş­ga­bat” aý­dym­la­ry An­na­gel­di ha­ly­pa­nyň uly us­sat­lyk de­re­je­si­ne ýe­ten­di­gi­ne anyk şa­ýat­lyk ed­ýär­di.
Ol en­çe­me sa­zan­dar­la­ryň ha­ty­ra­ly ha­ly­pa­sy­dy. Hä­zir­ki bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de gy­jak ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­lik sun­ga­ty­ny us­sat­lyk bi­len do­wam ed­ýän, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ha­ly­pa mu­gal­ly­my Mu­ham­met­dur­dy Mu­ham­met­ny­ýa­zow, Da­ňa­tar Öwe­zow adyn­da­ky Türk­men döw­let ýö­ri­te saz­çy­lyk mek­de­bi­niň ha­ly­pa mu­gal­ly­my, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan me­de­ni­ýet iş­gä­ri Gur­ban­dur­dy Ra­hy­mow, ara­myz­dan ir gi­den gy­jak­çy Nur­my­rat Ba­ba­ýew da­gy uly us­sat­dan tä­lim alyp­dy­lar.
1929-njy ýyl­da Bä­her­den et­ra­by­nyň Yma­rat oba­syn­da dün­ýä inen An­na­gel­di ha­ly­pa­nyň saz sun­ga­ty­ny hü­när edip, saý­la­ma­gy tö­tän­lik däl­dir. Ol meş­hur Sa­ry bag­şy­nyň ag­ty­gy we at­la­ry türk­men halk saz sun­ga­tyn­da uly hor­mat bi­len tu­tul­ýan Pür­li, Oraz we Ata Gutlymyrat ýa­ly us­sat gy­jak­çy sa­zan­da­la­ryň ýe­ge­ni­dir. Ça­ga­ly­gyn­dan aý­dym-saz sun­ga­ty­na bo­lan hö­we­si ony 1942-nji ýyl­da Pür­li Sa­ry­ýe­wiň ady­ny gö­te­ren halk saz gu­ral­la­ry or­kest­ri­ne ge­ti­rip­dir. 1951-1954-nji ýyl­lar­da ol hä­zir­ki Da­ňa­tar Öwe­zow adyn­da­ky Türk­men döw­let ýö­ri­te saz­çy­lyk mek­de­bi­niň ho­ruň di­riž­ýo­ry­ny taý­ýar­la­ýan bö­lü­min­de tä­lim alyp­dyr. Türk­men saz sun­ga­ty­ny ös­dür­mek­de bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin ha­ly­pa 1957-nji ýyl­da “Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti” di­ýen hor­mat­ly at be­ril­ýär.
Halk saz gu­ral­la­ry or­kest­rin­de dün­ýä de­re­je­li eser­le­ri us­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge bo­lan uly hö­we­si ony 1966-njy ýyl­da Mosk­wa­nyň us­sat sa­zan­da N.Osi­po­wyň ady­ny gö­ter­ýän Halk saz gu­ral­la­ry or­kest­ri­ne ge­tir­ýär. Bu ýer­de ol il­ki as­pi­rant-sta­žor, soň­ra bu saz to­pa­ryn­da di­riž­ýo­ryň as­sis­ten­ti we­zi­pe­le­ri­ni alyp ba­ryp­dyr.
Us­sat sa­zan­da An­na­gel­di Jül­gä­ýe­wiň türk­men gy­ja­gyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren dür­li gör­nüş­dä­ki saz­lary ABŞ, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy, Ita­li­ýa, Hin­dis­tan, Fran­si­ýa, In­do­ne­zi­ýa, Eý­ran, Weng­ri­ýa, Tür­ki­ýe, Mon­go­li­ýa, Ow­ga­nys­tan, Şwe­si­ýa ýa­ly en­çe­me döw­let­le­riň uly to­ma­şa zal­la­ryn­da ýaň­lan­dy. Bu ýurt­la­ryň ta­lap­kär diň­leý­ji­le­ri ýö­ne­keý­je türk­men gy­ja­gyn­da dün­ýä bel­li kom­po­zi­tor­la­ryň meş­hur saz­la­ry­ny ýaň­lan­dy­ryp bol­ýan­dy­gy­na haý­ran ga­lyp­dy­lar. Onuň re­per­tua­ry­ny bol­sa, türk­men saz­la­ry bi­len bir ha­tar­da, P.Çaý­kows­kiý, Wi­wal­di, Ri­ding, Spen­dia­row, Ha­ça­tur­ýan ki­min dün­ýä bel­li aw­tor­la­ryň eser­le­ri be­ze­ýär­di. En­çe­me da­şa­ry ýurt­ly saz­şy­nas­lar öz wag­tyn­da An­na­gel­di ha­ly­pa­nyň us­sat­ly­gy­na uly ba­ha be­rip­di­ler.
An­na­gel­di ha­ly­pa 1981-nji ýyl­da “Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti” di­ýen be­lent at da­ky­lyp­dy. Ol türk­men saz sun­ga­tyn­da­ky bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin 1999-njy ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Hal­ka­ra baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lup­dy. Soň­ky ýyl­lar­da ol “Al­tyn asyr” or­de­ni, “Wa­ta­na bo­lan söý­gü­si üçin”, “Ga­raş­syz­ly­gyň 20 ýyl­ly­gy”, “Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy” me­dal­la­ry bi­len sy­lag­la­nyp­dy.
Şu gün­ki Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýa­şa­ýan bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­za, aý­ra­ty­nam saz sun­ga­ty­nyň muş­dak­la­ry­na us­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len saz­la­ryň ýüz­ler­çe­si go­laý­da 90 ýa­şyn­da ara­myz­dan gi­den An­na­gel­di ha­ly­pa­dan mü­di­mi­lik mi­ras gal­dy.
Ta­ny­mal us­sa­dyň mer­da­na hal­ky­my­zyň öňün­de bi­ti­ren hyz­mat­la­ry­nyň gym­ma­ty-da, be­lent­li­gi-de şun­da­dyr.

Ça­ry­ýar Ju­ma­ýew,
Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti, sun­ga­ty öw­re­niş ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty, Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň uly mu­gal­ly­my.