Beýik Ýüpek ýoly asyrlarboýy dünýäniň dürli medeniýetlerini, halklaryny biri-biri bilen ysnyşdyryp, medeni sazlaşyga, işjeň duşuşyklaryň we gepleşikleriň dowam etmegine giň mümkinçilikler döreden halkara söwda ýoly bolmak bilen bir hatarda, Aziýadaky syýasy we medeni täzelikleriň, oýlap tapyşlaryň Ýewropa döwletleri tarapyndan öwrenilmeginde, şol sanda Aziýanyň hem Ýewropanyň täzeliklerinden habarly bolmagynda köpri bolup hyzmat edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ady ilkinji gezek Marko Polo tarapyndan 1877-nji ýylda ulanylyp başlanýar. Bu halkara söwda ýoluna şeýle adyň berilmegi esasy söwda harydynyň ýüpek bolanlygydyr. Beýik Ýüpek ýolunyň başlangyjy hytaý syýahatçysy we serkerdesi Çžan Szýan bilen baglanyşyklydyr. 140-njy ýylda Hytaý imperatory Wuti (142–187) täze bazar ýerlerini açmak maksady bilen Çžan Szýany Merkezi Aziýa iberýär. Netijede, yzyna dolanyp gelen Çžan Szýan imperatora beren hasabatynda gören ýerleriniň baýlyklary we syýasy ýagdaýy barada, aýratyn hem, Merkezi Aziýadaky 36 şäher döwleti barada maglumat berýär.
Gadymy we orta asyrlarda Hytaýdan başlap, Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda gatnaw bolup hyzmat eden bu halkara söwda ýolunyň gury ýer gatnaw şahalary bilen bir hatarda deňiz ýoly gatnaw şahalarynyň hem bolandygyny bellemek gerek. Esasy gatnaw şahasy Hytaýdan başlap, Merkezi Aziýa we Eýranyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna uzalypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň mundan başga-da birnäçe şahalary bolup, olar dünýäniň dürli künjegine uzapdyr. Olaryň biri Owganystanyň üsti bilen Hindistana giden bolsa, beýlekisi Wolga derýasynyň üsti bilen Gündogar Ýewropa ýurtlaryna gidipdir. Beýik Ýüpek ýoly arkaly Hytaýyň, Hindistanyň şol sanda Merkezi Aziýanyň harytlary Alynky Aziýa ülkelerine, Ortaýer deňziniň kenaryndaky Ýewropa ýurtlaryna, Müsüre, Nowgorod, Moskwa ýaly gadymy rus şäherlerine baryp ýetipdir.
Geografik açyşlaryň netijesinde, Ýewropadan Hindistana we Hytaýa deňiz ýollarynyň açylmagy bilen Beýik Ýüpek ýolunyň gury ýer gatnaw ýollary öz ähmiýetini ýitirip başlapdyr we wagtyň geçmegi bilen bu halkara söwda ýolunyň gatnawy gutarnykly kesilipdir. Häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýeti göz öňünde tutulyp, bu halkara söwda ýoluny dikeltmek babatda möhüm işler amala aşyrylýar. Bu ýoldan gadymyýetde üsti ýükli düýeli kerwenler gatnan bolsa, häzirki zamanda bu söwda ýoly gara ýollardyr demir ýollaryň we howa ýollaryň üsti bilen gaýtadan dikeldilýär.
Geçen ýylyň başlarynda öz çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň şahalary geçýän döwletleriň birnäçesi bu gymmatly mirasy ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky Bütindünýä mirasynyň bir bölegi hökmünde ykrar etmek baradaky meseläni orta atdylar we bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar. Merkezi Aziýa döwletlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky taryhy-medeni gymmatlyklary dikeltmek, abatlamak, gorap saklamak işleri ýaýbaňlandyrylýar.
Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň asyl durkuny üýtgetmän, onuň asyl nusgasyny täze, döwrebap görnüşde dikeldýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyryp, goňşy Özbegistan Respublikasy bilen ykdysady-söwda aragatnaşygyny giň möçberde ösdürmegiň täze binýadyny goýdy. 2017-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda döwrebap ulag düzüminiň möhüm desgalary bolan Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat – Farap demir ýol we awtomobil köprüleri dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Ak şäherimiz Aşgabatda 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň guramagynda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň yzysüre, 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda Ymamnazar demir ýol bekedinde Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyry, geljekde sebit ulgamynyň “altyn halkasyna” öwrüljek Kerki – Ymamnazar – Akina ulag geçelgesiniň türkmen böleginiň ulanylmaga berilmegi ýokardaky aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Dünýäniň uly çölüni kesip geçýän Aşgabat – Garagum – Daşoguz aralygyndaky ulag ýoly, Türkmenbaşy – Aşgabat – Farap awtomobil ýoly, Gazagystan-Türkmenistan–Eýran transmilli demir ýoly, bular indi birnäçe ýyl bäri ýurdumyzyň ulag infrastrukturasynyň esasy düzümleriniň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby gadymy şan-şöhratly Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýetini açyp görkezmek bilen, adamzady birleşdirýän bu taryhy ýoly täzeçe dowam etdirmegiň nusgasynyň ulag infrastrukturasy boýunça geljekki ählumumy ösüşleri gazanmagyň baş şerti bolup durýandygyny ündeýär.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýakyn geljek üçin kesgitlenen esasy wezipeleriň hatarynda dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak hem-de “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlarynda gatnawlary we çatryklary baglanyşdyrýan baş ýollar boýunça düzümleriň has-da giňeldilmegi ýaly wezipeler bar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň kemala getirilmegi Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek maksatlaryny amala aşyrmakda hem-de Ýewraziýanyň iki ykdysady giňişliklerini birleşdirmek babatda uly ähmiýete eýedir. Bu taslama Günorta we Gündogar ugurlaryny Hytaýa çykarmak bilen Hindistany, Pakistany, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň hem-de Ýakyn Gündogar ýurtlaryny halkara ulag ulgamyna birikdirmek mümkinçiligini hem göz öňünde tutýar.
Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ulag we aragatnaşyk ulgamynda durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalar täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýoly arkaly halklary ýakynlaşdyrýar hem-de dostluk-doganlyk ýollaryna öwrülýär. Halkara başlangyçlary bilen ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny has-da belende galdyrýan, ähli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlygyň berk binýadyny düzýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, alyp barýan döwletli işleriniň mydama rowaç bolma-gyny arzuw edýäris!
Begençdurdy Gurbanow,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Jemgyýeti
öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.