Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gadymy döwürlerden bäri siwilizasiýanyň merkezi hökmünde şöhratlanyp gelen Türkmenistanyň çäklerindäki umumadamzat gymmatlygy bolan medeni-taryhy ýadygärlikler gaýtadan öwrenilýär.
Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyna taryhymyz baradaky ajaýyp maglumatlary, rowaýatlary hem-de ylmy garaýyşlary özünde jemleýän “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyny peşgeş berdi. Milli Liderimiziň bu kitaby ýaş nesli Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, türkmen halkynyň geçmişine bolan buýsanjyny, taryhyna bolan guwanjyny artdyrmakda, milli däp-dessurlarymyz baradaky düşünjelerini baýlaşdyrmakda gymmatly çeşmedir. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda türkmen arhitektorlary tarapyndan bina edilen birnäçe meşhur ýadygärlikler, olar bilen baglanyşykly dilden-dile geçip gelen rowaýatlar hakynda giňişleýin hem gyzykly gürrüň berilýär.
Mälim bolşy ýaly, Horezmşalaryň watany hökmünde şöhratlanyp gelen gadymy Köneürgenjiň Könewas, Yzmykşir, Şamaha, Diýarbekir gala, Şirwangala, Çardarygala, Gyzyljagala ýaly birnäçe taryhy ýerleri bolupdyr. Bu taryhy ýerleriň biri-de ady nesilden-nesle geçip gelýän Döwkesen galasydyr. “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda üstünden niçeme asyrlaryň ýel-ýagmyryny ötüren bu gala hakynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Bu babatda kitapda şeýle diýilýär: “Bu sebitiň demirgazyk çetinde Döwkesen şäheri bar. Onuň gala diwarlary hem-de binalary Üstýurt tekizliginiň üç sany eňňit ýerinde gurlup, bu ýerden ýokary galyp, howalanyp görünýär. Oňa “Arwahlaryň kesen galasy” – Döwkesen diýilýär. Bu gadymy ilatly ýeriň taryhy has ir döwürlerden, biziň eýýamymyzdan öňki VI-III asyrlardan başlanýar, alymlar onuň Wezir şäheri bolandygy hakynda belläp geçýärler. Bu şäheriň kuwwatly içki galasy hem-de ybadathanasy bolup, ol orta asyrlarda hem ýaşapdyr”.
Döwkesen iki galadan ybarat bolup, biri belentde, beýlekisi pesde ýerleşýär. Bu galalaryň arasyny dagyň kesip geçýändigi diýseň täsindir.
Galanyň günorta-günbatarynda gadymy döwürlerde seýil bagy ýerleşipdir we ol çig kerpiçden bina edilen küňreli Erkgala, ýagny kiçi gala bilen özara täsin bir sazlaşygy emele getiripdir.
Döwkeseniň ýokarky galasy bejerilmedik daşdan uzyn gönüburçluk görnüşinde saklanypdyr. Onuň köp küňresi we çylşyrymly girelgesi bolupdyr. Galanyň daşynda, ýapynyň ýüzünde berkitme hökmünde garym gazylypdyr. Içinde bolsa giçki orta asyrlara degişli jaýlaryň galyndysy saklanyp galypdyr.
Ikinji gala ýokarky galanyň gabat aşak eteginde uçut gaýa has golaý bolup, uzyn gönüburçluk görnüşinde çig kerpiçden bina edilipdir. Uzak ýyllaryň dowamynda galadan palçykdan ýasalan köp sanly gap-gaçlar tapylypdyr. Alymlar bu galany XVI-XVII asyrlarda Horezmiň özbaşdak günbatar hanlygynyň merkezi bolandygyny belleýärler.
Galanyň golaýynda Amyderýanyň çep goly bolan Derýalyk hemişe dolup-daşyp akypdyr. Bu bolsa, galanyň suw bilen üpjün edilmegine ýardam edipdir.
Döwkesen galasy bilen baglanyşykly dürli maglumatlar bar. Ol maglumatlar halk dilinden ýazuwly edebiýata we taryhy ýazgylara geçirilipdir. Şeýle rowaýatlar hakynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda şeýle diýilýär: “Şäheriň köne sudurynda tekizligiň iň çetinde uly şäher ybadathana metjidiniň galyndylary saklanypdyr. Onuň ýanynda hem iki sany aramgäh bar. Olaryň gurulmagyny meşhur Perhat bilen Şiriniň atlary arkaly baglanyşdyrýarlar. Rowaýatlaryň birinde Derýalyk hem-de Sarygamyş çäklerinde, Amyderýanyň gadymy hanasynyň ugrunda ir zamanlarda kuwwatly Edhem şanyň hökümdarlyk edendigi gürrüň berilýär”.
Kitapda beýan edilişine görä, Edhem şanyň görmegeý gyzy bar eken. Şirin atly ol owadan gyza daş ýonujy Perhat diýen ýigit aşyk bolupdyr. Gyz hem ol ýigidi söýüpdir. Patyşa gyzyny daş ýonuja çykarmak islemändir. Emma garşy bolup, gyzynyň göwnüne degmegi-de islemändir. Şeýlelikde, Edhem şa Üstýurt gaýalarynyň eňňidinde uly ýap gazyp, ýokarsyna berkitme guran adama gyzyny berjekdigini yglan edipdir. Perhat başarjaň ýigit bolsa-da, bu işiň hötdesinden gelip bilmejegini bilipdir we Şirin bu işiň başga bir ýoluny tapypdyr. Ýagny, Perhat gündizine bir özi işlese, gijesine Şiriniň müň sany guly ol ýerde işläpdir. Gala taýýar bolansoň, Edhem şa onuň bir adamyň zähmeti däldigini duýýar hem-de hilä ýüz urup, gije özüniň müň sany guluna ýabyň bir ýerini gazdyryp, çuňaltdyrýar. Irden bolsa, gyzyna şeýle diýýär: “Ine, görşüň ýaly, Perhat şu gün ol ýerde işlemedi, jar welin, gazylypdyr. Muny döw gazdy. Ol bizi aldaýar. Sen oňa durmuşa çykmarsyň, Perhat şondan soň, gussadan hem-de agyr hasratdan ýaňa aradan çykýar. Ol gala bolsa, “Döwüň kesen galasy – Döwkesen” diýen at galypdyr”.
Hawa, bu gadymy ýadygärlik adamzadyň köp ýyllyk ösen medeniýetiniň bolandygyna güwä geçýär. Bu taryhy gymmatlyklar ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda milli binagärlik sungatyndan ýeterlik baş çykaryp, heňňamlara şaýat boljak gymmatlyklary döredendigine şaýatlyk edýär.
Goý, şunuň ýaly ajaýyp kitaplary halkymyza peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Aknabat ÇOŞŞYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.